BAGYR ZEPERLENMESI BARADA DUÝDURYŞ
Saglygy goraýyş edaralary çagalarda birden köpelen ýiti gepatitiň sebäbini derňemäge çalyşýarlar.
Gepatit bagyr çişmesine getirip, ölüme eltip bilýär. Kesellän çagalardan entek ýogalan bolmasa-da, birnäçe çaga bagyr transplantasiýasyny etmek zerurlygy döredi.
Häzire çenli 130-dan gowrak çaga ýiti gepatit diagnozy goýuldy. Hadysalaryň aglabasy Britaniýada, birnäçesi bolsa ABŞ-da, Ysraýylda, Daniýada, Irlandiýada, Niderlandiýada we Ispaniýada ýüze çykdy.
Geň galdyryjy tarapy: Kesel agyr geçýär we adaty gepatit wiruslary A, B, C, D we E bilen baglanyşyksyz.
Häzirki esasy teoriýalar: Alymlar bu kesele adaty sowuklama sebäp bolýan adenowirusyň mutasiýasynyň sebäpkärligini ýa däldigini anyklamaga çalyşýarlar.
↪ Angliýada bu kesele sezewar bolan çagalaryň 77% -inde adenowirusyň barlygy anyklanyldy.
↪ Alabamada ýüze çykan 9 hadysanyň ählisi adenowirusa we gepatite pozitiw çykdy.
Pandemiýada sosial çetleşmeler zerarly immunitetiň peselmegi ýiti gepatitiň döremesinde ýene bir teoriýalardan biridir.
- 644 gezek okalan