• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon
  • Sagdyn durmuş

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (2 Ses)

name ucin ayallar erkeklerden uzak yasayarlarEmma erkekler hem aýallara mahsus käbir endikleri öwrenmek bilen ömürlerine ömür goşup bilerler.

Dünýäniň ähli ýerinde aýallar erkeklerden uzak ýaşagan bolýar. Meselem, Türkmenistanda aýallar erkeklerden ortaça 6,5 ýyl uzak ýaşaýarlar.

Germaniýada ylmy barlagçylar bu tendensiýanyň haýwanlarda hem birmeňzeşdiginiň üstüni açyp, 528 dürli süýdemdirijileriň 72 göteriminde urkaçylaryň erkeklerden 13% uzak ýaşaýandygyny öwrendiler.

Dowamy

  • 349 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

tkm sanjym taze buyrukÝokançly keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda waksinalar (sanjymlar) aýgytly rol oýnaýarlar. Häzirki wagtda dünýäde 30-dan köp ölüm howply ýokançlyklardan we kesellerden waksinanyň kömegi bilen goranyp bolýar. Waksinalar ýylda 3.5-5 million adamy ölümden halas edýärler.

Dowamy

  • 434 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

taze okuw yylTomsuň soňlanmagy ene-atalaryň we çagalaryň ikisinde hem ençeme duýgulary oýaryp bilýär. Bu döwürde ilkinji bilen ene-atalaryň özleri özlerini rahat alyp barsalar çagalarynyň hem täze okuw ýylyna arkaýyn başlamaklaryna iň uly kömek etdikleri bolar. Şeýle-de, hünärmenler ýylyň üstünlikli geçmegi üçin stresi, tolgunmany we ynamsyzlygy azaldyp biljek üç maslahaty berýärler.

Dowamy

  • 504 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

poliomiyelite garsy guzaply goresBütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde 1988-nji ýylda poliomiýeliti doly ýok etmegiň ugruna çykdy. Şondan bäri birnäçe gezek keseliň ýok edilmegine örän golaý gelindi – meselem, 2021-nji ýylda diňe 5 sany poliomiýelit hadysasy hasaba alyndy we olar hem diňe Owganystanda we Päkistanda ýüze çykypdy. Emma, ondan bäri hadysalar ýene artyp, olaryň sany geçen ýyl 99-a ýetdi.

Poliomiýelit keseli esasan 5 ýaşdan kiçi çagalara güýçli ýokuşyp, birnäçe sagadyň içinde bejerip bolmajak derejede ysmazlyga eltýär. Dünýäde diňe iki ýurtda, Owganystanda we Päkistanda, poliomiýelitiň ýaýramasy hiç haçan togtamady.

Dowamy

  • 458 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

salmonella bakteriyasyEsasy faktlar:

↪ Salmonella bakteriýasy dünýäde içgeçme hadysalarynyň dörtden birine sebäpkärdir.

↪ Salmonella bakteriýasynyň döredýän keseline salmonellez diýilýär. Salmonellez hadysalarynyň köpüsi ýeňil geçýär, emma kä halatlarda ol ölüm howply hem bolup bilýär.

↪ Antibiotiklere durnuklylyk dünýäde uly saglyk meseleleriniň biri. Salmonellanyň hem käbir görnüşleri antibiotiklere durnuklylyk görkezip başlady.

↪ Iýmit bilen baglanyşykly arassaçylyk-gigiýena kadalaryny berjaý etmek (meselem, nahary mazaly bişirmek) salmonelleziň öňüni almagyň bir usulydyr.

Dowamy

  • 518 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

sagdyn beyni hem yasyn gaydysmagyKyrk ýaşlardan soňra, beýnimiz assa-ýuwaş agsaklaşýar. Her ýyl reaksiýa görkezýän wagtymyz birnäçe millisekunt artýar, zatlary ýatda saklamak ukybymyz ujypsyz derejede hem bolsa peselýär. Bu alamatlar käte alsgeýmer ýaly keselleriň irki habarçysy bolup bilse-de, köplenç olar kesel alamaty däl-de, adaty adamlaryň gartaşmagynyň tebigy bölegidir.

700 müňden gowrak gartaşan adamlardan alnan kognitiw synaglaryň netijeleri hem muňa güwä geçýär. Emma, olaryň bir böleginiň beýnileri özlerinden 30 ýaş kiçi adamlaryň beýnileri kimin çeýelik görkezipdir. Ylmy barlagçylar bu adamlaryň beýnileriniň ýaş saklanmagynda genetikadan başga nämeleriň möhüm rol oýnaýandygyny öwrendiler.

Okamany dowam et

  • 497 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

waksina almaga subhelenyanlerWaksina almaga ýaýdanýanlaryň sany dünýä ýüzünde köpelýär, emma ylmy barlaglar olaryň soraglaryna nähili jogap berip boljakdygynyň anyk usullaryny ýüze çykardylar.

COVID-19 pandemiýasynda gözegçilik geçirilen 55 ýurduň 52-sinde çagalara berilýän sanjymlara bolan ynam peselipdir. Meselem, ABŞ-da ene-atalaryň 20%-i waksinalar barada şübhelenýärler – bu bolsa ýurtda 2025-nji ýylda gyzamyk ýokanjynyň ýaýramagyna we 3 sany sanjym almadyk kişiniň ölmegine getirdi.

Okamany dowam et

  • 492 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

stres saglygyny elden alyp bilyar"Stres ölçenilmese, oňa çäre görüp hem bolmaýar" diýip, Kaliforniýa Uniwersitetindäki kliniki psiholog Slawik belleýär.

Ençeme ylmy barlaglar bedende döreýän gysga wagtlyk stresiň (meselem, sport bilen meşgullanmak) saglyk üçin peýdalydygyny görkezýär, emma yzy üzülmeýän stres ýürek keselleri, rak keselleri, beýnä gan inme (insult), dem alyş ýollarynyň bozulmalary, suisid we beýleki adam ölümleriniň sebäpleriniň döremesine goşant goşýar. Kä ýagdaýlarda uzak dowam edýän stres bir keseliň döremegine ýol açsa, beýleki ýagdaýlarda ol bar bolan keseli beterleşdirýär. Ýa-da bolmasa, strese çäre görmek üçin edilýän nädogry hereketler hroniki keselleriň ýüze çykmagyna goşant goşýar.

Häzirki wagtda dünýä ýüzünde stres artyp barýar. 2007-09 aralygynda resessiýa döwründe stres hem ýokarlanypdy. Ol COVID-19 pandemiýasynda hem ýene ýokarlandy.

Dowamy

  • 557 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

cybynlaryn yayradyan keselleri kopelyarHemme ýerde görüp gözümiz öwrenişen, ejiz we känbir zyýansyz ýaly görünselerem, çybynlar jandarlaryň içinde iň köp adam öldürýän jandarlardyr.

Ylmy barlagçylaryň aýtmagyna görä, bütindünýä maýylganlygy we beýleki faktorlar sebäpli ABŞ-da, Merkezi we Günorta Amerikada we Ýewropada çybynlaryň ýaýradýan keselleri köpelýär. Ol keselleriň iň köp duş gelýänleri: zika, malýariýa (gyzzyrma) we deň.

Emma her bir adam özüni birnäçe ýollar bilen çybynlaryň çakmagyndan gorap biler.

Dowamy

  • 665 gezek okalan