GYZAMYK – BARHA ARTÝAN HOWP

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

gyzamyk barha artyan howpBSGG we Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi (CDC) tarapyndan bilelikde taýýarlanan täze hasabata görä, çagalara gyzamyga garşy waksinanyň berlişiniň "howply derejede" peselenligi sebäpli dünýäde gyzamyk hadysalary ýokarlanýar.

Görkezijiler:

Gyzamyk hadysalarynyň sany 2022-nji ýylda 18% artyp, 9 milliona ýetdi.

↪ Ölümçilik 43% ýokarlandy we 136,200 boldy.

Waksinasiýada boşluklar: COVID-19 pandemiýasy döwründe millionlarça çaga gyzamyk waksinalaryny sypdyrdy. Ýokary girdejili ýurtlarda waksinanyň täsirliliginden şübhelenme sebäpli waksina alnyşy pese gaçsa, pes girdejili ýurtlarda waksinanyň az alynmagy gowşak saglyk ulgamlary sebäpli ýüze çykdy.

Pes girdejili ýurtlarda waksina alnyş derejesi 66% bolup, pandemiýa wagtyndaky peselmeden soň ýokarlanmady.

Kesele garşy ejiz ýurtlar: 2021-nji ýylda gyzamyk hadysalary 22 ýurtda ýüze çykan bolsa, geçen ýyl bu san 37-ä ýetdi. BSGG-nyň hasabatyna görä, bu ýurtlaryň 28-si Afrikada bolup, BSGG keseli "çagalar üçin barha artýan howp" diýip häsiýetlendirdi.

Gyzamyga garşy waksinany sypdyran 22 million çaganyň ýarysyndan gowragy esasan Afrikadaky we Günorta-Gündogar Aziýadaky 10 ýurtda ýaşaýarlar.

Howatyrlandyryjy çaklama: 2023-nji ýyldaky hadysalar 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende iki esse köpelip biler.

Gyzamyga we gyzylja garşy göreş boýunça BSGG-nyň ýolbaşçysy Nataşa Krowkroft: "Hadysalar häzirki derejede artmasyny dowam etse, bu iň gowşak ýurtlardaky çagalar üçin heläkçilik bolar" – diýip belledi.

  • 225 gezek okalan