Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
KIM GÜÝÇLI, EMOSIÝALARYŇMY ÝA SEN?
Ýakymsyz emosiýalar her bir adamda ýüze çykýar, meselem gahar, gabanjaňlyk, öýke, gorky, howsala. Emma durmuşdan göwnühoş ýaşamagyň we başgalar bilen dostlukly aragatnaşykda bolmagyň açary dartgynly ýagdaýlarda emosiýalaryňa erk edip bilmekdir. Munuň bir ýoly hem özüňe erk etmek ukybydyr.
Özüňe erk etmek näme?
Hereketleriňe, pikirleriňe, emosiýalaryňa, kararlaryňa we islegleriňe bäs gelmeklige özüňe erk etmek diýlip düşünilýär. Özüňe erk edip bilmek adama negatiw emosiýalaryna hötde gelmäge we herekete geçmezden öň pikirlenmäge kömek edýär.
Negatiw (ýakymsyz) emosiýalar zyýanly bolup, seniň bagtyňa, önjeýliligiňe we aragatnaşyklaryňa badak atyp bilýärler. Sen hemişe ýakymsyz emosiýalardan gaça durup bilmeseň hem, olara görkezýän reaksiýaňy üýtgedip bilersiň. Özüňe erk etmegiň esasy binýatlary:
↪ Emosional durnuklylyk (başdan geçirýän duýgularyň nähili uly ýa ýakymsyz bolsa-da, özüňi ýitirmezlik);
↪ Şahsy tertip-düzgün (öz-özüňe diýen etdirip bilmek);
↪ Täze we üýtgeşik ýagdaýlara uýgunlaşyp bilmek;
↪ Durmuşyň kynçylyklaryndan baş alyp çykmak;
↪ Reaksiýalaryňa we kararlaryňa ýol görkezýän mäkäm şahsy gymmatlyklaryň bolmagy.
Özüne gowy erk edip bilýän adamlar hem kyn güne düşenlerinde gynanjy, gahary ýa-da howsalalylygy başdan geçirýärler, emma olar bu emosiýalara hötde gelmegi öwrenendikleri üçin özlerini rahat we sabyrly alyp barmagy başarýarlar.
Özüňe erk etmek näme üçin möhüm?
Aladalandyryjy ýa-da kyn pursatlar bilen ýüzbe-ýüz bolanlarynda, özlerine erk etmäge ussat adamlar emosional durnuklylygyny saklap, paýhaslylyk we kämil düşünjelilik bilen jogap gaýtaryp bilýärler.
Emosiýalaryna erk etmegi başarýan adamlar umuman has sagdyn we durmuşda dogry ädimleri saýlagan bolýarlar. Özüňe erk etmek ukyby bilen baglanyşykly käbir endiklere fiziki taýdan hereketli bolmak, ýokumly iýmitler bilen iýmitlenmek we çilim çekmezlik degişlidir.
Emosiýalaryna hötde gelip bilmeýän adamlar welin, köplenç galagoply we stresli durmuşda ýaşaýarlar – bu bolsa olaryň fiziki we psihiki saglygynyň ýaramazlaşmagyna eltýär. Emosiýalaryňa erk edip bilmezlik bilen baglanyşdyrylýan ýagdaýlar: günüň köp bölegini oturyp geçirmek (hereketsizlik), semizlik, ýokary gan basyş we beýleki saglyk meseleleri.
Emosiýalaryňa erk edip bilmek ylaýta-da ene-atalar üçin gymmatly hazyna bolup durýar. Çünki çagalara ýaşlykdan emosiýalaryňy tanamagy we seýislemegi öwretmek olara has duýgur, has dogumly bolup ýetişmäge kömek eder.
Özüňe erk etmegi kämilleşdirmegiň usullary
Özüňe erk etmegiň başy öz hereketleriňe, emosional reaksiýalaryňa we islegleriňe düşünmekden başlanýar. Dykgatlylyk we kognitiw özüň alyp baryş muny gazanmagyň esasy gurallarydyr.
↪ Dykgatlylyk: Bu ýerde ünslülik däl-de, öz dem alşyňa, soňra bolsa gelip-geçýän pikirleriňe dykgat etmegi we tankytlaman, häzirki pursata ünsüňi gönükdirip, özüňi rahatlandyrmak barada gürrüň gidýär. Haçanda aňyňy dykgatly bolmaga türgenleşdireniňde durmuşyň ýönekeý hezillikleriniň gadryny bilip başlaýarsyň. Bu seniň dürli meseleleri çözüp bilme ukybyňy güýçlendirýär.
↪ Kognitiw özüňi alyp baryş usullary: Bu usullar ýakymsyz pikirleri we hereketleri pozitiw pikirler bilen çalyşmak arkaly, emosiýalaryňa erk etmegi kynlaşdyrýan itergileri azaltmaga kömek edýärler. Bu usullar köplenç terapewtiň kömegi bilen öwrenilýär, ýöne olary öýde özbaşdaklykda hem geçirip bolýar. Meselem, emosiýalaryňy anyklamak we atlandyrmak we emosiýalaryň sebäbine düşünmek – anyklan zyýanly emosiýalaryňy has peýdalylary bilen çalyşmak; duýgularyňy ýazga geçirmek; uludan dem almak we myşsalaryňy rahatlandyrmak; günüňe öňünden taýýarlykly başlamak – özüňde stres ýa-da negatiw emosiýalary oýarjak ýagdaýlardan we hereketlerden habarly bolmak, mümkin bolsa olary azaltmak we olara özüňi taýýarlamak. Şeýle-de, geçmişde kyn ýagdaýa düşeniňde edeniňe ökünýän hereketleriň barada gaýtadan oýlanyp, olary pozitiw hereketler bilen çalyşmagy hem göz öňünde tutup bilersiň. Meselem, işdäki başabarmazlyk sebäpli öýňüzdäkileriň göwnüni degen bolsaň indiki gezek şeýle pursatda emosiýalaryňa dykgat bermek we olary anyklamak (gahar, irginlik), soňra nädogry hereket etmegiňe getiren sebäbi anyklamak (meselem, öýüňdäkiler saňa gönümel düşünmeli diýen düşünje) we pozitiw görnüşli hereket bilen çalyşmak: meselem, "Işim şu gün ýaman stresli geçdi, bu barada gürleşäýeliň".
Gündelik durmuşda emosiýalaryňa erk etmegiň ýollary
Özüňe erk edip bilme başarnygyny öwrenip we kämilleşdirip bolýandyr. Muny kämilleşdirmegiň bir ýoly dört basgançakly çemeleşmä esaslanýar: Dur-Dem al-Oýlan-Saýla.
1. Dur! Haçanda göwnüňi ýykyjy emosiýalary duýanyňda, öz-özüňe köşeşmegi we aňyňy durlamagy buýr.
2. Dem al! Uludan we pessaýdan dem almak, 10-a çenli sanamak ýa-da ýörişe çykmak arkaly rahatlanmaga synanyş.
3. Oýlan! Emosiýalaryňa erk edip biljegiňe gözüň ýetýänçä reaksiýa görkezme.
4. Saýla! Gönümel ilkinji ýüze çykan emosiýaň bilen reaksiýa görkezmäge derek, nädip ýerlikli jogap gaýtaryp biljegiň barada pikir et.
- 105 gezek okalan