• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon
  • COVID-19
  • KORONAWIRUS BILEN BAGLY ÝAGDAÝLAR (29.05.2020)

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

KORONAWIRUS BILEN BAGLY ÝAGDAÝLAR (29.05.2020)

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.21 (78 Ses)
Image

ÜNS BER!

Biz COVID-19 baradaky fakt-barlaglarymyzda halkara derejede tanalýan saglyk guramalaryna we saglyk hünärmenlerine esaslanýarys. Epidemiýa baradaky maglumatlaryň yzygiderli täzelenip durýandygy sebäpli, biziň hem fakt-barlaglarymyz şolara görä täzelenip durýar. Eger-de lukmançylyk maslahatyny gözleýän bolsaňyz, lukmana ýüz tutuň. COVID-19 barada goşmaça maglumat almak üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň websaýtyny okaň.

HABARLAŞMAK KONTAKTLARY

Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň salgysy: tel: +993 12 28-14-47, 28-22-04;

Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş ministrligi: tel: +993 12 40-04-16, +993 12 40-04-07;

1-nji aprel: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 24 sagat işleýän koronawirus boýunça sorag-jogap gyzgyn liniýasyny açdy – 73-95-35;

BSGG Türkmenistan: +993 12 48-83-25;

@BSSG Turkmenistan (Instagram), @UN_Turkmenistan, @UNDPTM, @UNRССA (UN Regional Center for Preventive Diplomacy for Central Asia)

23-29 MAY 2020

Koronawirus (COVID-19) bilen bagly ýagdaýlara syn:

John Hopkins University and Mediсine COVID-19 interaktiw kartasyna görä 188 ýurtda kesellänler: 5840369, ýogalanlar: 361066, gutulanlar: 2443458.

BSGG/WHO: Gazagystan: kesellänler: 9576, ýogalanlar 37, Gyrgyzstan 1594 (16), Özbegistan 3396 (14), Täjigistan 3424 (47), Orsýet 379051 (4142), Owganystan 13016 (235), Türkiýe 159797 (4431), Azerbaýjan 4568 (54), Eýran: 141591 (7564).

BSGG-n ýewropaly ekspertler topary Türkmenistana sapar eder. 23-nji aprelda BSGG-nyň Ýewropa regiony boýunça edarasynyň direktory Hans Klýugen takyk seneleri görkezmän sapara taýarlanýandygyny yglan edipdi.

↪  Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrligi BSGG bilen duşuşdy. BSGG yssy howada COVID-19-yň döremeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin türkmen häkimiýetlerine jikme-jik görkezmeler berdi. Habarda wirusyň dürli howa şertlerinde diri galýandygy baradaky faktlary BSGG-nyň Adatdan daşary ýagdaýlar bölüminiň müdiri Wan Kerkhove aýdandygy nygtalýar. Ol Meksikany mysal getirip, tomusda Meksikada howanyň 50 dereje gyzýandgyna garamaz, ol ýerde 74 müňden gowrak COVID-19 keselli hassanyň hasaba alnandygyny aýtdy.

↪ Wideo duşuşyklar: Saglygy goraýyş ministrliginiň wekilleri BSGG-nyň Ýewropa bölüminiň hünärmenleri bilen onlaýn duşuşyga gatnaşdy. Türkmenistanyň, Ysraýylyň, Koreýanyň, Ýaponiýanyň lukmanlary howply ýokanç keselleri bejermekde tejribe alyşdylar. Türkmenistan deňiz transport işgärleriniň saglygy baradaky wideo foruma gatnaşdy.

BMG-nyň Türkmenistandaky edarasy we Türkmenistanyň hökümeti COVID-19 pandemiýasynyň sosial-ykdysady täsiri boýunça iş toparynyň 2-nji ýygnagyny geçirdi. COVID-19-nyň sosial-ykdysady täsirini azaltmak boýunça teklipleri ara alynyp maslahatlaşyldy.

↪ BSGG hydroxychloroquine (gidroksihlorokin) dermanynynyň synagyny duruzýar. Lancet neşiriden çäp edilen maglumata görä COVID-19 hassalarynda gidroksihlorokiniň ýa-da hlorokiniň ulanylmagynyň we ölüm howpy, ýürek aritmiýasynyň ýygylygynyň ýokarlanmagynyň arabaglanşygy tapyldy. Hydroxychloroquine gyzzyrma (malýariýa) we deri inçekeselini (wolçanka) bejermek üçin ulanylýar.

New England Journal of Medicine zurnalynda çap edilen sanlara görä Remdesivir demanynyň СOVID-19 ejir çekýän hassalarynyň dikeldiş wagtyny 15 günden 11 güne çenli gysgaldýar. Barlagçylar netijeleriň umuman oňyn bolandygyna garamazdan, dermany СOVID-19 bejermekde täsiri güýçli serişde diýip hasaplap bolanok.

BSGG koronawirus ýokançlygynyň azalýan ýurtlary wirusyň öňüni almak boýunça çärelerini gowşatsalar, ýokançlygyň ikinji tapgyryna duçar bolup biljekdiklerini duýdurýar.

↪ BSGG Perfiliýewanyň ýerine Täjigistanda ýörite wekilini Guramanyň karary bilen Bagtygül Karryýewa BSGG-nyň Täjigistandaky hemişelik wekilçiligine bellenildi. Karryýewa BSGG-nyň Türkmenistanyň milli edarasynyň başlygy bolup işläpdi.

↪ Habar beriş serişdelerinden, raýat jemgyýetinden we halkara guramalardan gelýän habarlar COVID-19-yň karantin ýagdaýynda jyns deňsizligiň, aýal-gyzlara garşy zorluk hadysalarynyň hasam artýandygyny görkezýär. Gazagystanda maşgala zorlugyndan aman galanlar üçin döredilen gyzgyn telefon liniýalarynyň biri, diňe aprel aýynyň birinji ýarymynda jaňlaryň 2020-nji ýylyň fewral aýy bilen deňeşdirilende 50% ýokarlanandygyny habar berýär.

Halkara Migrasiýa Guramasy COVID-19 pandemiýasy sebäpli krizis ýagdaýyna düşen Russiýadaky we Merkezi Aziýadaky migrantlara kömek bermek üçin 7 million dollar soraýar. Bu adamlar işsiz galdylar, öýlerindäki maşgalalar bolsa eklenç çeşmesiz galdylar. Bilermenlere görä migrantlar gyssagly goldawa mätäç.

Gazagystanyň Saglyk ministrliginiň ilat bilen СOVID-19 boýunça gazak we rus dillerinde aragatnaşygy.

Täjigistanyň Saglyk ministrliginiň ilat bilen СOVID-19 boýunça täjik we rus dillerinde aragatnaşygy.

Beýleki habarlar

Hökümet, UNIСEF Türkmenistan ýurtdaky mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar bilen iş alyp barýan edaralaryň işi barada maslahatlaşdy. UNIСEF 2021-2025-nji ýyllar üçin täze ýurt meýilnamasyny taýarlaýar. Maslahatyň gün tertibi: çagalar baglarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, çagalary mekdebe taýýarlamagyň usullaryny gowulandyrmak we durmuş ukyplaryny ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini saklamak we ş.m.

Y-Peer Türkmenistan ýaşlar merkezinde ýetginjekler üçin sapaklar gurnaýar. Aşgabat şäheri, A. Nowaýy-Lahuti köçesi, 86-nji jaý.

↪ Covid-19 Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada dowam edýän ýeke-täk saglyk krizisi däldir. AIW / AIDS sebitde çynlakaý kynçylyklary döretmegi dowam edýär. UNAIDS-iň maglumatlaryna görä AIW infeksiýasynyň ýyllyk derejesiniň "alada goýyjy depginde" ýokarlanmagyny dowam etdirýän ýeke-täk sebitdir. Bu ýagdaý köp sanly faktorlara bagly bolup, köp sanly kynçylyklaryň bardygyny görkezýär.

↪ Gyrgyz Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrligi, sanjymlar we immunizasiýa boýunça global bileleşigi GAVI we UNICEF guramasynyň goldawy bilen ilat üçin 3 dilde sanjymlar (priwiwkalar) barada maglumat berýän Privivka.kg informasion portalyny ýöredýär.

Saglyk.orgСOVID-19 ähli soraglaryňa jogaplar. Oka, goran, paýlaş! Bizi IMO-da hem yzarlaň! (Group Name: Saglyk; Group ID: 15022763

ELLERI NÄDIP DOGRY ÝUWMALY?

SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?

Image

Salamlaşanyňyzda

BOLMAÝAR:

Elleşmek;

Gujaklaşmak;

Öpüşmek.

BOLÝAR:

Baş egmek;

Mylaýym ýylgyrmak;

Eliňi galgatmak;

Eliňi ýüregiňe goýup egilmek.

A SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?

#salamlaşmak #koronawirus

  • 14637 gezek okalan