• Makalalar
  • COVID-19
  • WAKSINALAR NÄDIP ÝASALÝAR?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

WAKSINALAR NÄDIP ÝASALÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

waksina nadip yasalyarWaksinanyň düzüminde nämeler bolýar?

Waksinalarda kesel döredýän organizmiň maýdajyk bölejikleri ýa-da şol bölejikleri ýasamak üçin bluprint (bir zady nädip gurmagy/ýasamagy düşündirýän plan) saklanýar. Şeýle-de, waksinada ony howpsuz we netijeli saklamak üçin beýleki ingrediýentler bolýar – bu ingrediýentler waksinalaryň köpüsiniň düzüminde bar we onlarça ýyllap milliardlarça waksina dozalarynda ulanylyp gelinýär.

Waksinany düzýän her bir ingrediýentiň ýörite maksady bolup, olaryň her biri önümçilik prosesinde synagdan geçirilýär. Ingrediýentleriň ählisi howpsuzlyk üçin synagdan geçirilýär.

Antigen

Ähli waksinalarda immun jogabyny oýaryjy antigen (aktiw komponent) ýa-da antigen ýasamak üçin bluprint ýerleşýär. Antigen kesel dörediji organizmiň belok ýa-da şeker ýaly kiçi bölegi bolup bilýär, ýa-da organizm (gowşadylan ýa-da aktiw däl halda) bütinleýin antigenden düzülip bilýär.

Konserwantlar

Konserwantlar birden köp adama sançmaga niýetlenip açylan waksina çüýşesini zaýalanmakdan saklaýarlar. Käbir waksinalarda konserwantlar bolmaýar, sebäbi ol waksinalar ýeke dozalyk çüýşelerde saklanylýar we bir doza ulanylansoň, zyňylýar. Iň köp ulanylýan konserwant "2-fenoksietanol" diýlip tanalýar. Bu konserwant ençeme ýyllap ençeme waksinada ulanylyp gelinýär. Bu çagalar üçin niýetlenen önümlerde hem ulanylýar we adamlara zyýanynyň az bolany üçin, waksinalarda ulanmak üçin hem howpsuzdyr.

Stabilizatorlar

Stabilizatorlar waksinanyň içinde himiki reaksiýalaryň döremesiniň öňüni alýarlar we waksinanyň komponentlerini çüýşä ýelmeşmekden saklaýarlar.

Stabilizatorlaryň käbir görnüşleri: şekerler (laktoza, saharoza), aminokislotalar (glisiniýa), želatin, we beloklar (maýadan alnan rekombinirlenen adam albumini).

Surfaktantlar

Surfaktantlar waksinanyň ähli ingrediýentlerini garyşyk saklaýarlar. Olar waksinadaky suwuk elementleriň lokgalanmasynyň ýa-da çökmesiniň öňüni alýarlar. Surfaktantlar köplenç doňdurma ýaly iýmitlerde hem ulanylýar.

Galyndylar

Galyndylar waksinanyň önümçiliginde ulanylýan dürli maddalaryň az möçberdäki ownujak galyndylarydyr. Galyndylar taýýar waksinada aktiw bolmaýarlar. Galyndy maddalaryň görnüşleri önümçilik prosesine görä dürli-dürli bolup bilýär we ýumurtga beloklaryny, maýany, hem-de antibiotikleri öz içine alyp bilýär. Bu maddalaryň galyndylary waksinanyň içine düşüp bilýärler, emma olaryň möçberi şeýlebir az welin, olar waksinanyň bütin göwrüminiň milliondan ýa-da milliarddan bir bölegi hökmünde ölçenilýär.

Suwaldyjy

Suwaldyjy waksinany ulanmazdan öňürti ony dogry konsentrasiýa getirmek üçin ulanylýan suwuklykdyr. Iň köp ulanylýan suwaldyjy arassalanan suwdur.

Adýuwant

Käbir waksinalaryň düzüminde adýuwantlar bolýar. Adýuwant, ýa waksinany sanjylan ýerinde uzagrak saklamak arkaly ýa-da ýerli öýjükleri gyjyndyrmak arkaly, immun ulgamynyň waksina jogap berşini gowulandyrýar.

Adýuwant ujypsyz möçberdäki alýuminiý duzlaryndan düzülip bilýär (meselem, alýuminiý fosfaty, alýuminiý gidroksidi, ýa-da kalili alýuminiý sulfaty). Alýuminiýniň uzak-wagtlyk saglyk meselelerine sebäp bolmaýandygy subut edilendir. Adamlar gündelik durmuşda hem, iýmitlerden ýa içgilerden alýuminiý kabul edýärler.

Waksinalar nädip ýasalýar?

Waksinalaryň köpüsi onlarça ýyllap ulanylyp gelinýär we olary her ýyl millionlarça adam howpsuz kabul edýärler. Edil beýleki derman serişdeleri ýaly, her bir waksina hem, giň göwrümli we berk synaglardan geçmelidir. Bu synaglar waksinanyň ýurduň waksina meýilnamasyna girmezinden öňürti howpsuzdygyna güwä geçmek üçin möhümdir.

Ýasalyp taýýarlanylýan her bir waksina immun jogabyny oýaryjy antigeni kesgitlemek üçin barlaglardan we derňewlerden geçirilýär. Bu kliniki synagdan öňki tapgyr adamlarda barlanylmaýar. Eksperimental waksina ilki bilen haýwanlarda barlanylýar we onuň howpsuzlygyna hem-de keseliň öňüni alyjylygyna baha berilýär.

Eger waksina immun jogabyny oýarsa, ol üç tapgyrly kliniki synaglar arkaly adamlarda barlanylýar.

1-nji Tapgyr

Waksina adatça az sanly, 20 ýaşdan geçen, we sagdyn meýletinçilere berilýär. Bu tapgyrda waksinanyň howpsuzlygy barlanylýar, onuň immun jogabyny oýarşy tassyklanylýar, we dogry dozanyň möçberi kesgitlenilýär.

2-nji Tapgyr

Waksinanyň howpsuzlygyny we immun jogabyny oýarşyny has düýpli barlamak üçin, ol birnäçe ýüz meýletinçilere berilýär. Bu tapgyra gatnaşyjylar waksinanyň niýetlenen adamlaryna meňzeş bolýarlar (meselem, ýaş we jyns taýdan). Bu tapgyr köplenç waksinanyň dürli ýaş toparlaryna edýän täsirine we dürli görnüşde düzülişine baha bermek üçin, birnäçe synaglary öz içine alýar. Şeýle-de, bu tapgyrda gatnaşyjylaryň bir bölegine waksina berilmeýär. Waksina berlen toparda döreýän üýtgeşmeleriň waksina sebäplidigini ýa-da tötänleýindigini kesgitlemek üçin, olar waksina almadyk topar bilen deňeşdirilýär.

3-nji Tapgyr

Waksina müňlerçe meýletinçä berilýär we ýene-de waksina alan topar bilen waksina almadyk, emma deňeşdiriji serişde alan topar deňeşdirilýär. Bu gezek waksinanyň niýetlenen keseline garşy netijeliligi kesgitlenilýär we howpsuzlygy has uly göwrümde derňelýär. Köp halatlarda, 3-nji tapgyr synaglary birnäçe ýurtda we ýurduň hem birnäçe böleklerinde geçirilýär. Bu waksinanyň dürli halklara berlip bilinjekdigine güwä geçmek üçin edilýär.

2-nji we 3-nji tapgyrlarda, synagy geçirýän alymlar hem meýletinçiler hem kimiň waksina kimiň deňeşdiriji serişde alanyny bilmeýärler. Muňa "köreltme" diýilýär. Bu alymlary we meýletinçileri waksinanyň howpsuzlygyny we netijeliligini barlanlarynda dürli täsirlerden goramak üçin edilýär. Synag tamamlanandan we ähli netijeler alnandan soňra, kimiň waksina alandygy we kimiň deňeşdiriji alandygy meýletinçilere we alymlara aýan edilýär.

Haçanda ähli kliniki synaglaryň netijeleri elýeter bolanda, waksinanyň ulanyşa çykarylmasy üçin ýene birnäçe etap gerek bolýar. Her ýurtda ýolbaşçylar waksina baradaky maglumatlary gözden geçirýärler we ony ulanmaga ygtyýar bermäge ýa bermezlige karar berýärler. Waksinanyň ýurduň milli immunizasiýa meýilnamasyna girizilmesi üçin, onuň köp dürli ilatlar üçin howpsuzdygy we netijelidigi subut edilmeli. Waksinanyň sagdyn we keselsiz adamlara berilýändigini göz öňünde tutsaň, onuň howpsuzlygy we täsirliligi üçin talap edilýän standartlar örän ýokarydyr.

Waksina köpçülikleýin ulanyşa çykarylansoň hem, onuň gözegçiligi dowam edýär. Ähli waksinalaryň howpsuzlygyna we netijeliligine gözegçilik etmek üçin ulgamlar bolýar. Bu alymlara waksinanyň uzak-wagtlyk täsirini we howpsuzlygyny göz astynda saklamaga mümkinçilik berýär. Bu maglumatlar waksinanyň täsirini güýçlendirmek üçin kanunlary sazlamakda ulanylýar. Şeýle-de, bu tejribe waksinanyň bütin ulanylyşynyň dowamynda howpsuz gözegçilikde saklanylmagyna mümkinçilik berýär.

Waksina ilat üçin ulanyşa çykarylandan soňra, onuň howpsuzlygynyň dowam etmesi üçin onuň yzygiderli gözegçilikde saklanylmasy möhümdir.

Çeşme

GOŞMAÇA MAGLUMAT

WAKSINALAR NÄDIP IŞLEÝÄR?

WAKSINANYŇ ÖNÜMÇILIK, HOWPSUZLYK WE HIL ÜPJÜNÇILIGI

COVID-19 WAKSINASYNYŇ DÜRLI GÖRNÜŞLERI

  • 281 gezek okalan