AŞGAZAN AGYRY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.85 (26 Ses)

Hormatly okyjy!

Öňki beren soragyňyzda, beýan eden alamatlaryňyzdan ugur alyp, sizde gastrit keselini çak etmäge esas döredi. Lukmanyň barlagyndan hem-de geçirilen anyklaýyş çärelerinden soň takyk kesel kesgidiniň bellenýänligini ýene bir gezek  nygtasym gelýär. Gastrit keseliniň bejergisi onuň geçişine (ýitimi ýa-da dowamly), kliniki görnüşine, aşgazan şiresiniň işlenip çykaryş aýratynlyklaryna baglylykda bellenilýändir. Onuň bejergisi ýörite berhizi, aşgazan ýygrylmalarynyň öňüni alýan serişdeleri, aşgazanyň nemli örtügini dikeldiji serişdeleri, iýmit siňdiriş fermentleri, keseliň gowşan döwründe sanator-kurort bejergini geçirmekden düzülen bolup, belli bir iýmitleniş düzgününi talap edýändir. Şular babatda has doly maglumaty almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Gastrit: görnüşleri, alamatlary, bejergisi we berhizi" atly makala bilen tanyşmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.