WAKSINA ALMAGA ŞÜBHELENÝÄNLER BILEN NÄDIP GÜRLEŞMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

waksina almaga subhelenyanlerWaksina almaga ýaýdanýanlaryň sany dünýä ýüzünde köpelýär, emma ylmy barlaglar olaryň soraglaryna nähili jogap berip boljakdygynyň anyk usullaryny ýüze çykardylar.

COVID-19 pandemiýasynda gözegçilik geçirilen 55 ýurduň 52-sinde çagalara berilýän sanjymlara bolan ynam peselipdir. Meselem, ABŞ-da ene-atalaryň 20%-i waksinalar barada şübhelenýärler – bu bolsa ýurtda 2025-nji ýylda gyzamyk ýokanjynyň ýaýramagyna we 3 sany sanjym almadyk kişiniň ölmegine getirdi.

Ilatyň waksinalara bolan garaýşynyň beýle üýtgemegi alymlary, lukmanlary we başga-da ençe adamy gynandyryp biler, çünki waksinalar keselleriň öňüni almagyň iň amatly ýollarynyň biri bolup, soňky 50 ýylyň içinde dünýäde 150 million adamyň janyny ölümden halas etdiler.

Onda sen şübheli adamlara näme diýip bilersiň? Maşgala agzalaryň we dost-ýarlaryň bilen gürleşeniňde nähili maglumatlar we deliller kömek edip biler?

Diňle, tankytlaman diňle

Ylmy barlagçylaryň bellemegine görä, waksina almaga ikirjiňlenýänler bilen gürleşeniňde olary tankytlaman ýa-da äsgermezlik etmän, ünsli diňlemegi başarmaly. "Adamlar körzehin, akylsyz ýa-da internetdäki nädogry maglumatlara ynanyp ýören türkana" diýip çaklamak ýalňyşlykdyr. Köp adamyň hakykatdan hem delillere esaslanýan soraglary we sebäpleri bolýar we eger sen olara gönümel "seňki ýalňyş" ýa-da "onyň samsyklyk" diýseň, olary diňe özüňden we waksinalardan has hem daşlaşdyrarsyň. Oňa derek, bar ünsüňi jemläp diňlemek, ýerlikli soraglary bermek we adamyň şübhelenmegine nämeleriň sebäp bolýandygyna düşünmäge çalyşmak maslahat berilýär. Biz diňe adamyň waksina almagyna nämeleriň päsgel berýändigine düşünenimizden soňra olara ýekän-ýekän çäre gözläp bileris.

Adamlary özlerine we çagalaryna sanjym almaga ýaýdandyrýan sebäpleriň ençemesi ylmy barlaglar tarapyndan ýüze çykaryldy. Olary BSGG üç görnüşe böldi:

1. Ynanmazlyk (men waksinalaryň howpsuzdygyna, netijelidigine ýa-da olary üpjün edýän saglyk ulgamyna ynam bildirmeýärin).

2. Giň göwünlilik (maňa waksina hökman däl, sebäbi men seresaply ýaşaýaryn we maňa keseliň ýokuşma ähtimallygy örän pes).

3. Amatsyzlyk (waksina berilýän ýer örän uzakda ýerleşýär; waksina almaga maddy taýdan ýagdaýym ýok; waksina berýänler meniň dilimde gürlemeýärler).

Adamyň daşky gurşawyny göz öňünde tutmagy hem unutmaly däl. Adamlaryň medeniýeti, dini we etnik gelip çykyşy hem olaryň ynançlaryna we garaýyşlaryna güýçli täsir edip bilýär.

Köplenç adamlary şahsy sebäpler şübhä salýar: "sanjym çagama näme ederkä?"; "waksina meniň saglygyma täsir edermikä?" Bu soraglaryň döremegine hem, esasan tanyş-bilişlerden ýa-da mediýadan çykýan waksinalaryň mümkin bolan ýan täsirleri baradaky habarlar täsir edýär. Hatda waksinalaryň ýan täsirleri juda seýrek ýüze çykýan hem bolsa we waksinalaryň peýdalary mümkin bolan zyýanlaryndan müňlerçe esse üstün hem bolsa, adamlar tanaýanlarynyň başdan geçiren wakalaryna öwredilýän maglumatlardan has beter ynanagan bolýarlar.

Öz garaýşyňy beýan et

Gürrüňdeşligiň dowamynda ygtybarly maglumatlary hem paýlaşmagyň möhümdigini ylmy barlagçylar aýdýarlar. Ilki gürrüňdeşiň şübhelenmelerine gulak asyp, onuň sebäplerini öwreneniňden soňra bilýän ygtybarly maglumatlaryňy paýlaş.

Bu maslahatlar esasan-da lukmanlardan we saglygy goraýyş işgärlerinden çykanda, adamlaryň waksina alma ähtimallygy beýgelýär. Emma maslahat berlende buýrujy, mejbur ediji, utandyryjy äheň ulanmazlygy, diňe adamy özbaşdak karara gelmäge ugrukdyrmagy alymlar nygtaýarlar.

Muny gazanmagyň bir ýoly duýgudaşlyk we sylaşyklylyk bilen, gürrüňdeşiňi waksina almaga höweslendirmekdir. Meselem, ilki saglyk işgäri waksina almagy maslahat berýär. Eger adam ýaýdanjaňlyk etse, onda saglyk işgäri "Näme üçin şübhelenýärsiňiz?" diýip sorap biler. Soňra ol adamyň pikirdir-garaýyşlaryna duýgudaşlyk bildirip, anyk şolara gönükdirilen maglumatlary paýlaşyp biler. Meselem:

↪ Ene-ata: "Men waksinanyň çagamda autizme sebäp bolmagyndan gorkýaryn".

↪ Lukman: "Hää, aladaňyza gowy düşünýärin. Siz ýeke däl, şeýle gaýgy edýän köp ene-ata görýärin. Siz ene-ata hökmünde çagaňyzy mümkin bolan zyýanlardan goramak isläp dogry edýärsiňiz. Bu meselede ylmy taýdan geçirilen gözlegler hem bar. Olaryň netijeleri barada öwrenmek isleýärmisiňiz?

↪ Ene-ata: Hawa, aýdaýyň.

↪ Lukman: Dünýäniň dürli ýerlerinde geçirilen ylmy barlaglaryň 500-den köpüsi waksinalar bilen autizmiň arasynda baglanyşygyň ýokdugyny görkezdiler. Autizm hadysasy waksina alan we almadyk çagalarda deň derejede ýüze çykýar. Bu barada näme pikir edýäňiz?

Hatda saglyk pudagynda işlemeýän adamlar hem şeýle maglumatlary paýlaşyp bilerler. Olaryň hemişe ylmy sanlary we delilleri ýatdan bilmesi hem hökman däl. Haçanda az-kem şübheli biri bilen gürleşeniňde, diňe näme üçin öz waksina alýandygyňy we näme üçin waksinalara ynam bildirýändigiňi düşündirmek hem onuň pikirini üýtgetmegi üçin ýeterlikdir.

Dogruçyl bol

Aç-açanlyk we näbellilikleriň hem bardygyny boýun almak iň möhümidir. Aşa ynamly gürläp, waksinalaryň töwekgelçilikleri we netijeliligi baradaky näbelliliklere göz ýummak gürrüňdeşiňi tersine has hem öz pikirinde galmaga iterýär. Hatda ylmy barlaglaryň hem hiç biri hiç haçan 100% netijeliligi wada bermeýär. Ylmy hem ýoýman, bolşy ýaly düşündireniňde adamlaryň ynamyna girmek ýeňilleşýär.

Çeşme