Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

ÝETGINJEKLIK WE UKY: ÝITI ZEHINLILIK ÜÇIN IR WE UZAK ÝAT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

yetginjeklik we uky3000-den köp ýetginjegiň gatnaşmagynda geçirilen ylmy barlag agşam ir ýerine geçýän we gije uzak ýatýan ýetginjekleriň giç we az ýatýanlar bilen deňeşdireniňde ukudaky ýürek uruş tizliginiň pesdiginiň we okamakda, sözleri öwrenmekde, mesele işlemekde we beýleki zehin soraglaryny çözmekde has ýokary netijeleri görkezýändikleriniň üstüni açdy.

Gije gowy uky almak asyrlarboýy gowy kognitiw başarnyklar (öwrenmek, ýatda saklamak, pikirlenmek we mesele çözmek) bilen baglanyşdyrylan hem bolsa, alymlar heniz hem adamyň ýetginjeklik döwründe, ýagny beýnide möhüm özgermeleriň bolup geçýän döwründe ýeterlik uky almazlygyň täsirlerini öwrenmäge çalyşýarlar.

"Biziň pikirimizçe zehiniňi ýitileşdirýän zat uky, sebäbi biz ukudakak ýadymyzdaky zatlar bekeýär" diýip, Kembrij uniwersitetiniň kliniki neýropsihologiýa professory Barbara Sahakian belleýär.

Sahakian we onuň Şanhaýdaky Fudan uniwersitetinde işleýän topary Amerikadaky 3222 sany 9-14 ýaşly ýetginjekleriň beýnileriniň kognitiw ösüşini öwrendiler. Barlagda ýetginjekleriň beýnileri surata düşürildi, goşara dakylýan enjamlaryň üsti bilen uky alyş endikleri öwrenildi we olardan kognitiw testler alyndy.

Barlagyň netijeleri hatda iň gowy uky alyş endikleri bolanlaryň hem maslahat berilýäninden (13-18 ýaşlylar gije 8-10 sagat uky almaly) az uky alýandygyny görkezdi. Gatnaşyjylaryň 39%-i ortaça 7 sagat 10 minut, 24%-i 7 sagat 21 minut we galan 37%- 7 sagat 25 minut uklaýan ekenler. Bu üç toparyň arasynda umumy bilim taýdan uly tapawutlyklara syn edilmese-de, has uzak uklaýan topardakylar kognitiw testlerden has gowy netijeleri aldylar we olaryň beýnileriniň giňligi we işleýşi has üstün çykdy.

Barlagyň awtorlary ukynyň dowamlylygyndaky kiçi tapawutlyklaryň hem zehiniň ýitelmeginde uly peýdasynyň bardygyna haýran galdylar. Olar ukusyny we kognitiw ukyplaryny gowulandyrmak isleýän ýetginjeklere yzygiderli sport bilen meşgullanmagy we agşamlaryna mobil telefonlary ýa-da kompýuterleri ulanmazlygy maslahat berýärler.

Bu ugurdan beýleki hünärmenler bolsa, jemgyýet hökmünde hem ýaşlaryň ukusyna has köp üns bermelidigimizi (meselem, mekdeplerde uky saglygy barada öwretmek) ýatladýarlar.

  • 53 gezek okalan