• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • COVID-19
  • COVID-19 WIRUSY NÄÇE WAGTLAP ZATLARYŇ ÝÜZÜNDE DIRI GALYP BILÝÄR?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

COVID-19 WIRUSY NÄÇE WAGTLAP ZATLARYŇ ÝÜZÜNDE DIRI GALYP BILÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

covid 19 surface stabilityÝakynda New England Journal of Medicine žurnalynda çap edilen ylmy barlaga görä, COVID-19 wirusy howada we zatlaryň ýüzünde birnäçe sagatdan birnäçe güne çenli diri galyp bilýär. Bu ylmy barlag wirusyň plastiklerde 72 sagat, poslamaýan polatda 48 sagat, kartonda 24 sagat, misde 4 sagat, we howada 3 sagat saklanyp bilýändiginiň üstüni açdy.

Wirusyň plastikde 72 sagatlap saklanýandygy mediýanyň ünsüni çekýär we köp adamy gorkuzýar. Emma esasy bilmeli zat wirusyň möçberidir. 72 sagatdan soňra wirusyň başky möçberiniň diňe 0.1% galýar we ondan kesellemek mümkin däl diýen ýaly.

Men özümi zatlaryň ýüzünde galýan COVID-19 wirusyndan nädip gorap bilerin?

Zatlaryň üstüne düşen wirusa garanyňda, kesellän adamyň howa syçradan wirusy size has gowy ýokuşyp bilýär. Zatlary dezinfisirlemek ýa-da sabyn bilen süpürmek örän peýdaly. Sebäbi sabyn wirusy pytradýar we soňra wirus hiç kime ýokuşyp bilmeýär. Emma, bu sizi arkaýynlaşdyrmaly däl. Çünki özüňi goramaga gezek gelende, hiç bir çäre artykmaçlyk etmeýär.

Amerikanyň Kesel Bejeriş-Öňüni Alyş Merkezi özüňi goramak üçin şeýle maslahatlary berýär:

↪ Köp adamyň elleýän zatlaryny we ýerlerini dezinfisirläň. Bularyň içine stollar, gapy tutawaçlary, pereklýuçateller, tutawaçlar, telefonlar, klawiaturalar, hajathanalar, kranlar, we rakowinalar girýär. Köpçülik ýerlerinde adamlaryň köp elleýän ýerlerini ellemekden saklanyň.

↪ Bank ýa dükan ýaly köpçülik ýerlerinden öýe dolanyp geleniňizde, şobada elleriňizi sabyn bilen azyndan 20 sekuntlap ýuwuň.

↪ Köpçülige çykanyňyzda adamlar bilen araňyzda 1 metr daşlyk saklaň.

↪ Iň möhümi hem, eger özüňizi duýşuňyz ýaramazlaşsa öýde oturyň we lukmana ýüz tutuň.

Çeşme: John Hopkins University

  • 2688 gezek okalan