• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • GASTRIT: GÖRNÜŞLERI, ALAMATLARY, BEJERGISI WE BERHIZI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GASTRIT: GÖRNÜŞLERI, ALAMATLARY, BEJERGISI WE BERHIZI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (35 Ses)

Gastrit iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleriniň içinde has ýygy duş gelýän keseldir. Ol aşgazan diwarlarynyň nemli bardasynyň (käbir ýagdaýlarda has çuň gatlaklarynyň) dürli sebäplere görä üýtgemegi we aşgazan şiresini bölüp çykarýan öýjükleriň işiniň bozulmalary bilen häsiýetlendirilýär. Bu keseli derman serişdeleri bilen bejermek mümkindir.

Keseliň görnüşleri we alamatlary

Gastrit keseliniň ýiti we dowamly görnüşleri bardyr.

Ýiti gastrit sanlyja sagadyň ýa-da günüň içinde dürli faktorlaryň täsir etmeginiň netijesinde döräp, dürli ýaşda ýüze çykyp biler. Keseliň döremeginiň sebäpleriniň köpdürlüdigini göz öňüne tutup, olary iki uly topara jemlemek bolýar:

  • Daşky (ekzogen) faktorlaryň täsir etmeginiň netijesinde ýüze çykan gastrit;
  • Bedeniň özünden döreýän (endogen) şikes ýetiriji faktorlaryň täsir etmegi bilen ýüze çykan gastrit. Ol ýiti ýokançlyklar we bedende maddalaryň çalyşmasynyň bozulmagy, ýanyklarda we şöhlelenmede aşgazanyň nemli bardasyna ýetirilýän şikeslenmeler, psihiki bozulmalar we başga sebäplere görä döräp bilýär. Soňky ýyllarda geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde bedende ýaşaýan spiral görnüşli Helicobakter pylori bakteriýalaryň gastridi döretmekde uly ornunyň bardygy subut edildi.

Gastridiň ekzogen sebäplerine hili pes azyk önümlerini iýmek, artyk iýmek (aşa düşmek), örän ajy, ýagly, öte gyzgyn ýa-da örän sowuk, siňmesi kyn iýmit önümlerini çenden aşa kabul etmek, spirtli içgileri içmek, käbir derman serişdeleriniň täsiri we ş. m. degişlidir.

Aşgazanyň nemli bardasyndaky bozulmalara gowy çeýnelmedik iýmit hem sebäp bolup bilýär. Biziň ählimize "aşgazanym dykyn alyp dur" diýen düşünje, ondan soňky sepirjikde peýda bolýan agyrlyk we birahatlyk duýgulary tanyşdyr. Bu ýagdaý çalt, howlugyp iýlen iýmitden soň ýüze çykyp, ýiti gastridiň döremegine sebäp bolýar. Şoňa görä-de, iýmiti gowy çeýnemek üçin berk, sagdyn dişleriň gerekdigini hem unutmaly däl. Gowy ideg edilýän, sagdyn dişler aşgazanyň saglygy üçin örän wajypdyr.

Keseli dörediji faktorlaryň içinde hili pes, ýokançlyklar bilen zäherlenen iýmitiň zyýanyny aýratyn bellemek gerek. Şeýle hem derman serişdelerini (antibiotikleriň käbir topary, asetilsalisil turşulygy, sulfanilamid toparynyň dermanlary, gormon serişdeleri) uzak wagtlap ulanmak aşgazanyň nemli bardasynda ýiti gastridiň döremek töwekgelligini artdyrýar.

Sagdyn adamyň aşgazanynyň nemli bardasynyň zäherleýji faktorlaryň täsirine garşy durmak ukyby örän ýokarydyr. Emma bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny üýtgedýän birnäçe faktorlaryň täsir etmeginiň netijesinde ol gowşaýar. Bu faktorlara dowamly ruhy dartgynlylyk we fiziki ýadawlylyk, ýeterlik dynç almazlyk, hünär bilen bagly önümçilik zyýanlylygy, bedeniň gurluş aýratynlyklary we nesil yzarlamak aýratynlygy, geçirilen ýiti we dowamly keseller (gyzamyk, täjihoraz, hörezek, garyn  garahassalygy, örgünli garahassalyk, dümew, öýken sowuklamasy, inçekesel we ş. m.) degişlidir.

Ýiti gastridiň alamatlary nahar kabul edilenden 6-12 sagat geçen soň peýda bolýar. Muňa ýaramaz hilli iýmit önümleri, berk spirtli içgileri, ýagly iýmit, öte gyzgyn ýa-da örän sowuk önümler täsir edip biler.

Güýjeýän umumy gowşaklyk, agyzda ýakymsyz ajy tagam, ýürek bulanma, gägirme, döş gapyrgasynyň aşagynda agyrlyk we deşip barýan ýaly duýgyny döredýän agyry, kellagyry biynjalyk edýär. Käbir ýagdaýlarda güýçli aşgazan ýygrylmalary netijesinde garynda burga meňzeş agyrynyň ýüze çykmagy ahmal. Işdä ýitip, käbir iýmit önümlerine: duzly, turşy ýa-da sowuk iýmitlere isleg döreýär. Soňra bolsa iýlen iýmit durman, gaýtarma ýüze çykýar. Köplenç ol birnäçe gezek gaýtalanyp, wagtlaýyn ýeňillik getirýär.

Ýiti gastrit käbir syrkawlaryň umumy ýagdaýyna beýle bir täsir etmeýär, ýöne birnäçeler üçin ol agyr geçip, gan basyşynyň we ýürek urmasynyň birden peselmegine (kollapsa) getirip biler. Şeýle-de syrkawlaryň deri örtüginiň solgunlygyny, çyglylygyny bellemek bolýar. Diliň ýüzüni çal ýa-da çalymtyk-sary örtük tutýar. Agyzdan ýakymsyz ys gelýär. Syrkawyň garny çişip, barmak bilen basylyp barlananda, sepirjek töwereginde agyrylar peýda bolýar. Birnäçe syrkawlaryň bedeniniň gyzgyny galýar, içgeçme ýüze çykýar. Syrkawlarda iýmite bolan ýigrenç döräp, onuň ady tutulan ýagdaýynda hem ýüregi bulanyp gaýtarmagy ahmal.

Ýiti gastrit adatça 4-5 günüň içinde geçip gidýär. Wagtynda dogry alynan bejergi keseliň alamatlarynyň tiz ýitip gitmegine getirýär. Emma alamatlaryň aýrylmagy keseliň aýrylandygyny aňlatmaýar. Käbir syrkawy uzak wagtlap agyr nahary özleşdirip bilmezlik häsiýeti heläk edýär, onuň dowamly gastride geçýän wagty hem seýrek däl.

Dowamly gastrit – aşgazanyň nemli bardasynyň bozulmalarynyň ötüşen ýagdaýy bolup, onuň has çuň gatlaklaryny zeperlendirip biler. Bu kesel ýaramaz faktorlaryň uzak wagtlap täsir edip durmagynyň netijesinde ýüze çykýar. Oňa iýmit tertibiniň yzygiderli uzak wagtlap bozulmagy, mydama ýaramaz, agyr we ýiti iýmiti kabul etmek, öte gyzgyn nahar iýmäge höwes, ýeterlikli çeýnemezlik, gurak iýmek, güýçli alkogol içgileri çensiz içmek degişlidir. Şeýle hem iýmit taýýarlananda arassaçylyk talaplary doly berjaý edilmedik ýagdaýynda, aşgazanyň nemli bardasyna düşen ýokançlyk dowamly gastridiň döremegine sebäp bolup biler.

Adamyň kabul edýän iýmiti ýokumly bolmadyk ýagdaýynda, onda beloklar, witaminler we mikroelementler ýetmezçilik edende, aşgazanyň nemli bardasyna ýaramaz täsir edýän käbir derman serişdeleri uzak wagtlap ulanylanda, şeýle hem ýokançly kesellerden soň toksinleriň täsir etmeginiň we nesil yzarlamak ýagdaýynyň netijesinde kesele bolan töwekgelçiligiň artmagy dowamly gastridiň döremegine sebäp bolup biler.

Bejergisi

  • Gastridiň esasy bejergisi berhiz tutmakdan başlanýar. Gastridiň alamatlary ýüze çykanda, 1-2 gün iýmiti kabul etmekden saklanmak, suwuklyk içmek, soňra kem-kemden berhiz iýmitine geçmek (ýyly, ýagsyz, sürteçden geçirilen tagamlar) maslahat berilýär;
  • Bejergi üçin dürli derman serişdeleri hem bellenilýär. Olara aşgazan diwaryny ýapýan siňdiriji (absorbirleýji) serişdeler, agyrysyzlandyryjylar, ýarawsyz aşgazanda iýmit siňdirişi kadalaşdyrýan, turşulylygy peseldýän serişdeler, käbir ýagdaýlarda ýokançlyklardan halas bolmak üçin bellenilýän antibiotikler degişlidir.

 Bejergi esasan hem öý şertinde geçirilip, 2-3 hepde dowam edýär.  Ýöne dowamly gastridiň bejergisi 2 ýyla çekmegi-de mümkin.

Ýiti gastridiň bejergisi aşgazany we içegäni arassalamakdan başlaýar. Eger-de keseliň döremeginiň sebäbi ýokançlyklar bilen bagly bolsa, antibakterial serişdeler (enteroseptol, lewometisin we başg.) we siňdiriji serişdeler (agaç kömri, kaolin we başg.), iýmit siňdiriş fermentleri (panzinorm, mezim, kreon we başg.) bellenilýär. Ýiti allergiki täsirliligi aýyrmak üçin antigistamin serişdeler, agyry alamatlary açyk bildiren ýagdaýynda - holinolitiki serişdeleir (atropin, platifillin gidrotartraty), spazmolitik (papawerin gidrohloridi, no-şpa) ulanmak bellenilýär.

Gastrit keseline ýoluganlaryň ýagdaýyny ýeňilleşdirmek maksady bilen, ýörite berhiz işlenilip düzülendir.

Gastridiň ähli görnüşlerinde iýmit ýygy-ýygydan az mukdarda kabul edilmeli. Lukmanlar günüň dowamynda az-azdan 6 sapar nahar iýmegi maslahat berýär). Iýmit kabul etmegiň arasy takmynan 3 sagat bolmaly. Soňky iýmit ukudan 4 sagat öň kabul edilse has ýokumly bolýandyr. Iýmitiň her bölejigini mazaly çeýnemeli. Onuň düzüminden gyzgyn, sowuk, gowrulan, duzly, ýagly we ýiti önümleri aýyrmaly. Ýagdaýy dikeltmek üçin gök önüm şirelerini: ýeralma, käşir we kelem şirelerini içmek ýa-da olary deň mukdarda garyp içmek maslahat berilýär.

Konsentrirlenen şireleriň turşulygy peseldýändigini, 1:10 gatnaşykda garylan şireleriň ony ýokarlandyrýandygyny bilmek zerurdyr. Has gowy netije gazanmak üçin, şireleri ajöze içmeli ýa-da olary derman otlardan demlenen şireler bilen gezekleşdirmeli.

Gastrit keseline duçar bolanlara bal we balçylyk önümlerini ulanmak hem peýdalydyr. Olaryň dikeldiji, nemli bardanyň sowuklamasyna garşy we umumy berkidiji häsiýeti bar. Turşulyk ýokary bolan ýagdaýynda baly ýyly suw bilen garyp, nahardan 1,5-2 sagat öň içmek maslahat berilýär. Baly sowuk suw bilen garyp nahardan öň içmek, aşgazan şiresiniň işlenip çykmagyna oňaýly täsir edýär.

Dowamly gastridiň kliniki görnüşi we geçiş aýratynlygy adatça aşgazanyň aşgazan şiresini işläp çykarmak ýagdaýyna bagly bolýar. Şoňa görä, ol iki esasy topara bölünýär: aşgazan şiresiniň pes we ýokary bölünip çykmasy bilen geçýän gastrit .

Aşgazan şiresiniň turşulygy ýokary bolan gastrit keselinde ulanmaly berhiz:

Siziň esasy wezipäňiz – aşgazan şiresiniň işjeňligini peseltmek. Munuň üçin şu aşakdakylary berjaý etmeli:

  1. Iýmitden gödek süýümli kletçatkaly önümleri aýyrmaly (şalgam, turpça, damarly (syrly) et, kepekli çörek we ş.m.).
  2. Aşgazan şiresini köp bölüp çykaryjy önümler bolan spirtli içgileri, gazly suwlary, sitrus gök önümlerini we olardan taýýarlanan şireleri, kofäni, gara çöregi, ak kelemi we etli çorbalary ulanmakdan saklanmaly.
  3. Öte gyzgyn we öte sowuk iýmiti iýmäge ýol bermeli däl. Olaryň ikisi hem gyzylödege gyjyndyryjy täsir edýär, sowuk iýmit bolsa wagty bilen siňmeýär (iň amatly ýylylyk 15-60ºС aralygy).

Öz aşgazany üçin oňaýly şert döretmek isleýän adamlaryň iýmitiniň düzümine şu önümler girmeli:

  • Ýagsyz et, iň gowusy towşan eti. Ördek, gaz, goýun etlerini iýmitden aýyrmaly. Towuk etini iýmek bolýar, ýöne hamyny aýyrmaly, sebäbi onuň kuwwatlylygy örän ýokary bolýar
  • Derýa balygyny iýmek örän peýdaly, sebäbi onuň düzüminde omega-3/omega-6  ýaglary bar.
  • Leňňeç, krewetka ýaly deňiz önümleri.
  • Ýumurtga  (agyny heýgenek görnüşinde).
  • Däne önümleri (süle ýarmasy, greçka).
  • Süýt.
  • Käbir gök önümleri we ir-iýmişleri (ysmanak, kabaçok, kädi, gabyksyz pomidor, gök nohut, käşir, şugundyr, gök sogan, ukrop, petruşka); ir-iýmişleriň süýji görnüşleri (ýertudana, sürtgüçden geçirilen ýa-da gaýnadylan ýumşak ir-iýmişler).

Ýokary turşulykly gastrit keselinde şulary iýmek gadagandyr:

  • Ýagy aýrylan süýt we turşadylan süýt önümleri (dorog, ýogurtlar).
  • Semredýän uglewodlary: ýönekeý şeker we düzüminde şeker bar bolan önümleri, ak bugdaý ununy, şokolady iýmit düzüminden aýyrmaly. Ýöne bedeniň kuwwatlygyny saklamak üçin zerur bolan uglewodlary iýmitden aýryp, ýokary belokly doly uglewodsyz berhize geçmek bolmaýandygyny ýatdan çykarmaly däl. Sebäbi bu ýagdaýda beloklar beden kuwwatlygy üçin ulanylyp, aşgazanyň işine hiç hili goltgy berip bilmez.

Aşgazan şiresiniň turşulygy pes bolan gastrit keselinde ulanmaly berhiz:

Keseliň bu görnüşine ýoluganlaryň esasy wezipesi – bir tarapdan, aşgazan siresiniň kadaly işiäp çykmagyny gazanmak, başga bir tarapdan mehaniki taýdan nemli gatlagy aýamak. Adam iýmit kabul etmekçi bolanda, süýji tagamy görende ýa-da gowy bezelen saçaga gözi düşende, aşgazan şiresi bölünip çykyp başlaýar. Iýmiti işläp başlan aşgazana wagtynda, rahat ýagdaýda kabul etmek örän wajypdyr.

Aşgazan şiresiniň turşulygy pes bolan gastrit keselinde aşakdaky şertleri berjaý etmek zerurdyr:

  • Iýmnitiň her bir bölejigini mazaly çeýnemeli (25-30 sekundyň dowamynda). Bu tiz doýmaga we aşgazanyň bejerilmegine ýardam berýär.
  • Iýmit kabul etmegiň dowamlylygy azyndan 30 minut bolmaly
  • Iýmitden öň gazlandyrylan ýa-da minerallaşdyrylan suw içmek, aşgazan sekresiýasy üçin gowy goltgy bolýar.
  • Gök önümleri esasy iýmit bilen bile kabul etmeli. Almanyň we armydyň gabygyny aýryp, ýa-da howurpeçde bişirip iýmek peýdaly. Gül kelemi, käşir, brokkoli terligine işdäçar bolup biler.
  • Etlerden – azajyk sygyr etini towşan eti bilen garsaň bolýar.
  • Turşadylan süýt önümlerini iýmek bolsa-da, süýt içmek zyýanlydyr.

Nahary buglap, gowrup taýýarlasaň bolýar, ýöne gaty gyzardyp gowurmaly däl. Gadagan edilen iýmit önümlerine süýt önümlerinden başga aşgazan şiresiniň turşulygy ýokary bolan gastrit keselindäki çäklenmeler degişlidir.

Gastridiň iki görnüşinde-de aşakda agzalan düzgünleri berjaý etmek peýdaly:

  • Gastridiň ähli görnüşinde, has hem turşulygy pes bolan ýagdaýynda, çilimden bütinleý el çekmeli. Ýöne çilimiň taşlanylan gününden bedeniň gormonal sazlaşygynyň üýtgeýänligi sebäpli, 6-8 aýyň dowamynda beden artykmaç semizlige ýykgyn etmek töwekgelliginiň artýandygyny unutmaly däl.
  • Iýmitde, hökman düzüminde beloklar bar bolan önümleri ulanmaly. Ýöne ýokarda görkezilen gadagan edilen önümleri iýmekden saklanmalydyr.
  • Witamin-mineral toplumyny dogry ulanmagy unutmaly däl.
  • Belogyň ýeňil siňmegi üçin, beden witaminler (esasan-da B6 bilen) we minerallar bilen üpjün edilmeli,.
  • Nahar goşundylaryny ulanmak maslahat berilmeýär. Ýöne nahar tagamsyz, ýuwan bolmaz ýaly, aşgazany gyjyndyrmaýan goşundylary (ukrop, petruşka, seldereý) goşmak bolýar. Olar ownuk dogralyp, saçaga goýuljak wagty goşulýar. Nahary az-azdan ýygy iýmegi ýola goýmaly.

Iýmit düzgüniniň, tertibiniň bozulmagy, onuň hiliniň pes bolmagy gastrit keseline sebäp bolýandygy üçin, bu kesel esasan-da berhiz bilen bejerilýär. Syrkawa degişli berhizi lukman bellemelidir. Bedeniňde ýiti we dowamly gastrit diýen keseli duýmazlyk üçin, ýokarda agzalanlardan dogry netije çykaryp, wagtynda doly we ýokumly iýmitlenmäge çalyşmaly, ýaramaz endiklerden – çilimkeşlikden, spirtli içgilerden gaça durmaly, ýakymsyz täsirlerden goranmaly. Wagtal-wagtal lukman gözegçiliginden geçip, lukmanlaryň maslahatlaryny berjaý etmeli.

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2 / 3

  • 15928 gezek okalan