INSULINE HENIZ HEM KÖPLERIŇ ÝAGDAÝY ÝETMEÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

insuline yagdayy yetmeyarÖrän ähmiýetli ynsan gormony insulin bedene iýmiti energiýa öwürmäge hem-de gandaky şekeriň mukdaryny sazlamaga kömek edýär. Süýji keselli adamyň bedeni ýeterlik insulin gormonyny bölüp çykaryp bilmeýär ýa-da ony ýerlikli ulanyp bilmeýär. Şonuň üçin süýjülikli adamlaryň köpüsi insulini derman görnüşinde kabul etmeli bolýarlar. Dünýä ýüzünde näçe adamyň yzygiderli insulin ulanmaly bolýandygy näbelli, emma onuň 200 milliondan köpdügi çaklanylýar.

Ýakynda dünýäde insulin öndürýän iň uly üç kompaniýa ABŞ-da bu dermanyň bahasyny ep-esli peseltjekdiklerini habar berdiler, emma dünýä ýüzündäki ençeme adam üçin insulin bahasyna ýetip bolmaýan dermanlygyna galýar.

Global monopoliýa: Farmasewtik kompaniýalar Novo Nordisk, Eli Lilly, we Sanofi pes we orta-girdejili döwletlerde satylýan insuliniň 83%-ini öndürýärler – ol döwletlerde bolsa, insuline mätäç her 2 adamyň biriniň ony satyn almaga ýagdaýy ýetmeýär. Çünki baý ýurtlaryň hökümetleri insuliniň bahalaryny çäklendirip bilýärler. Garyp döwletleriň welin dermanyň bahasyny ylalaşmaga güýçleri ýetmeýär. 1985-nji ýylda Argentina, 2010-njy ýylda Gresiýa ýurtdaky ykdysady krizis sebäpli insulin öndürijilerden bahany arzanlatmagy soranlarynda, kompaniýalar ol ýurtlara insulin üpjün etmesini kesdi.

Sowgat-peşgeşler ýeterlik däl: Öndürijiler garyp ýurtlarda insuliniň has elýeter bolmasy üçin sowgat-peşgeşleri kabul edýän programmalary gurnadylar, emma hukuk goraýjylar beýle başlangyçlaryň uzak möhletde netijeli däldigini aýdýarlar.

Oňa derek: Kompaniýalar hökümetler bilen hyzmatdaşlyk edip, insuliniň bahasynda ýeňillikleriň we ylalaşyklaryň döredilmegine ýol açmaly.

Çeşme

  • 582 gezek okalan