• Makalalar
  • COVID-19
  • IRKI BEJERGI HAS GOWUMY?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

IRKI BEJERGI HAS GOWUMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

covid 19 time dependantCOVID-19 üçin ir bejergi alýanlar has çalt sagalýarmy ýa-da keseli ýeňil geçirýärmi? Bu barlaglara (testler) nähili täsir edýär?

COVID-19-y ir anyklamagyň 2 peýdaly tarapy bar:

Remdesiwir ýa-da gutulanyň plazmasy ýaly käbir terapiýalar keseliň irki basgançaklarynda berilse has gowy peýda edýär. Çaklamalara görä, munuň sebäbi wirus bedende näçe köp durdugyça, immun ulgamy onuň garşysyna göreşmek üçin artykmaç reaksiýa berip başlaýar. Bu artykmaç reaksiýa hem bedende alawlama hadysasyna we adaty däl gan lagtalanmalaryna eltýär. Şonuň üçin, näsaglary näçe ir anyklap bolsa, olaryň bedenleriniň ejir çekmeginiň şonça gowy öňüni alyp bolar.

Ilatda COVID-19 alamatly adamlary näçe ir anyklap bolsa, olary wirusy başgalara ýokuşdyrmakdan hem şonça ir saklap bolýar. Saglygy goraýyş işgärleri hem, olara wagtynda jemgyýetden çetleşmegi we zerur bejergileri almagy maslahat berip bilýärler.

  • 326 gezek okalan