< < ÝUNISEF TÜRKMENİSTANYŇ TAÝÝARLANAN "ÝARTYGULAK WE ONUŇ DOSTLARY" KITABYNA SYN - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

ÝUNISEF TÜRKMENİSTANYŇ TAÝÝARLANAN "ÝARTYGULAK WE ONUŇ DOSTLARY" KITABYNA SYN

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

yartygulak we onun dostlary2023-nji ýylyň maýynda ÝUNISEF Türkmenistandaky çagalara sagdyn endikleri ösdürmäge kömek etmek maksady bilen "Ýartygulak we onuň dostlary" atly çagalar kitabyny çap etdi. Kitap Türkmenistanda COVID-19-a jogap taslamasynyň çäginde Bütindünýä banky we Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirildi. Ýigrimi sahypalyk kitap esasan 4-10 ýaş aralygyndaky çagalar üçin niýetlenip, türkmen we rus dillerinde elýeterlidir.

Saglyk.org redaksiýasy kitap barada synyny paýlaşýar.

Mazmuny

Kitabyň baş gahrymany belli türkmen erteki gahrymany Ýartygulak bolup, ol kitapda çagalara sagdyn, berk bedenli we habardar bolmak barada maslahatlar berýär. Ol çagalara içerde howany arassa saklamagyň, sagdyn iýmitlenmegiň, fiziki taýdan işjeň bolmagyň, dynç almagyň, maşgalaň we dostlaryň bilen sagdyn gatnaşyklary saklamagyň peýdalary barada gürrüň berýär. Her bölümden soňra söz oýny, tapmaça ýa-da reňkleme gönükmeleri ýaly oýunlar berilýär. Kitabyň sahypalarynda Ýartygulagyň we onuň dostlarynyň suratlary bilen bilelikde agzalýan mowzuklar bilen bagly illýustrasiýalar hem bar.

Oňyn başlangyç

Kitabyň Türkmenistanyň COVID-19-a jogap hökmünde çagalar edebiýatynda we saglyk sowatlylygynda bar bolan boşluklary doldurma potensialy bar. Kitap çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek üçin halanylýan milli gahrymany ulanypdyr. Onda berlen gönükmeler ýaş okyjylaryň ünsüni özüne çekip biler. Kitabyň suratlary we reňkliligi çagalaryň göwnünden turup biljek ýene bir aýratynlykdyr.

Kitabyň kemçilikleri:

Jemgyýetçilik saglygyna degişli aragatnaşyk: Kitap Türkmenistanyň COVID-19-a jogap taslamasyna goşant goşmaga niýetlenen. 2023-nji ýylyň dekabryna çenli Türkmenistan COVID-19 ýokançlyklary we ölümçiligi barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna hiç hili hasabat bermedi. Gynansak-da, ýokanç keselleri babatda bellemek beýle-de dursun, kitapda hatda COVID-19 hakynda esasy maglumatlar hem berilmeýär. Kitap pandemiýa döwründe arassaçylyk düzgünlerine eýermek, maska ​​dakynmak we sosial uzaklygy saklamak ýaly üýtgeşmelerden, şeýle hem gorky we dartgynlylyk ýaly emosional meselelerden baş alyp çykmagyň wajyplygyny nygtap bilerdi. Kitapda türkmenistanly çagalar üçin ene-atalary bilen nahar bişirmek ýa-da dostlary bilen halka oýnamak ýaly has gyzykly oýunlar berilse has peýdaly bolardy. Mundan başga-da, ene-atalar we mugallymlar üçin goşmaça maglumat ýa-da kömek almak üçin ýerli/ygtybarly saglyk çeşmeleri baradaky gollanmalar bilen kitabyň üsti ýetirilen bolsa ýerlikli bolardy.

Ýaş laýyklyklygy: Kitap 4-10 ýaşlaryndaky çagalara niýetlense-de, bu örän giň ýaş aralygy Çünki, bu ýaş aralygyndaky çagalaryň gyzyklanmalary, okamak we kognitiw (akyl) ukyplary aşa tapawutly bolýar. 4 ýaşly çaga uzyn, çylşyrymly sözlemlere düşünip ýa-da kitapdaky tapmaçalary çözüp bilmeýär. 10 ýaşly çaga üçin kitabyň köp gönükmeleri we suratlary juda ýönekeý we ýürekgysgynç bolup biler.

Dil: Kitabyň adynyň onuň mazmuny barada maglumat bermezligi bulaşyklyga sebäp bolup biler. Baş gahryman Ýartygulak we onuň dostlary barada maglumatyň ýoklugy okyjynyň olar bilen tanyşmagyna ýa-da baglanyşyk gurmagyna mümkinçilik bermeýär. Ýartygulagyň okyja ýüzlenende "sen" we "siz" ýüzlenmelerini garyşdyrmagy okyjyny ondan daşlaşdyrýar. Onuň "Netijesiz we köp wagtyňy alýan kompýuter oýunlaryndan uzakda dur" ýaly maslahatlary ýaş okyjylar üçin diňe düşünmesi kyn bolman, eýsem çagalara ýakyn dilde düşündirişini hem bermeýär.

Illýustrasiýalar: Kitapda wizual sazlaşyk ýetmezçilik edýär. Illýustrasiýalaryň hili ýaramaz ýa-da grafiki elementler olaryň üstüni basýan görnüşde şekillendirilip, olar arzan/pes hilli programma bilen çekilene meňzeýär. Suratlar ulaldylanda pikselleşýär ýa-da bulaşyk görünýär. Emma, grafikalar we ýazgylar ulaldylanda gowy hilini saklaýar. Grafikalaryň hili gowy ýaly görünse-de, olar standart we stil taýdan biri-birine gabat gelmeýär. Meselem: 4-nji sahypadaky reňkli grafikalaryň ştrihleri sünnälenip çyzylan, ýöne 6-njy, 11-nji, 13-nji we 14-nji sahypalardaky grafikalar beýle däl.

Aktuallyk: Gündelik durmuşda çagalaryň aglabasyna elýetersiz käbir iýmitleriň (tako, süýjüli possuk (пончик), hotdog) we sport görnüşleriniň (hokkeý, badminton, buzda typmak) mysallary çagalaryň köpüsi üçin nätanyş bolup biler. Munuň tersine, gahrymanlaryň arasynda inklýuziwlik we dürlülik ýetmezçilik edýär. Türkmenistan dürli etnik gelip-çykyşly we dürli başarnykly çagalaryň ýurdudyr. Çagalaryň hukuklarynyň goralmagyny we inklýuziwligini goldaýan ÝUNISEF-iň alyp barýan işi barada gürrüň edilende, inklýuziwligiň ýetmezçiligini ünsden düşürip bolmaýar.

Kitabyň döredijilerine minnetdarlyk: Kitabyň awtorlary, suratkeşleri ýa-da dizaýnerleri barada maglumat berilmeýär. Intellektual eýeçilik hukuklaryny we döredijileriň goşantlaryny äsgermezlik kitaby taýýarlamaga gatnaşanlary ruhdan düşürip we olara garşy adalatsyz bolup bile Munuň kitaby neşir edijiniň abraýyna negatiw täsir etmegi-de ahmal.

"Ýartygulak we onuň dostlary" Türkmenistandaky ýaş okyjylara umumy saglyk bilen baglanyşykly maglumat berýän hem bolsa, onuň ýaramaz dizaýny we dili sebäpli kontentiniň täsirliligi peselýär. Kitap türkmenistanly çagalara COVID-19 barada düşündirmekde sypdyrylan mümkinçilikdir. Bu ýurtdaky çagalar edebiýatynda has köp inklýuziwligiň we mazmun taýdan sazlaşyklylygyň zerurdygyny görkezýär. Şol sebäpli, kitap çagalary özüne çekmekde, olara täsir etmekde we Türkmenistanda gymmatly bilim çeşmesi bolup hyzmat etmekde kemter gelip biler.

  • 187 gezek okalan