• Makalalar
  • COVID-19
  • KORONAWIRUS: ÖÝDE NÄDIP MASKA ÝASANMALY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KORONAWIRUS: ÖÝDE NÄDIP MASKA ÝASANMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

covid 19 maska nadip yasamalyTikin-çatyna näçe ökde hem bolsaň we wagtyň näçe köp hem bolsa, maska tikmegiň esasy düzgünleri hemmeler üçin birmeňzeşdir:

1. Mata näçe köp gatly bolsa şonça gowy, azynda 3 gat bolmaly;

2. Maska ýüzüňde ykjam durmaly we dem alşy kynlaşdyrmaly däl.

Ylmy barlaglara görä, maska üçin iň gowy materiallar: dykyz pagta mata, kiper ýa-da twil, tebigy ýüpek ýa-da çekilen pagta.

Şeýle-de, aşaky düzgünleri unutmaly däl:

► Gözleriňi, agzyňy we burnuňy elleme.

► Maskalary ýuwanyňdan soňra plastik paketlerde sakla.

► Maskalary ýygy-ýygydan ýuw. Maskany beýleki eşikler bilen bilelikde soda bilen ýuwup bolýar.

► Maskany tikeniňde kir maşynda birnäçe gezek ýuwup bolar ýaly berk edip tik.

► Matadan maska ýasamagyň ençeme usuly bar. Sosial ulgamlarda dürli görnüşli maskalary ýasamagy öwrenip bolýar.

► Maskanyň birnäçe görnüşini barlap gör. Çünki saňa birden köp maska gerek bolar.

► Iki ýaşdan kiçi çagalara maska geýmek maslahat berilmeýär.

covid 19 maska usul 1

covid 19 maska usul 2

covid 19 maska usul 3

#okyjydan

Ulanylan WEB Salgy we Suratlar

  • 2122 gezek okalan