• Makalalar
  • COVID-19
  • WAKSINANYŇ ÖNÜMÇILIK, HOWPSUZLYK WE HIL ÜPJÜNÇILIGI

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

WAKSINANYŇ ÖNÜMÇILIK, HOWPSUZLYK WE HIL ÜPJÜNÇILIGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

waksina howpsuzlykWaksina önümçilik üçin nädip tassyklanylýar?

Waksina kliniki synaglardan geçensoň, degişli regulirleýji edara onuň hilini, howpsuzlygyny, we täsirliligini barlagdan geçirýär. Waksina regulýatorlaryň tassyklamasyny alansoň, ol irki kwalifikasiýa üçin Bütindüný Saglygy Goraýyş Guramasyna (BSGG) ugradylýar. Irki kwalifikasiýada waksina hil, howpsuzlyk, we täsirlilik boýunça synagdan geçirilýär – bu BMG-a we beýleki halkara guramalara waksinanyň ähli talaplara laýyk gelýändigini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Adatdan daşary global saglyk hadysalarynda, BSGG-nyň EUL (Adatdan daşary ulanyşa belleme tertibi) bölümi waksinany adatdan daşary ýagdaýlarda ulanmaga rugsat berip bilýär. Pandemiýa dörände, dünýäde ençeme adamyň janyny halas edip biljek önümleriň bazara çykarylmasy uzak wagt alyp bilýär – hut şeýle ýagdaýda hem, EUL kömege ýetişip bilýär. EUL örän çakgan emma berk düzgünler bilen hereket edip, peýdaly önümleri gerekli adamlaryna tiz wagtda ýetirmäge synanyşýar. Munuň üçin EUL önümiň töwekgelçilikli we bähbitli taraplaryny derňewden geçirýär. Irki kwalifikasiýanyň we EUL-iň maslahatlary ÝUNISEF ýaly BMG-a degişi guramalar tarapyndan önümi pes we orta girdejili döwletler üçin satyn almak üçin ulanylyp bilinýär. “Gavi” atly halkara waksina bileleşigi hem, öz gaznasynyň haýsy waksinalary satyn almak üçin ulanyljakdygyny kesgitlemekde EUL-iň we irki kwalifikasiýanyň maslahatlaryna daýanýar.

Waksina nädip öndürilýär?

Guramalar adatça waksinanyň kliniki taýýarlanyş maksatnamalaryny özbaşdak tamamlaýarlar. Waksina tassyklanandan soňra, ol has köp mukdarda öndürilip başlanýar. Antigen (bakteriýanyň biziň immun ulgamymyzyň reaksiýa görkezýän bölümi) gowşadylýar ýa-da bütinleý güýçden gaçyrylýar. Waksinany ýasamak üçin, ähli ingrediýentler garyşdyrylýar.

Käwagt waksinany ýasamak, synagdan geçirmek, we önümçilige çykarmak prosesi 10 ýyldan hem köp wagt alyp bilýär. COVID-19 waksinasyny taýýarlamak prosesini tizlendirmek üçin, ylmy-barlagçylaryň we taýýarlaýjylaryň her topary bir etabyň üstünde işleýär. Koronawirus waksinasyny çykarmak prosesiniň tizlendirilmeginde ykdysady we syýasy çäreleriň gerimi uludyr. Şeýle-de, dürli döwletler we halkara saglygy goraýyş guramalary COVAX başlangyjynyň üsti bilen, prosesi ýeňilleşdirmek hem-de waksinalaryň deň paýlanylmagyny üpjün etmek ugrunda bile işleýärler.

Waksina nädip gaplanylýar?

Waksina köp mukdarda öndürilenden soňra, ol aýna çüýşelere salynýar we seresaplyk bilen, howpsuz hem sowuk ýerde saklama we transport üçin gaplanylýar.

Waksinanyň gaby adatdan daşary temperaturalara we ony dünýä ýüzüne transport etmekde ýüze çykýan töwekgelçiliklere çydap bilmeli. Şonuň üçin, waksina çüýşeleri köplenç aýnadan edilýär – çünki aýna durumly we güýçli temperaturalara çydamly bolýar.

Waksina nädip saklanýar?

Eger-de waksina aşa gyzgyn ýa-da aşa sowuk bolsa, onuň netijeliligi peselýär ýa-da ýitýär. Nädogry temperaturada saklanýan waksina zaýalanyp ýa-da ulanyş üçin howply bolup bilýär. Waksinalaryň köpüsi sowadyjyda 2-8°C gradus aralygynda saklanýar. Käbir waksina 20°C gradusa deň bolan temperaturany talap edýär. Täze çykýan waksinalaryň käbiri üçin aşa sowuk temperatura gerek bolýar (-70°C). Doňdurylan waksinalaryň käbiri belli bir wagt aralygynda 2-8°C gradusda durup bilýärler.

Adaty sowadyjylar durnukly temperaturany saklap bilmeýärler. Şonuň üçin, bu gymmatly önümler üçin ýörite lukmançylyk sowadyjylary gerek bolýar.

Waksina nädip transport edilýär?

Waksinany durnukly temperaturada saklamak üçin, onuň transportunda ýörite enjamlar ulanylýar. Waksina barmaly ýurduna baryp ýetensoň, ol sowadyjyly ýük maşynlarynyň kömegi bilen, aeroportdan sowuk ammara daşalýar. Ammardaky waksinalary sebitleýin merkezlere äkitmek üçin ykjam sowadyjy gutular ulanylýar. Bu merkezlerde waksinalar sowadyjylarda saklanylýar. Eger waksinasiýa sebitleýin merkezden daşarda geçirilse, onda waksinalar sowadyjyly ykjam gutularyň kömegi bilen waksinasiýanyň geçiriljek ýerli edaralaryna gowşurylýar. Täze oýlanyp tapylan ykjam enjamlar waksinalary elektrik ulanmasyz, birnäçe günläp sowuk temperaturada saklamaga mümkinçilik berýär.

Hil üpjünçiligi

Waksina ilata berlip başlansoň, onuň mümkin bolan ýan täsirlerini we başga netijeleri öwrenmek üçin, hökümet ýolbaşçylary we BSGG ýagdaýlara yzygiderli gözegçilik edýärler. Waksinanyň howpsuzlygy ähli zatdan ileri tutulýar – hatda waksina ulanyş üçin tassyklanandan soňra hem, dowamly barlaglar we kliniki synaglar geçirilip durulýar. Waksinanyň näçe wagtlyk goraýjylyk güýjüniň bardygyny kesgitlemek üçin hem barlaglar alnyp barylýar.

Çeşme

GOŞMAÇA MAGLUMAT

WAKSINALAR NÄDIP IŞLEÝÄR?

WAKSINALAR NÄDIP ÝASALÝAR?

COVID-19 WAKSINASYNYŇ DÜRLI GÖRNÜŞLERI

  • 90 gezek okalan