• Makalalar
  • COVID-19
  • KORONAWIRUS BILEN BAGLY ÝAGDAÝLARA SYN WE SAGLYK HABARLARY (26.11.2021)

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

KORONAWIRUS BILEN BAGLY ÝAGDAÝLARA SYN WE SAGLYK HABARLARY (26.11.2021)

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.34 (156 Ses)
Image

ÜNS BER!

Biz COVID-19 baradaky fakt-barlaglarymyzda halkara derejede tanalýan saglyk guramalaryna we saglyk hünärmenlerine esaslanýarys. Epidemiýa baradaky maglumatlaryň yzygiderli täzelenip durýandygy sebäpli, biziň hem fakt-barlaglarymyz şolara görä täzelenip durýar. Eger-de lukmançylyk maslahatyny gözleýän bolsaňyz, lukmana ýüz tutuň. COVID-19 barada goşmaça maglumat almak üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň websaýtyny okaň.

HABARLAŞMAK KONTAKTLARY

Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň salgysy: tel: +993 12 28-14-47, 28-22-04;

Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş ministrligi: tel: +993 12 40-04-16, +993 12 40-04-07;

1-nji aprel: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 24 sagat işleýän koronawirus boýunça sorag-jogap gyzgyn liniýasyny açdy – 73-95-35;

BSGG Türkmenistan: +993 12 48-83-25;

@BSSG Turkmenistan (Instagram), @UN_Turkmenistan, @UNDPTM, @UNRССA (UN Regional Center for Preventive Diplomacy for Central Asia)

20-26 NOÝABR 2021

Koronawirus (COVID-19) bilen bagly ýagdaýlara syn we saglyk habarlary:

Sanlar

John Hopkins University and Mediсine: kesellänler 260,247,181, ýogalanlar: 5,186,088, waksinasiýa dozalary: 7,546,532,172.

BSGGTürkmenistan: kesellänler: 0, ýogalanlar: 0, waksina dozalary: 7,580,976 (awgust), Gazagystan: 1,049,637 (17,751), 16,570,881, Gyrgyzystan: 183,066 (2,734) 1,825,313, Özbegistan: 192,175 (1,389) 28,859,034, Täjigistan: 17,493 (125) 5,291,837, Russiýa: 9,468,189 (269,057) 119,759,585.

Türkmenistan

Hossarsyz galan cagalaryň pensiýasy: Türkmenistanda hossarsyz galan çagalaryň pensiýalarynyň möçberleri ýokarlandyrylar. Häzirki wagtda hereket edýän Kodekse laýyklykda, üç we ondan köp çaga üçin ähli ýagdaýlarda pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygyň 285 göterimi tölenilýän bolsa, indiki ýyldan başlap ýetim çagalara tölenilýän ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa şu möçberde töleniler:

▷ dört çaga binýatlyk ululygyň 335 göterimi (1373,50 manat);

▷ bäş we şondan köp çaga binýatlyk ululygyň 380 göterimi (1558,00 manat).

Pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululyk Türkmenistanyň Permanyna laýyklykda 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 410 manat möçberde bellenilendir.

Sekiz çagaly eneleriň pensiýasy: Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan sekiz we şondan köp çagany dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy (iş döwri) 10 ýyldan az bolmadyk, 52 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň ýaşy boýunça pensiýa hukugynyň döreýändigini habar berýär.

Pandemiýa dünýä ýüzünde:

BSGG COVID-19 sebäpli dürli organlara täsir edýän seýrek inflammasiýany (MIS-C) başdan geçirýän çagalaryň bejergi gollanmasyny täzeledi. Täze gollanmada MIS-C bilen hassahana düşýän çagalaryň bejergisinde kortikosteroidleri ulanmak maslahat berilýär.

COVID-19 ýokuşan göwreli aýallaryň, ýokuşmadyklar bilen deňeşdireniňde, çagalarynyň öli dogulma töwekgelçiligi ýokary bolýar.

Başga habarlar:

Eýran aýallara berilýän reproduktiw hyzmatlary çäklendirýär

Eýranyň döwlet resmileri ýurduň azalyp barýan ilatynyň sanyny köpeltmek maksady bilen, aýallaryň kontrasepsiýa we aborta bolan elýeterliligine çäklendirme girizdiler. Hukuk toparlary we saglyk ekspertleri bu hereketiň howpludygyny belleýärler. Täze kanun aşakdakylary hem öz içine alýar:

↪ Kontraseptiwleriň mugt paýlanylmasynyň gadagançylygy

↪ Aborta karar beriji ýörite paneller

↪ Köp çagaly maşgalalar üçin goşmaça ýeňillikler

↪ Milli teleradioýaýlymlaryndan köp çaga edinmegi öňe sürýän we aborty we nikasyzlygy ýazgarýan materiallary döretmek talaplary

"Ykdysady meseleleri çözmäge derek, [resmiler] biziň durmuşymyza has beter goşulýarlar" diýip, öz howpsuzlygy üçin diňe adyny paýlaşan Goýa nägileligini bildirdi.

Saglyk.orgСOVID-19 ähli soraglaryňa jogaplar. Oka, goran, paýlaş! Bizi IMO-da hem yzarlaň! (Group Name: Saglyk; Group ID: 15022763

Özüňi we maşgalaňy gora

Barlaglar (Testler)

Karantin

Wirus

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy täze koronawirus (Covid-19) barada ýaýran toslamalary paş etdi

"Pandemiýa" näme?

Ýüzärlik

Alkogolly içgiler koronawirusdan goraýarmy?

Koronawirusyň (Covid-19) we dümewiň meňzeşlikleri we tapawutlary

Oksolin ýagy (оксоли́новая мазь) koronawirusyň ýokuşmagynyň oňüni alýarmy?

Covid-19 wirusy näçe wagtlap zatlaryň ýüzünde diri galyp bilýär?

Ibuprofen dermany Covid-19 bilen kesellänleriň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýarmy?

Günüň aşagynda durmak koronawirusdan (Covid-19) goramaýar

Inçekesel waksinasy koronawirusdan gorap bilýärmi?

Covid-19: immunitet we möwsümleýinlik

Täze koronawirus adamlaryň aglabasyna ýokuşarmy?

SARS-COV-2 wirusyny kontrolda saklap, aradan aýryp ýa-da ýok edip bolýarmy?

SARS-COV-2 wirusy jynsy gatnaşykda spermanyň (dölüň) üsti bilen ýokuşyp bilýärmi?

Jemgyýetçilik basseýnlerine haçan arkaýyn gidip bolar?

Atipiki pnewmoniýa näme?

Adam jaýlananda howpsuzlyk we hormat

Burnum ys alanok. Bu koronawirusyň alamatymyka?

Alymlar koronawirusyň howada saklanmagy barada BSGG-a ýüzlenýärler

Covid-19 bilen keselländen näçe wagt geçensoň adamlar bilen gatnaşyp bolýar?

Okyjydan: Koronawirus simptomsyz hem geçip bilýär diýýilýär, düşündiräýseňiz

Covid-19: Nädip dezinfeksiýa etmeli?

Okyjydan: Hlory ýa-da natriniň gipohloridini howa sepmek koronawirusy öldürip bilýärmi?

Okyjydan: Bir gezek Covid-19 bilen keselläp gutulsaň, kesel täzeden ýokuşyp bilýärmi?

Covid-19 öňümizdäki dümew möwsümini beterleşdirermi?

Aerozol geçirijileri barada has köp subutnama tapyldy

Hajathanalarda Covid-19 ýokuşyp bilýärmi?

Koronawirusyň esasy alamaty – ys alşyň ýitmegi

Ys alşyň ýitmeginden-tutgaýlara çenli: Covid-yň köpugurly hüjümi

Covid-19 pandemiýasy döwründe "artyk ölümleriň" sanyna gözegçilik

ELLERI NÄDIP DOGRY ÝUWMALY?

SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?

Image

Salamlaşanyňyzda

BOLMAÝAR:

Elleşmek;

Gujaklaşmak;

Öpüşmek.

BOLÝAR:

Baş egmek;

Mylaýym ýylgyrmak;

Eliňi galgatmak;

Eliňi ýüregiňe goýup egilmek.

A SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?

#salamlaşmak #koronawirus

  • 44784 gezek okalan