• Makalalar
  • COVID-19
  • COVID-19 WAKSINASYNYŇ DÜRLI GÖRNÜŞLERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

COVID-19 WAKSINASYNYŇ DÜRLI GÖRNÜŞLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.83 (6 Ses)

covid durli vaksinalary2020-nji ýylyň dekabryna çenli, dünýä ýüzünde COVID-19 üçin 200-den gowrak waksina dalaşgäri peýda boldy. Olaryň hem azyndan 52 sanysy adamlarda synagdan geçirilýär. Olaryň ýene birnäçesi synaglaryň 1-nji we 2-nji tapgyrlarynda bolup, geljekki aýlarda 3-nji tapgyra geçerler.

Näme üçin ýasalýan waksinalaryň sany şeýle kän?

Adatça, howpsuz we netijeli waksina tapylýança, köp sanly waksina barlagdan geçirilýär. Meselem, laboratoriýada we laboratoriýadaky haýwanlarda synalýan waksinalaryň takmynan 100-den 7 sanysy adamlarda kliniki synag geçirmek üçin saýlanylýar. Kliniki synaglara gatnaşýan waksinalaryň hem içinden diňe 5-den 1-i üstünlikli çykýar. Şonuň üçin hem, näçe köp sanly waksina ýasalsa, adamlara peýdaly boljak waksinalary tapmak hem şonça aňsatlaşýar.

Waksinanyň dürli görnüşleri

Waksina ýasalanda, esasy 3 sany usul ulanylýar. Olaryň esasy aýratynlygy düzümleridir. Olar:

1. Düzüminde bitewi wirusyň ýa-da bakteriýanyň özüni saklaýan waksinalar;

2. Düzüminde wirusyň immun ulgamyny oýarýan bölekleri saklaýan waksinalar;

3. Düzüminde wirusyň tutuş özüni däl-de, diňe belli beloklary döretmek üçin instruksiýalary bolan genetiki material saklaýan waksinalar.

Bitewi mikrobly usul

Jansyzlaşdyrylan waksina

Waksina ýasamagyň ilkinji usuly – bu kesel dörediji ýa-da şoňa örän meňzeş wirusy ýa bakteriýany alyp, ony himikatlaryň, gyzgynlygyň, ýa-da radiasiýanyň kömegi bilen jansyz hala getirmekdir. Bu usulda adamlarda netijeliligi subut edilen tehnologiýa ulanylýar we waksinalary ýeterlik möçberde öndürip bolýar. Dümewiň we poliomiýelitiň waksinalary hem şu usulda çykarylýar.

Emma welin, bu usulda wirusy ýa-da bakteriýany howpsuz ýetişdirmek üçin ýörite laboratoriýalar gerek bolýar; muny öndürmek hem uzaga çekip bilýär; şeýle-de, bu köplenç 2 ýa-da 3 dozadan berilmeli bolýar.

Kuwwatsyzlandyrylan waksina

Kuwwatsyzlandyrylan waksina kesel dörediji ýa-da öňa örän meňzeş waksinanyň janly, emma gowşadylan görnüşini göterýär. Bu görnüşli waksina mysal edip, gyzamyk, hapgyrtma, we gyzylja keselleriniň waksinalaryny görkezip bolar. Bu usulda hem, jansyzlaşdyrylan waksinaňka meňzeş tehnologiýa ulanylýar we waksinany kanagatlanarly möçberde öndürip bolýar.

Emma welin, munuň ýaly waksinalary immun ulgamynda kemçilik bolan adamlar üçin ulanyp bolmaýar.

Wirusly wektor waksinasy

Waksinanyň bu görnüşiniň düzüminde wirusyň bölekleri (beloklar) saklanýar. Bu beloklar adamy keselletmän, immun jogabyny oýarýarlar. Beýle waksinany ýasamak üçin, howpsuz bir wirusyň içine kesel dörediji wirusyň belli böleklerini ýasamak üçin instruksiýalar ýerleşdirilýär. Soňra bu howpsuz wirus, belogy bedene paýlaýjy platforma ýa-da wektor bolup hyzmat edýär. Belok bolsa, öz gezeginde, immun jogabyny oýarýar. Ebola keseliniň waksinasy wirusly wektordyr we bu hili waksinalary tiz ýasap bolýar.

Bölekli usul

Bölekli waksina düzüminde wirusyň ýa-da bakteriýanyň örän spesifik böleklerini saklaýar. Soňra, immun ulgamy bu bölekleri tanamaly bolýar. Bu görnüşli waksinada bitewi mikrob ýa-da wektor bolup hyzmat ediji howpsuz wirus bolmaýar. Waksinadaky bölekler beloklardan ýa-da şekerlerden düzülip bilýärler. Çagalara berilýän waksinalaryň aglabasy bölekli waksinalardyr. Olar adamlary demgysdyryjy üsgülewükden, özüňden gitmeden, hörezekden, meningokokkal meningitden goraýarlar.

Genetiki usul (nukleýin kislotaly waksina)

Kuwwatsyzlandyrylan ýa-da jansyz bitewi mikroby ýa-da onuň böleklerini ulanýan usullardan tapawutlylykda, nukleýin kislotaly waksina genetiki materialyň diňe bir bölegini ulanýar. Bu genetiki materialda belli beloklary düzmek üçin instruksiýalar ýerleşýär. Biziň öýjüklerimiziň belok ýasamak üçin ulanýan instruksiýalaryna DNK we RNK diýilýär. Öýjüklerimizde ilki bilen DNK habar gatnadyjy RNK öwrülýär. Soňra RNK spesifik beloklary ýasamak üçin bluprint (bir zady nädip gurmagy/ýasamagy düşündirýän plan) hökmünde ulanylýar.

Nukleýin kislotaly waksina öýjüklerimize belli instruksiýalary ýetirýär. Bu instruksiýalar ýa DNK ýa-da mRNK görnüşde bolýar we olaryň döredýän beloklaryny immun ulgamymyz tanaýar we jogap gaýtarýar.

Nukleýin kislotaly usul waksina ýasamagyň täze usulydyr. COVID-19 pandemiýasyndan öň, bu görnüşli waksinalaryň hijisi hem adamlarda ulanmak üçin tassyklanmandy. Emma, belli-belli rak kesellerini öz içine alýan käbir DNK waksinalary adamlarda synagdan geçirilýärdi. Pandemiýa sebäpli, bu ugurdaky ylmy barlaglar güýçli depginde ösdi we käbir mRNK COVID-19 waksinalary adatdan daşary ýagdaýlarda ulanyş üçin tassyklanylyp başlandy. Bu bolsa, indi bu hili waksinalaryň, kliniki synaglardan daşary hem, adamlara berlip bilinýändigini aňladýar.

Çeşme: Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy

GOŞMAÇA MAGLUMAT

WAKSINALAR NÄDIP IŞLEÝÄR?

WAKSINALAR NÄDIP ÝASALÝAR?

WAKSINANYŇ ÖNÜMÇILIK, HOWPSUZLYK WE HIL ÜPJÜNÇILIGI

  • 1320 gezek okalan