• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • KELLEAGYRY NÄME ÜÇIN DÖREÝÄR WE NÄDIP ÖŇÜNI ALMALY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KELLEAGYRY NÄME ÜÇIN DÖREÝÄR WE NÄDIP ÖŇÜNI ALMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

kelleagyry name ucin doreyarEsasy faktlar:

↪ Kelleagyry nerw ulgamynyň iň köp duş gelýän bozulmalarynyň biridir;

↪ Yzygiderli döreýän kelleagyry adamlara we jemgyýetlere agyry, maýyplyk, pes durmuş hili we ykdysady taýdan agyr ýük salýar;

↪ Dünýäde adamlaryň diňe az sanlysyna kelleagyry bozulmalary üçin dogry diagnoz we dogry bejergi berilýär;

↪ Dünýäniň ähli ýerinde kelleagyrylaryň möçberi we täsiri ýeterlikli ölçenilmän gelinýär.

Kelleagyry näme?

Kelleagyry bozulmalary gaýtalanýan kelle agyrylary bilen häsiýetlendirilip, dünýäde nerw bozulmalarynyň iň köp duş gelýänleriniň biridir. Kelleagyrynyň esasy görnüşlerine migren (çakyza), dartgynlylyk-tipli kelleagyry we klaster kelleagyry degişlidir. Şeýle-de, kelleagyry ençeme ýagdaýlaryň ýan täsiri hökmünde hem döräp bilýär (meselem, derman serişdesini aşa ulanmak). Kelleagyrylar, esasan-da migren çagalarda we ýetginjeklerde hem ýüze çykyp, olaryň okuwa, sporta we beýleki gurnaklara ýetişigine zyýanly täsir edip bilýär.

Kellagyrylaryň esasy görnüşleri

Migrenler, dartgynlylyk-tipli kelleagyrylar, klaster kelleagyrylar we derman serişdesini aşa ulanmak netijesinde döreýän kelleagyrylar dünýä ilatynda iň ýygy duş gelip, iň uly möçberlerde maýyplyga we näsaglyga sebäp bolýarlar.

Migren

Migren köplenç ömürboýy dowam edýän we yzygiderli döräp durýan kelleagyrydyr. Ol her gezek ýüze çykanda 4-72 sagada çenli dowam edip bilýär we ýürek bulanma, gaýtarma we/ýa-da sese we ýagtylyga bolan duýgurlyk ýaly alamatlary hem öz ýany bilen getirýär.

Migren köplenç ýetginjeklik döwründe başlaýar we adatça 35-45 ýaş aralygyndaky adamlara köp täsir edýär. Ol aýallarda has ýygy ýüze çykyp, munuň gormonlar sebäpli bolmagy çak edilýär. Çagalaryň migreni köplenç az wagtlyk dowam edýär we olaryň garnynda biynjalyklyklara syn edilýär.

Migreniň anyk sebäbi häzire çenli bilinmeýär, emma oňa nerwleriň we kelledäki gan damarlarynyň töwereginde agyry dörediji alawlaýjy maddalaryň bölünip çykmagynyň sebäp bolýan bolmagy güman edilýär. Alkogol, uky bozulmalary we käbir iýmitler migreniň döremegine ýol açyp bilýärler. Migrende köplenç:

↪ kelläniň bir tarapynda ýa-da gözüň arkasynda zorkuldaýjy agyry döreýär;

↪ agyrylar orta ýa-da güýçli ýitilikde bolýar;

↪ gündelik hereketleri etmek bilen beterleşýär;

↪ dowamlylygy birnäçe sagada ýa-da güne çekip bilýär;

↪ ýagtylyga we sese duýgurlyk artýar we

↪ ýürek bulanma döreýär.

Dartgynlylyk-tipli kelleagyry

Dartgynlylyk-tipli kelleagyry köplenç kelläniň daşyndan aýlanan halka görnüşindäki basyş ýa-da gysylma görnüşinde häsiýetlendirilýär. Bu agyry käte boýna hem ýaýraýar. Bu kelleagyrynyň stres ýa-da boýnuň myşsa we süňk meseleleri bilen baglanyşykly bolmagy çaklanylýar. Bu görnüşli kelleagyry hem adatça ýetginjeklik döwründe başlap, erkeklere garanyňda aýallara 50% köp täsir edýär. Bir aýda 15 günden az wagtyň içinde gaýtalanyp durýan kelleagyry käbir ilatyň 70%-de syn edilýär. Her kelleagyry hadysasy birnäçe sagatdan birnäçe güne çenli dowam edip bilýär.

Klaster kelleagyry

Klaster kelleagyry günde birnäçe gezek bolup geçiji, bir gözüň içinde ýa-da töwereginde has güýçli duýulýan we gözi ýaşardýan ýa-da gyzardýan ýiti kelleagyrydyr. Agyryly tarapdaky burun deşigi köplenç akýar ýa-da dykylýar hem-de gözüň gabagy sallanyp bilýär.

Bu görnüşli kelleagyry her 1000 adamyň birinden hem az sanlysyna täsir edip, hususan 20 ýaşdan uly erkeklerde syn edilýär. Klaster kelleagyrysy hem seýrek ýa-da ýygy gaýtalanýan görnüşlerde bolup bilýär.

Derman serişdesini aşa ulanmak netijesinde döreýän kelleagyry

Bu görnüşli kelleagyry, adyndan belli bolşy ýaly, kelleagyry üçin ulanylýan dermanlary aşa köp kabul etmek netijesinde ýüze çykýar. Bu käbir ilatlaryň 5%-e çenli bölegine täsir edip, aýallarda has ýygy ýüze çykýar. Beýle kelleagyrylar hem ýygy döräp, ýiti, iriziji we adamyň oýa wagtlary has güýçli bolýar.

Sosial we ykdysady zyýanlary

Migrenler we beýleki görnüşli kelleagyrylar adamlaryň işleýiş ukybyna we adamlar bilen aragatnaşyklaryna täsir edip bilýär. Kelleagyry sebäpli işe ukypsyzlyk adamlaryň karýerasyna, howpsuzlygyna, maddy durnuklylygyna, ýakyn gatnaşyklaryna we psihiki saglygyna zyýan berip bilýär. Şeýle-de, bu ýagdaý kompaniýalary we jemgyýetleri ykdysady kynçylyga sezewar edýär.

Bejergisi

Kelleagyrylardan ejir çekýänleriň köpüsi netijeli diagnoz we bejergi almaýarlar. Çünki kelleagyryny dogry anyklamak we bejermek saglyk işgärleriniň ýokary hilli bilimliligini, bu bozulmanyň kabul edilmegini, amatly bejergi usullarynyň saýlanylmagyny, ýönekeý ýaşaýyş üýtgeşmeleriniň girizilmegini we näsaglaryň hem habardarlygyny talap edýär.

Kelleagyry üçin ulanylýan esasy dermanlar analgetikleri, antiemetikleri, ýörite anti-migren serişdelerini we öňüni alyş dermanlary öz içine alýar. Migren kelleagyrylarynyň öňüni almak üçin, olaryň ilkinji alamatlary başlanda (meselem, gözleriň bulaşmagy) analgetikleri içmek maslahat berilýär.

Adamlara derman serişdeleri bilen bagly kelleagyrylar barada düşündirmek, migreni oýandyryp bilýän zatlar hem-de ýaşaýyş üýtgeşmelerini ornaşdyrmak barada bilim bermek oňaýly netijeleri berýär. Alkogoly azaltmak ýa-da taşlamak, gowy uky almak, fiziki hereket etmek, dogry iýmitlenmek, ýeterlik suw içmek we kelleagyryny dörediji sebäpleri anyklamak ýaly ýönekeý endikler köplenç kelleagyrylaryň öňüni almak ýa-da adama salýan ýüküni ýeňletmek üçin ýeterlikdir.

Çeşme

  • 42 gezek okalan