KOMPÝUTERDE KÖP IŞLEÝÄNLER BOÝUN AGYRYSYNYŇ NÄDIP ÖŇÜNI ALMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

kompyuterde kop isleyanlerSanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy we doly kompýuterler bilen bagly bolan köp işleriň döremesi iş şertlerini diňe bir has ýeňilleşdirmän, eýsem islendik ýerde we ýagdaýda işläp bilmäge mümkinçilik döretdi. Indi düşegiňden galman hem ýa ýolda bolsaň-da, kompýuteriňde ýa-da planşetiňde iş ýerine ýetirip bolýar. Emma, kompýuterde köp işlemegiň gözleriňe we bedeniňe salýan ýüküni inkär etmek kyn. Hut şol sebäpli, soňky onýyllyklarda kompýuter işleri sebäpli boýun we arka agyrylary biçak köpeldi. Ýöne agyrylary azaldyp biljek we olaryň öňüni alyp biljek çäreler hem az däl.

Beýgelýän stol edinmegi göz öňünde tut

Terapewtler köp oturyp işleýänlere her 30 min – 1 sagatdan turup durmagy maslahat berýärler, emma işinden ünsüni bölesi gelmeýänlere bu aňsat düşmeýär. Bu ýagdaýda dik durup işlenilýän stollar dada ýetişip bilýär. Beýle stollaryň görnüşleri juda kän we sen öz boýuňa, ulanjak ýeriňe we býujetiňe görä özüňe laýygyny saýlap bilersiň. Beýgelýän stol ulananyňda hem stolda işlemegiň düzgünlerini berjaý etmek möhümdir (elleriň stoluň üstünde 90 derejede eplenmesi, gözleriň bilen ekranyň beýikliginiň deň gelmesi we aradaşlygynyň saklanmasy we ş.m.). Stoly yzygiderli beýgeldip we peseldip, hem dik durup, hem oturyp işläp bolýar we netijede bedeniňdäki has köp muskullary ulanýarsyň.

Ergonomik oturgyç edin

Düşek, diwan ýa-da kreslo dynç almak üçin örän gowy hem bolsa, olar ençeme sagatlap kompýuteriň öňünde oturmak üçin beýle bir oňaýly däldir. Stolda we oturgyçda işlemek uzagyndan saglygyňa has ýaramly bolup biler. Esasan-da beden pozaňy dogry tutmaga kömek edýän oturgyçlar arka agyrylarynyň öňüni alar. Oturgyjyň eliňi goýulýan ýeri diňe ýokary we aşak gidýän däl-de, öňe-yza hem süýşýän bolsa gowy. Şeýle-de, eliňi goýanyňda tirsekleriň 90 dereje bolmasy iň ýaramlysydyr. Oturgyjyň arkasy hem seniň arkaňa we biliňe rahat direg bermeli we oturanyňda dabanyň ýerde rahat durup bilmeli. Eger dabanyň ýere degmeýän bolsa, aýaklaryň aşagyna bir zatlar goýup bilersiň.

Arkaňa hem arakesme ber: Hereket et

Oturgyjyň we stoluň hernäçe rahat bolsa-da, şol bir orunda uzak wagtlap oturmaklyk arkada we boýunda döreýän agyrylaryň esasy sebäbidir. Her 30 minutdan ýeriňden turup, hereket et. Turup kofe ýa suw almaga gidip bilersiň, eýläk-beýläk ädimläp bilersiň, hatda ýekeje maşk etseň hem, islendik 5 minutlyk hereket uly oňaýsyzlyklaryň öňüni alyp biler.

Beýleki göz öňünde tutulmaly zatlar:

Göreç. Arkanyň we boýnuň dartgynlylygy göreçden başlap biler. Esasan-da kiçi ekranlarda işleýän bolsaň, gowy görmek üçin gözüňi süzmek ýa-da öňe egilmek boýun we egin muskullaryňa agram salyp bilýär. Ekranyňdaky tekstleriň ölçegini ulaltmak we gözleriňi wagtly-wagtynda barladyp durmak ýönekeý çözgütlerdir.

Esasy muskullar. Uzak wagtlap şol bir orunda durup işleýän bolsaň, käbir ulanylmaýan muskullar güýçden gaçyp bilýär. Bedeniň ähli esasy muskullaryny oýandyrýan we berkitýän maşklary yzygiderli etmek ýa-da zerur bolanda fiziki terapewte görünmek arkaly, köp wagtlap ulanmadyk muskullaryňy herekete getirip bilersiň.

Aýaklar. Beýik stolda dik durup işleýän bolsaň, oňurga düşýän stresi azaltmak üçin rahat we gowy hilli köwüş geýmek uly tapawut eder.

↪ Kelle. Stoluň başynda rahat iş güni gije alnan gowy uky bilen başlanýar. Eger-de ýassygyň juda beýik ýa-da pes bolsa, ol boýnuňa agram salyp, boýnuňda we eginleriňde dartgynlylyk döredýär we netijede kompýuteriň öňünde işlemek yzaly prosese öwrülýär. Özüňe iň rahat ýassyklary saýlamak kän gürrüňi edilmeýän, emma saglyk ähmiýeti örän ýokary maýa goýumdyr.

Dykgatlylyk we strese erk etmek

Bedende döreýän agyrylar diňe bir bedendäki dartgynlylyk ýa näsazlyk sebäpli däl, eýsem beýnide bolup geçýän zatlar netijesinde hem ýüze çykyp ýa-da beterleşip bilýär. Meselem, haçanda kelläňde gaýgy alada we stres köp bolanda, bedendäki agyrylara çäre görmek ukyby peselip, ýönekeýje meseleler hem uly bolup görünýär. Şonuň üçin, durmuşyňda stresi azaltmak we dykgatlylygy endik edinmek bütin bedeniň hem has güýçli we rahat duýmagyna kömek eder. Munuň käbir usullary:

↪ Emosiýalaryňa erk etmek;

↪ Yzygiderli fiziki hereket we maşklar bilen meşgullanmak;

↪ Dem alşyňa üns bermek arkaly, öz-özüňi rahatlandyrmak;

↪ Ekrana seredip geçirýän wagtyňy çäklendirmek;

↪ Özüňe lezzet we giňlik berýän zatlary etmek: ýazmak, okamak, nahar bişirmek, ýakynlaryň bilen wagt geçirmek, ýöriş etmek we ş.m.

Çeşme