• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • GÜNDEN GORAÝAN KREMLERI NÄHILI SAÝLAMALY

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GÜNDEN GORAÝAN KREMLERI NÄHILI SAÝLAMALY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.88 (8 Ses)

Tomus pasly iň köp garaşylýan pasyllaryň biridir. Bu döwürde köp adamlar dynç alşa çykýarlar, wagtlarynyň aglaba bölegini öz ýakynlaryna bagyş edip bilýärler; maşgala agzalary ýa-da dost-ýarlary bilen deňziň ýakasyna gidip, dynç almaga mümkinçilik döreýär.

Deňziň aýna ýaly dury suwy, sergin şemal, arassa howa, daň ýa-da agşam şapagy — bularyň bary adamlaryň rahatlanyp, oňat dynç almagyna ýardam berýär. Deňze ilkinji gezek dynç almaga barýanlar şeýle şertlerde juda rahatlanýar-da, gün şöhlelerine meýmiräp, gün ýanyklaryna sezewar bolýan ýagdaýlary seýrek däl. Eýsem deňiz ýakasynda ýa-da islendik ýerde derini gün şöhlelerinden goramak üçin haýsy çäreleri görmeli?

Deňziň ýakasynda güneşlemekçi ýa-da günüň astynda işlemeli bolýan adamlar öz derilerini goramak üçin ýörite kremlerden peýdalanmaly. Biziň döwrümizde gün şöhlelerinden goraýan kremleriň köp görnüşleri öndürilýär. Olary dogry saýlamak üçin nämeleri bilmeli?

 Krem gutusynyň daşynda «B» görnüşli ultramelewşe şöhlelerden goraýan SPF(günden goraýan faktor) indeksi we «A» görnüşli şöhlelerden goraýan UVA (ultramelewşe şöhlelerden) indeksi bolmalydyr. Şu indeks (sanlar) näçe ýokary bolsa, onuň gorag derejesi şonça-da ýokarydyr. Kremiň düzüminde E witamini bar bolsa, ol has hem peýdalydyr, sebäbi E witamini hem derini goraýar. Özüňize ýaramly kremi saýlamak üçin, haýsy durk toparyna girýändigiňizi bilmeli. Jemi alty durk topary bardyr.

Birinji topara mawy gözli saryýagyz adamlar degişlidir. Olaryň derisi güne garalmaýar-da, gyzarýar. Şeýle adamlara güneşlemek maslahat berilmeýär. Ýöne olar güneşlemegi şeýle halaýan bolsalar, onda iň ýokary indeksli, mysal üçin SPF-60 we UVA-16 kremleri ulanmalydyr.

Ikinji topara goýun gözli saryýagyz adamlar degişlidir. Olar güneşlemäniň ilkinji günlerinde gün şöhlelerinden goraýan kremlerden dogry peýdalansalar, onda gün ýanygyna sezewar bolmak howpundan dynarlar. Olar ilkinji günler iň ýokary indeksli kremlerden peýdalanyp, derileri güne garalyp başlandan soň SPF-20 indeksli kremlerden peýdalansalar-da bolýar.

Üçünji topara goýun gözli, goňras saçly adamlar degişlidir. Bu adamlar arkaýyn güneşläp bilýärler. Ýöne şonda-da gün şöhlelerinden goraýan kremleri inkär etmeli däl. Ilkinji günler iň ýokary indeksli kremlerden peýdalanyp, deri güne garalyp başlandan soň, SPF-15 indeksli kremlere geçäýmeli.

Dördünji topara gara saçly goýun gözli garaýagyzrak adamlar degişlidir. Bu adamlaryň derisi aýratyn goraga mätäç däldirler. Ýöne şonda-da gün şöhlelerinden goraýan ýa-da derini nemlendirýän kremleri inkär etmeli däl. Bu toparyň adamlaryna SPF-6 indeksli kremlerden peýdalanmak maslahat berilýär.

Bäşinji topara gara gözli, örän garaýagyz adamlar degişlidir. Bu toparyň adamlary Hindistanda we demirgazyk Afrikada köp duş gelýärler. Bu toparyň adamlary pes indeksli kremlerden peýdalansalar-da bolýar. Olaryň derileriniň gün şöhlelerine bolan duýgurlygy pesdir. Bu topardaky adamlaryň derisi güne ýanmaýar.

Altynjy topara afrikan adamlary degişlidir. Olaryň derileri goraga mätäç däl. Olara diňe nemlendiriji kremlerden peýdalanmak maslahat berilýär. 

Günden goraýan serişdeler barada nämeleri bilmeli

Biziň günlerimizde dükanlaryň  we dermanhanalaryň tekjelerinde kremleriň islendik görnüşini satyn almak bolýar. Eýsem hut size ýaramly kremi nädip saýlamaly? Munuň üçin kremleriň näme üçin niýetlenendigini anyk bilmelidir:

  • Güneşlemek üçin niýetlenen krem: bu krem çalnandan soň deride ýukajyk gorag gatlagy emele gelýär. Bu gatlak deriňiziň güne çendenaşa köp garalmagyndan goraýar. Şeýle kremleri diňe deňiz ýakasynda däl, eýsem hemme ýerlerde, ýagny günüň aşagynda gezmeli ýa-da işlemeli bolanyňyzda hem çalmak maslahat berilýär.
  • Güneşlemek üçin niýetlenen ýaglar: bu serişdeler derini nemlendirip, onuň güne endigan garalmagyna ýardam berýär. Ýöne bu serişdäniň oňat häsiýetleri bilen bilelikde käbir ýetmezçilikleri hem bardyr. Oňat tarapy — şeýle ýaglar tene has endigan çalynýar, tygşytly bolýar. Ýetmezçiligi — ýaglar kremlere garanyňda derini ultramelewşe şöhlelerinden has pes goraýandyr. Şonuň üçin-de, şeýle ýaglary garaýagyz adamlara ýa-da kölege-de bolmagy halaýan adamlara ulanmak maslahat berilýär. 
  • Güneşlemekden soň ulanylýan serişdeler. Muňa kremler, geller we ýaglar degişlidirler. Olaryň ählisi derini nemlendirip, ony rahatlandyrýarlar. Şeýle-de olar güne garalan deriniň owadan bolmagyna ýardam berýärler.
  • Güneşlemekden soň ulanylýan spreýler (pürkülýän serişde). Bu serişdeler güne garalan derini köşeşdirýär, ýumşadýar, onuň guraklanyp, galňamagynyň öňüni alýar. Ony adatça uklamazdan öň ulanmak maslahat berilýär.  
  • Gün ýanyklary üçin niýetlenen kremler. Bu serişdeler deňziň ýakasynda dynç almaga gidýänlerde hökman bolmalydyr. Deriniz güne ýanyp, ýanyklaryň emele gelen badyna bu kremleri çalsaňyz, ol derrew awuşamany aýrar, derini rahatlandyrar, onuň dikeldilmegine ýardam berer. 

Kremi nähili çalmaly

Gün şöhlelerinden goraýan kremleriň täsirli bolmagy üçin, olary dogry ulanmagy başarmalydyr. Iň esasy zat — kremi öýden çykmankaňyz çalmaly.  Bedeniň açyk ýerlerine: burna, eginlere, döşe aýratyn üns bermeli. Ýüzüň derisini bolsa mümkin boldugyndan ir bahardan goramaly. Kremi aýlawly hereket bilen bedeniň açyk ýerlerine endigan çalmaly. Kremi ýukajyk çalmaly. Juda köp çalnan kremiň zyýan ýetirmegi ahmal. Suwa girip-çykanyňyzdan soň kremi gaýtadan çalyň. Suw krem gatlagyndan geçmeýär diýip, arkaýynlanmaň, sebäbi her gezek suwdan çykanyňyzdan soň desmal bilen süpürneniňizde, krem gatlagynyň aýrylýandygyny ýatdan çykarmaň. Gün şöhlelerinden goraýan kremleri satyn alanyňyzda olaryň ulanyş möhletini barlamagy ýadyňyzdan çykarmaň.

Indi bolsa biz sizi günden goraýan serişdeler barada giňden ýaýran käbir toslamalar bilen tanyşdyrmakçy: 

1-nji toslama: Günden goraýan kremleriň käbiri derini uzakly gün ultramelewşe şöhlelerden goramaga ukyplydyr. 
Hünärmenleriň maslahaty: şeýle serişdeleriň SPF indeksine üns beriň. Ýöne bu indeks her nähili bolsa-da, bu kremleri her iki sagatdan çalmak maslahat berilýär. Sebäbi kremleriň düzümindäki aktiw komponentler gün şöhleleriniň täsiriniň astynda dargaýarlar. Gün şöhleleri diňe sinkiň okisi ýaly goragy «böwsüp» bilmeýärler. Ýöne sinkiň okisi hemme kremleriň düzümine girýän däldir.

2-nji toslama: Günden goraýan kremleriň käbiri suwda-da aýrylmaýar.   
Hünärmenler munuň bilen ylalaşmaýarlar. Krem her nähili bolsa-da, suwa düşünilenden soň aýrylýandyr. Şonuň üçin-de, suwa girip çykanyňyzdan soň (ýa-da örän köp derleýän bolsaňyz) goraýjy kremleri ýene bir gezek çalmagy unutmaň.

3-nji toslama: Günden goraýan kremler bizi hemmetaraplaýyn goraýar.
Hunärmenleriň maslahaty: Günden goraýan kremleriň hiç biri bizi gün şöhlelerinden 100% goramaýar. SPF15 indeksli kremler ultramelewşe şöhleleriň 93%-ni, SPF30 indeksli kremler 97%-ni, SPF50 indeksli kremler bolsa 98%-ni geçirmän saklaýar. Ýöne bu kremleri güne çykmazdan iki sagat öň çalynmalydyr. Şonda olar derä oňat siňip, oňat goragy kepillendirip bilerler.

  • 3834 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam lukman göźüñ aşagy ýygyrt bolsa haýsy krem ulanmaly?

Pâliwan
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location