• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Sagdyn garrama
  • SAGDYN GARRAMAK ÜÇIN, ADAMLAR BILEN ARAGATNAŞYKDA BOL

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SAGDYN GARRAMAK ÜÇIN, ADAMLAR BILEN ARAGATNAŞYKDA BOL

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

sagdyn garramakÝalňyzlykda aşa köp wagt geçirmek beýnä-de, bedene-de agram salyp bilýär. Sosial çetleşmäniň (adamlar bilen az aragatnaşyk etmek) saglyga salýan howply günde 15 sany çilim çekmeklige barabardyr.

Ýaşymyz gaýdyşdygyça, bütin ömrümiziň dowamynda edinen maşgala agzalarymyz we dost-ýarlarymyz bilen üznüksiz aragatnaşygy saklamak kynlaşyp bilýär. Tapdan düşýänleriň, ýogalýanlaryň sany köpelip, uzakda ýaşaýanlar bilen gabatlaşyp durmak seýrekleşýär. Garramak öňüni alyp bolmaýan fiziki gowşaklyga eltýär we olaryň içine öýden çykmagy we adamlar bilen duşuşmagy çetinleşdirýän bozulmalar hem girýär. Meselem, eşidişiň, görşüň we ýadyň peselmegi sebäpli üýşmeleňlere gatnaşmak ýa-da başgalar bilen bile kino görmek we aýdym diňlemek ýaly güýmenjeleriň lezzeti gaçyp bilýär.

2020-nji ýylda geçirilen ylmy barlaga görä, sosial taýdan çetleşip ýaşaýan 65 ýaşdan uly adamlarda ähli sebäplerden ir ýogalmak töwekgelçiligi has uly bolýar:

↪ Sosial çetleşme demensiýa uçramak töwekgelçiligini takmynan 50% ýokarlandyrýar;

↪ Ýalňyzlygy başdan geçirýän ýürek kemçilikli näsaglaryň ölme howpy tas 4 esse ýokary, hassahana düşme töwekgelçiligi 68% ýokary we tiz kömek bölümine gitme töwekgelçiligi 57% ýokary;

↪ Sosial çetleşme we ýalňyzlyk koronar arteriýanyň ýürek keseli bilen keselleme töwekgelçiligini 29%, insult bolma töwekgelçiligini 32% artdyrýar;

↪ 2024-nji ýylda çykan barlagda, eşidişiň ýaramazlaşmagy wagtyň geçmegi bilen sosial taýdan çetleşme töwekgelçiliginiň 28% ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrylýar.

Netijeli öňüni alyş çäreleri barmy?

Gartaşan adamlara gowy görmek, eşitmek we hereket etmek üçin lukmançylyk esbaplaryny elýeter etmek çäreleriň iň aýdyňlaryndandyr. Şeýle-de bolsa, barlaglaryň awtorlary bu meselä hemmetaraplaýyn we bitewi çemeleşmäniň gerekdigini aýdýarlar. Çetleşmä we ýalňyzlyga diňe gartaşan adamlaryň arasynda döreýän mesele hökmünde seretmän, her adamyň zerurlyklaryny anyklamak we üpjün etmek üçin onuň bilen aýratynlykda işleşmeli. Munuň üçin hem, saglyk işgärlerini we ilaty aragatnaşygyň nähili möhümligi barada bilimlendirmeli, näsaglaryň zerurlyklaryna we isleglerine gabat gelýän aragatnaşygy kabul edip bilmekleri üçin gurşawlary we hyzmatlary hödürlemeli.

Çeşme

  • 160 gezek okalan