• Makalalar
  • COVID-19
  • KORONAWIRUS SÖZLÜGI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KORONAWIRUS SÖZLÜGI

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

covid 19 sozlugi

COVID-19

"Koronawirus 2019 keseliniň" gysgaldylan ady. COVID-19 respirator keseli bolup, üsgülewükden we asgyrmakdan çykýan suw damjalary arkaly adamdan adama ýokuşýar.

KORONAWIRUS

Koronawirusyň birgiden görnüşi bar we olaryň käbiri kesel döredip bilýär. Koronawirusyň ýüzündäki täje meňzeş tikenleri onuň "koronawirus" adyny almagyna sebäp bolýar.

PANDEMIÝA

Bir keseliň bütin dünýä tiz ýaýramagy. Bu halkara araçäkleri böwsüp, köp sanly adama täsir edýär.

KARANTIN

Wirusyň ýokuşan bolmagy ähtimal adamyň 14 günläp jemgyýetden çetleşdirilmegi (aýry saklanmagy). Bu öýde galmak arkaly wirusy başgalara ýokuşdyrmajak bolýanlara hem degişli.

EGRIMI GÖNÜLEMEK (iňlisçe: flatten the curve)

Keseliň ýaýraýşyny gowşatmak üçin dürli goranyş çärelerini geçirmek: köpçülik ýerlerini ýapmak, üýşmeleňleri ýatyrmak, şahsy karantina girmek. Esasy maksat saglyk pudagyna aşa agram düşmez ýaly COVID-19 wirusynyň ýaýraýyş tizligini gowşatmak.

SOSIAL ÇETLEŞME

Kesellän adamlaryň sagdyn adamlardan çetleşdirilmegi.

SOSIAL ARALYK

Keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin adamlaryň arasyndaky fiziki aralygy ulaltmak. Meselem, köpçülikleýin çäreleri ýatyrmak, öýden işlemek, mekdepleri ýapmak, we beýleki adamlardan azyndan 2 metr daşda durmak.

ASGYRMAK WE ÜSGÜRMEK ETIKETI

Asgyranyňda we üsgüreniňde agzyňy eliň bilen däl-de, salfetka ýa-da tirsegiň bilen ýapmak.

ALAMATSYZ GÖTERIJI (iňlisçe: asymptomatic carrier)

Hiç hili alamatlary bildirmeýän, emma wirusy başgalara ýokuşdyryp bilýän adam.

INKUBASIÝA DÖWRI

Kesel ýokuşanyndan soň ilkinji alamatlar ýüze çykýança bolan gizlin döwür. Keseliň entek bilinmeýän döwri. Inkubasiýa döwründe adam keseli başgalara ýokuşdyryp bilýär.

Çeşme: AJplus

  • 2168 gezek okalan