TÜRKMENİSTANA İNSULİNİŇ TÄZE TAPGYRY GELİP GOWUŞDY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

turkmenistana insulinin taze tapgyryBirleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy "Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça zerur bolan derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri BMGÖM-iň üsti bilen satyn almak barada" taslama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginine bahasy 452 706 ABŞ dollar bolan Lantus insuliniň öňünden doldurylan 59,100 şpris derman serişdesiniň täze tapgyryny gowşurdy.

2021-nji ýyldan bäri BMGÖM we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ÝDK-i bejermek üçin dermanlar bilen üpjün etmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýärler. Umumy býujeti 92 million ABŞ dollaryndan geçýän bu taslamalar bütinleý Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Ýurdumyzda süýji keseli

Bütindünýä Bankynyň 2021-nji ýyl boýunça hasabat bermegine görä, Türkmenistanyň ilatynyň 20-79 ýaşlylarynyň 6.7%-i anyklanan süýji keseli bilen ýaşaýar. Süýji keseli endokrin ulgamynyň keseli bolup, onda diňe uglewod çalşygy däl-de, bedende ýag we madda çalşygynyň beýleki görnüşleri hem bozulýar. Keseliň döremegine giperglikemiýa (ga hasabat bermeginenda gandyň mukdarynyň ýokarlanmagy) ýagdaýy sebäp bolýar we ol netijede bedende insuliniň ýetmezçiligi getirýär.

Insulin bedene iýmiti energiýa öwürmäge hem-de gandaky şekeriň mukdaryny sazlamaga kömek edýär. Süýji keselli adamyň bedeni ýeterlik insulin gormonyny bölüp çykaryp bilmeýär ýa-da ony ýerlikli ulanyp bilmeýär. Şonuň üçin süýjülikli adamlaryň köpüsi insulini derman görnüşinde kabul etmeli bolýarlar. Dünýä ýüzünde näçe adamyň yzygiderli insulin ulanmaly bolýandygy näbelli, emma onuň 200 milliondan köpdügi çaklanylýar.

Çeşme