• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon
  • Sagdyn durmuş

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1

gun aynekleriTomsuň güneşli günlerinden gaçyp gutulma ýok. Tomusda esasy ünsümizi gün kremlerine, ýeňil egin-eşiklere we günden goraýan baş esbaplaryna berip, gün äýneklerini diňe gözellik ýa-da güneşli howada aýdyň görmek üçin kömekçi hasaplap, saglyk üçin zerur görmän bileris.

Emma, gün äýnekleri edil gün kremleri we bedeniňi örtýän eşikler kimin, ultramelewşe şöhlelerinden hem goraýarlar.

Dowamy

  • 37 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

ot haltadaky daslary bejermelimiKöp kişi öt haltasynda daşyň ýygnanandygyny öwrenen badyna ony haýal etmän bejermelidir öýdýär, emma muňa hemişe zerurlyk ýokdur.

Öt halta daşlary maýda we gaty çökündiler bolup, adatça holesterinden ýa-da bilirubinden (gyzyl gan öýjükleriniň bölünmegi netijesinde emele gelýän galyndy) düzülýärler. Öt haltada ýaglary siňdirmäge kömek edýän öt (ýa-da "öt kislotasy") saklanýar. Köp adamda "sessiz öt halta daşlary" bolup, olar hiç haçan bimaza etmeýär we başga sebäpler üçin geçirilýän barlaglarda üsti açylýança bardygy hem bilinmeýär. Bu görnüşli daşlar bejergi talap etmeýär.

Dowamy

  • 72 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

iceganin mikroflorasySeniň içegäniň mikroflorasy (mikrobiomy) seniň bedeniň içindäki özbaşdak bir dünýädir. Ol ýerde ýaşaýan trillionlarça mikroorganizmler bir-biri we ýaşaýan gurşawy bilen ýakyn gatnaşykda bolýarlar. Şonuň üçin-de olar diňe bir seniň iýmit siňdiriş ulgamyňa däl, eýsem onuň daşyndan saglygyň dürli böleklerine uly täsir ýetirýärler.

Dowamy

  • 120 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

b12 we folat witaminlerinin yetmezciligiYzygiderli ýadawlygy başdan geçirýän bolsaň, ol diňe stres sebäpli däl-de, seniň iýmitlenişiňdäki meseleleri yşaratlandyryp biler.

Ýakynda ylmy barlagçylar B12 we folat witaminleriniň ýetmezçiliginiň hroniki ýadawlyga (dynç almak bilen hem doly aýrylmaýan, ötüşen ýadawlyk) sebäp bolýandygyny öwrendiler. Hatda sagdyn adamlaryň hem ganlarynda bu ikisi az bolsa, olar has köp ýadagan we höwesden gaçagan bolýarlar.

Dowamy

  • 161 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

kompyuterde kop isleyanlerSanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy we doly kompýuterler bilen bagly bolan köp işleriň döremesi iş şertlerini diňe bir has ýeňilleşdirmän, eýsem islendik ýerde we ýagdaýda işläp bilmäge mümkinçilik döretdi. Indi düşegiňden galman hem ýa ýolda bolsaň-da, kompýuteriňde ýa-da planşetiňde iş ýerine ýetirip bolýar. Emma, kompýuterde köp işlemegiň gözleriňe we bedeniňe salýan ýüküni inkär etmek kyn. Hut şol sebäpli, soňky onýyllyklarda kompýuter işleri sebäpli boýun we arka agyrylary biçak köpeldi. Ýöne agyrylary azaldyp biljek we olaryň öňüni alyp biljek çäreler hem az däl.

Dowamy

  • 205 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

peydaly endiklerDurmuşyňa bir täze we ýaramly endik goşasyň gelýär. Aýdaly, maşk etmek. Her gün irden maşk etmäge başlaýarsyň we muny iki hepdeläp yzyny üzmän dowam edýärsiň. Emma bir gün, bir sebäp bilen, irdenki maşkyňy edip bilmeýärsiň. Şoldur-şoldur, bu endik durmuşyňdan sessiz gaýyp bolýar. Sende hem şeýle ýagdaý bolup gören bolsa, onda ýeke dälsiň. Bu seniň ýalta ýa-da ukypsyzdygyň hem alamaty däl. Eger sen bir endigi oturtmakda kynçylyk çekýän bolsaň, onda alymlaryň aýtmagyna görä, onuň esasy talaplarynyň birini doly berjaý edýän dälsiň.

Dowamy

  • 237 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

yssyda dasary cykmaly1. Gyssagly we taýýarlyksyz daşary çykmak

Haçanda tomsuň ýylylyk tolkuny bedene birden uranda, beden şoka girip bilýär. Esasan-da ençe wagtlap içerde, kondisionerli ýerde oturyp birden birnäçe sagatlyk daşary çykmak maslahat berilmeýär. Eger-de yssy howada uzak wagtlap daşarda boljagyňy bilýän bolsaň, onda öňünden yzygiderli az wagtlyk daşary çykyp bedeniňi öwrenişdir. Esasan-da çagalaryň bedeni gyzgyna haýal öwrenişýär. Şonuň üçin, olary daşarda wagt geçirmäge taýýarlamak has köp sabyrlylyk talap edýär.

Dowamy

  • 271 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

botoks nameDiňe ABŞ-nyň özünde 2019-njy ýyldan soňra 70 ýaşdan aşakda botoks etdirýänleriň sany 70%-den hem köpeldi. Ýaş adamlar bolsa, indi botoks ukollaryny entek ýüzlerinde ýygyrt döremänka alyp başlaýarlar. Ýörite ýaşlara niýetlenen az mukdarly botoks dozalaryny köp ýurtlarda ýaşlar 18 ýaşdan alyp başlap bilýärler. Botoksyň meşhurlyk gazanmagynyň esasy sebäpleri bolsa pandemiýada hemmeleriň ekranlaryň öňünde has köp wagt geçirmegi we sosial mediýada öňe sürülýän gözellik medeniýeti bilen düşündirilýär.

Dowamy

  • 295 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

bedenimizdaki plastik himikatlary azaltmakBPA we ftalatlar ýaly plastik himikatlar her bir adamyň diýen ýaly bedeninden tapylýarlar – olar ulanýan gündelik azyk önümlerimiziň plastik gaplaryndan, iýmit konteýnerlerinden/lançiklerden, hatda şampunlarymyzdan we gözellik kremlerimizden hem syzyp, ganymyza düşýärler. Bu himikatlar endokrin ulgamyny bozýarlar, ýagny gormonlarymyzyň işine zyýan berýärler, şeýle-de olar ýürek we metabolik keselleriniň döremesi bilen hem baglanyşdyrylýar. Gowy habar: Ýakynda Nature Medicine ylmy žurnalynda çap edilen synag işi bedeniňde bu himikatlary ýekeje hepdäniň içinde 60%-e çenli azaldyp boljakdygyny görkezdi.

Dowamy

  • 285 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

covid yokanclygyna name boldy2020-nji ýylyň aprelinde dünýä ýüzünde adamlar COVID-19 ýokançlygynyň ýaýramasynyň öňüni almak üçin girizilýän hereket çäklendirmelerine düşünmekde we öwrenişmekde kynçylyk çekýärdiler. Indi alty ýyl soňra welin, mekdepleriňdir edaralaryň ýapylmasy, maska geýmek ýa-da sosial aradaşlygy saklamak köne ýatlama bolup galdy. Çyndanam COVID indi geçmişde galan howpmy? Ýa-da diňe 2020-2021 ýyllaryň özünde takmynan 15 million adamyň janyna ýeten bu keselden henizem hüşgär bolmalymy? Hünärmenleriň köpüsiniň aýtmagyna görä, COVID ýokançlygyna sebäp bolýan SARS-COV-2 wirusy ilki ýüze çykanyndan bäri juda üýtgäp, indi jemgyýet köpçüligi üçin edil dümew we dem alyş ýollarynyň beýleki wiruslary ýaly ýokançlyga öwrüldi, emma welin käbir toparlar üçin ol heniz hem howply kesel bolup galýar.

Dowamy

  • 294 gezek okalan