ADATY SOWUKLAMADAN AÇYLMAGA HAÝSY SERIŞDELER KÖMEK EDÝÄR? LUKMANLAR: KÖPÜSI KÖMEK ETMEÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Adaty sowuklamaadaty sowuklamadan acylmaga ýa-da dümew üçin derman gözläniňizde dykylan burny açmagy, burnuň akmasyny duruzmagy we üsgülewügi aýyrmagy wada edýän birnäçe serişdelere duş gelip bilersiňiz.

Emma, lukmanlar şol dermanlaryň sowuklamany bejerýändigi barada ylmy subutnamalaryň ýetersizdigini aýdýarlar.

"Adaty sowuklamany netijeli bejerýän serişdeler az. Bar bolan serişdeleriň köpüsinde, ýagny antigistamin serişdelerinde, çişmäni, üsgülewügi ýok edýän dermanlaryň hiç birinde üsgülewük ýa-da sowuklama alamatlaryny gowulaşdyrmakda örän täsirlidigi barada subutnamalar ýok" – diýip Stanford uniwersitetinden kliniki dosent Lauren Eggert belleýär.

↪ Köp dermanlaryň düzümindäki serişdelere 50 ýyl mundan ozal, ylmyň häzirki berk talaplaryna laýyk gelmeýän wagtynda rugsat berlipdi. Häzire çenli kompaniýalar şol bir ingrediýentleri ulanyp, dermanlaryň netijeliligini barlamazdan täze serişdeleri öndürip bilýärler.

2018-nji ýyldaky barlaglar toplumynyň netijesine görä, dem alyş ulgamynyň bozulmasynyň alamatlaryny bejermek üçin satylýan dermanlaryň köpüsiniň täsirliligi çişirilendir. Çişmäni aýryjy, gakylyk gideriji we üsgülewügi ýok ediji serişdeler barada bar bolan subutnamalaryň gowşaklygy üçin şol serişdeleriň ulanylmagy doly goldanylmaýar.

"UpToDate” atly maglumat bazasy – belli bir keseli bejermäge niýetlenen dermanlaryň hakykatdanam şol keseli bejerýänligi barada subutnamalaryň gysgaça mazmunyny jemleýän çeşmedir. Oňa görä, sowuklamanyň we dümewiň bejergisi baradaky netijeler aýdyň däl:

↪ Antigistamin serişdeleri, witaminler we ösümlik melhemleri täsirsiz hasaplanýar.

↪ Üsgülewük siroplarynyň, çişmäni we üsgülewük aýryjy dermanlaryň, sinkiň peýdalylygy juda az ýa-da näbelli.

↪ Burun spreýleri, Tylenol we ibuprofen ýaly agyry kesijiler täsirli bolup

Eggert häzirlikçe sarp edijilere agyryny ýeňletmek üçin acetaminophen (Tylenol) we burny arassalamak üçin burun spreýleri ýaly iň gowy subutnamalary bolan önümleri ulanmagy maslahat berýär. Şeýle hem, Eggert birnäçe tebigy melhemleri teklip edýär. Duzly ergin bilen burnuňy ýuwmak burun we ýüz boşluklaryny arassalamaga we ary balyny iýmek üsgülewügi aýyrmaga kömek edip biler. Burun dykylmasyny açmak üçin bugly suwa düşmegiň ýa-da çyglandyryjy enjamy işletmegiň peýdaly bolmagy ahmal. Emma, iň peýdaly zat düşekde ýatyp dynç almakdyr. Çünki, ýokarky dem alyş ulgamynyň ýokançlyklaryndan gutulmak köp wagt alyp biler.

Çeşme

  • 192 gezek okalan