• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • DYRNAGA ÇALYNÝAN LAKLAR ZYÝANLYMY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DYRNAGA ÇALYNÝAN LAKLAR ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

dyrnaga calynyan laklar zyyanlymySoňky ýyllarda dyrnak laklarynyň görnüşleri we durujylygy barha özgerdi. Şol bir wagtda, olaryň howpsuzlygy barada hem ulanyjylaryň soraglary artyp başlady. Garward Lukmançylyk mekdebiniň dermatolog hünärmenleri dyrnak laklarynyň esasy görnüşleri we olaryň hersiniň gowy we ýaramaz taraplary barada gürrüň berdiler.

Klassyk dyrnak laklary

Ene-mamalarymyzyň döwründen bäri ulanylyp gelinýän klassyk laklar göni dyrnagyň ýüzüne birnäçe gat edip çalynýar we howada guradylýar. Bu görnüşli laklar erediji maddada eredilen polimerden düzülýär. Lak guranda erediji madda bugaryp uçup gidýär, polimer bolsa gatap galýar.

Gowy tarapy: Aseton esasly lak aýryjy bilen çalt we aňsat aýrylýar. Asetonyň dyrnaklary we derini guradyp, zeperläp bilýändigi üçin lagyň çalt aýrylmagy asetonyň ýetirip biljek zyýanyny azaldyp biler.

Ýaramaz tarapy: Käbir reňler, esasan-da ýapyk reňkler dyrnaklaryň wagtlaýynça reňkini üýtgedip biler.

Klassyk laklar dermatologlar tarapyndan tassyklanylandyr. Emma, dermatologlar dyrnaklara wagtly-wagtynda arakesme bermegi we dyrnagyň töwereginiň hamjagazlaryny nemlendirip durmagy maslahat berýärler.

"Toksik däl" laklar

Gözellik serişdelerine gezek gelende, "toksik däl" sözüne düşünmek kyn bolup bilýär. Dyrnak laklarynyň dünýäsinde "toksik däl" köplenç düzüminde 5 maddanyň ýokdugyny aňladýar (formaldegid, toluol, dibutilftalat, formaldegid smolasy we kamfora). Formaldegid ABŞ-da Milli rak instituty tarapyndan rak keseline sebäp bolýan konserwant diýlip bellige alyndy. Şeýle-de, formaldegid, toluol, dibutilftalat we formaldegid smolasy ellergik kontakt dermatite hem sebäp bolup bilýärler. Kamfora ýagy bolsa halk lukmançylygynda uzak wagtlardan bäri ulanylyp gelinýär, emma ony agyzdan kabul etmek zäherlidir.

Käbir ylmy barlaglar dyrnak laklaryndaky himikatlaryň bedene siňip bilýändigini görkezdi, emma onuň näçe möçberiniň siňýäni we onuň saglyga zyýanly derejelere barabardygy ýa däldigi heniz belli däl. Umuman aýdanymyzda, "tebigy" ýa-da "arassa" diýlip çykarylýan kosmetiki önümleriň hakykatdan-da howpsuz we saglyga ýaramlydygy heniz hem jogapsyz galýar.

Gowy tarapy: Aýyrmasy aňsat. Düzüminde kontakt dermatiti döredip bilýän himikatlar az bolany üçin, näzik derililer üçin gowy wariant bolup biler.

Ýaramaz tarapy: Bu görnüşli laklaryň düzüminden aýrylan himikatlaryň klassyk laklarda saklanýan möçberiniň saglyga zyýanlydygyny tassyklaýan ygtybarly ylmy sanlar ýok.

Gel laklar

Gel lak ilki dyrnaga çalynýar, soňra tiz gatamasy we guramasy üçin dyrnaklar ýörite lampanyň aşagynda saklanylýar. Köp dyrnak lampalary ultramelewşe şöhlelerini bölüp çykarýarlar – bu şöhleler deriniň öýjüklerini zeperleýär, derini çalt garradýar we deri ragynyň döreme töwekgelligini artdyrýar. Adaty dyrnak lampalaryna derek LED yşykly lampalar hem ulanylyp bilner, emma bular hem az mukdarda ultramelewşe şöhlelerini çykarýarlar.

Gowy tarapy: Lagyň durujylygy has uzak wagta gidýär.

Ýaramaz tarapy: Ultramelewşe şöhlelerine ýanaşmaly bolýar. Lagy aýyrmak örän kyn bolup, dyrnagyň syrçasyny zeperläp bilýär. Gel laklary uzak wagtlap ulanmak dyrnaklary aşa guradyp we ejizledip bilýär.

Seýrek ulanylan ýagdaýynda, gel laklarynyň saglyga uzak möhletleýin zyýan berme ähtimallygy pesdir. Ony aýranyňda ýa-da aýyrdanyňda güýçli gazamadan we gyrmadan saklan. Gel lagy hiç haçan eliň bilen sypyrma we çekme – beýle etseň dyrnagyň syrçasynyň hem gatlaryny sypyrmagyň mümkin. Ultramelewşe lampasyny ulanmazdan 20 minut öň elleriňe gün kremini çal ýa-da lampanyň aşagynda barmaksyz ellik geý.

Pudra lagy

Dyrnaga ilki kleý çalynýar. Soňra ol reňkli akril pudrasyna batyrylýar ýa-da pudra dyrnaga sepilýär. Artykmaç düşen pudra arassalanylýar we pudrany doňdurmak we gatatmak üçin üstünden örtüji lak (aktiwator) çalynýar.

Gowy tarapy: Guradyjy lampa gerek bolmaýar, şonuň üçinde ultramelewşe şöhlelerine ýanaşylmaýar.

Ýaramaz tarapy: Eger bu lak salonda etdirilse, esasy mesele arassaçylyk bolup durýar. Içi pudraly bankalar birden köp adam üçin ulanylanda onuň içine bakteriýalar, kömelekler ýa-da wiruslar ýygnanyp bilýärler. Pudra lagynyň aýyrmasy hem edil gel lagy ýaly kyn bolup, dyrnagyň syrçasyna we dyrnagyň töwereginiň hamjagazlaryna zyýan ýetirip bilýär.

Eger-de salon pudrany her müşderi üçin aýratyn gapjagaza guýup ulanmaýan bolsa we her müşderi üçin arassa çotga ulanmaýan bolsa, dermatologlar bu görnüşli lakdan daş durmagy maslahat berýärler.

Çeşme

  • 53 gezek okalan