Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ALKOGOL IÇGILERI : HAKYKAT WE TOSLAMALAR
Taryhy yazgylara salgylansaň, spirtli içgiler b.e. 8000 ýyl öň baldan, miweleriň şiresinden, yabany üzümden alnyp başlanypdyr. Üzüm çakyryndan ilkinji spirti VI-VII-nji asyrlarda araplar alyp, ony “alkogol“, ýagny “melul ediji“ diýip atlandyrypdyrlar. Aragyň birinji çüýşesini 860-njy ýylda Ragez atly arap ýasapdyr. 12 asyr bäri spirt içgileri adamzat bilen uly taryhy yoly geçdi. Şahyrlar, aýdymçylar, suratkeşler ony wasp etdiler, öwgüli sözler bilen gazal, aýdym ýazdylar.
Yslam dininiň düýbüni tutan Muhammet (570 - 632 ý.) spirtli içgileri içmegi gadagan etdi we bu kanuny esasda Gurhandada ýazylandyr. Köp asyrlar bäri musulman ýurtlarynda alkogol içgileri kabul edilenok, bu kanundan çykan adamlara (arakhorlara) bolsa berk temmi berilyär.
Yöne biziň gürrüňimiz spirtli içgileriň taryhy barada dälde, olara ýykgyn edilmegiň sebäpleri baradadyr.
Russiýada geçirilen statistiki barlaglaryň netijesi spirtli içgileriň ýyldan-ýyla köp içilýänliginden güwä geçýär: eger 1913-nji ýylda adambaşyna 3,4 litr, 1927-nji ýylda 3,7 litr arak satylan bolsa, 1940-njy ýylyň aýagyna bu 2,3 litre çenli, 1950-nji ýylda 1,9 litre çenli azalypdyr. Ondan soňky ýyllar aragyň kabul edilişi 3-4 esse artypdyr...
Eýsem näme üçin adamzat köp müňýyllyklaryň dowamynda alkogol içgilerine ýykgyn edýär?
Näme üçin köplenç arakly we şeraply çüýşeler biziň saçagymyzyň ”bezegi” bolup durýar?
Spirtli içgileriň peýdalylygy barada birnäçe toslamalar bar. Şolaryň birnäçesiniň üstünde durup geçeliň.
1-nji toslama - Alkogolyň kömegi bilen çalt ýylanyp bolýar.
Gaty üşäp gelen adama peýdaly derman höküminde hemişe spirtli içgi berýärler. Spirtli içgileriň diňe 50 gr. damarlary giňedip, içki agzalaryň gan aýlanşygyny kadalaşdyrýär. Alkogolyň ondan köp mukdary deriniň damarlaryny giňedip,ony gyzardýar,endamyňa ýylylyk ýaýran ýaly bolýar. Şonuň bilen birlikde ýylylyk bedenden daşyna ýitip başlaýar we ol has hem sowaýar. Seýlelikde, alkogol içgileriň ýylatmak häsiýeti barada düşünje ulaldylandyr.
2-nji toslama - Alkogol işdäňi açýar.
Spirtli içgiler dogrudan hem işdäňi açýar. Ýöne gürrüň 20-25 gr. güýçli spirtli içgiler, meselem arak barada gidýär. Ol beýnidäki işdä merkezini oýandyrýar. Ýöne bu prosess spirtli içgi içilenden soň, 15-20 min. dowamynda bolup geçýär. Şonuň üçin edil naharyň öň ýanynda içmek nädogrydyr, sebäbi açlyk duýgusy birnäçe sekuntdan döräp bilmeýär. Ustesinede, aç wagtyň içilen spirtli içgi aşgazanyň nemli bardasyny gyjyndyryp, onuň dürli kesellerine getirip biler.
3-nji toslama - Alkogol ýadawlygy aýyrýar.
Käwagt ýadaw adamlar keýplerini götermek üçin alkogol içgisiniň birden köp mukdaryny kabul edýär. Hakykatdan bolsa, 20-30 ml. arak ýa-da konýak, 40 ml. çakyr ýa-da martini içki dartgynlylygy aýryp, dynç almaga kömek edip biler. Köp mukdarda içilen spirtli içgi ýadawlylyga, keýpiň gaçmagyna, tukatlylyga getirýär. Käbir adamlarda bolsa ilki çendenaşa şadyýanlyk, keýpiköklük, soň lapykeçlige, tukatlyga öwrülýär.
4-nji toslama - Alkogol işjeňligi ýokarlandyrýar.
Köp adamlar alkogol içginiň täsiri bilen işlemek ýeňil, aňsat hasaplaýarlar. Ýöne bu ýerde gürrüň hereketiň we duýgynyň kütelýän serhoşlylygyň orta we agyr derejesi barada gidenok. Hemme pikirlenme prosessleriň ýokarlanýan ýaly bolup görünýän ýeňil derejesi göz öňüne tutulýar. Ýöne bu köplenç subýektiw duýgy bolup, onuň şeýledigini awstraliýaly alymlar tejribe esasynda subut etdiler. Dogrudan hem ýeňil derejede serhoş adamlaryň pikirlenme we hereket reaksiýalary ýokarlanýan ýaly bolup görünýär, ýöne bu nädogrydyr. Alkogolyň ujypsyz mukdary hem ünsüňi peseldip, netije çykarmak ukybynyň hilini erbetleşdirip biler. Şunlukda,belki serhoş adam işini çalt etsede eder, ýöne işde dürli derejeli ýalňyşlyklar köp bolup biler.
5-nji toslama - Alkogol gan basyşy peseldýär.
Gan basyşy ýokary adamlar: “Alkogol gan damarlaryny giňeldip, gan basyşy peseldýär“ diýip pikir edýärler. Dogrudan hem , spirtli içgileriň az mukdary şeýle netije berip biler. Şonuň bilen birlikde olar ýüregiň işini hem çaltlandyrýar. Gan basyşy bolsa göniden-göni damarlara iterilýän ganyň mukdaryna baglydyr. Şol mukdar näçe uly bolsa, gan basyşy hem şonça beýikdir. Ondan başga-da, köp spirtli içgiler özünde biologiki işjeň maddalary saklaýarlar. Olaryň özi hem gan basyşy ýokarlandyryp bilýär.
6-njy toslama - Yokary hilli alkogol içgileri zyýansyzdyr.
Hemme alkogol içgileri bedene zäherleýji täsirini ýetirýär. Sebäbi bedende alkogolyň dargamagy netijesinde howply bolan uksus aldegidi emele gelýär. Ýöne pes hilli spirt içgileriň zyýany has hem ulydyr. Sebäbi olar doly arassalanma prossesini geçenoklar. Düzüminde dürli ýaglary saklap, olar alkogolyň zäherleýji täsirini has hem güýçlendirýärler.
Şu zatlar öý şertlerinde taýynlanýan içgilere hem degişlidir. Gowy suwdan, ekologiki arassa ir-iýmişlerden taýarlanandygyna garamazdan, pes hilli içgi alynýar. Onuň hem sebäbi öý sertlerinde spirti arassalamagyň kynlygyndadyr.
7-nji toslama - Alkogol dümew üçin dermandyr.
Köp adamlar sowuklan wagty arak bilen almanyň ýa-da balyň we ş. m. utgaşdyrmalar bilen özlerini bejerýär. Şular ýaly derman bedeniň gyzgynyny kadalaşdyrýar, bokurdagyň agyrsyny aýyrýar diýen pikir bar. Medisina şunuň ýaly bejergini dogry hasap etmeýär. Birinjiden, spirtli içgiler bedeniň goraýyş güýçlerine gowy täsir etmeýär. Ikinjiden, spirtli içgi sowuklan agyryly bokurdaga peýdaly täsir edip bilmeýär.Ýöne ýyladylan gyzyl çakyr az mukdarda kabul edilse, bedeniň kesellere garşy durmak ukybyny güýçlendirip biler.
8-nji toslama - Piwo alkogol içgi däldir .
Piwo gowşak alkogol içgisi bolansoň, saglyga hiç hili zyýan ýetirenok diýen düşünje bar. Bu düýbinden ýalňyşdyr. Piwo içgisiniň düzüminde spirt az hem bolsa, ol alkogol içgilerine girýär we oňa bolan öwrenişme döredip biler.
Soňky wagtlar lukmanlar piwo alkogolizminiň döränligi barada aýdýarlar. Köp mukdarda içilen piwo ýürege we bagra öz zyýanly täsirini ýetirip, olaryň işini bozýandyr. Şonuň üçin hem köp mukdarda piwo içgisini içmek saglygyňyza uly zyýan ýetirýändir.
9-njy toslama –Alkogol kaloriýaly däldir.
Aýallar iýen iýmitiniň kaloriýasyny sanaýarlar, ýöne içgileriň kaloriýasyny hasap edenoklar. Alkogol içgileriniň ýokary ýokumlylygy bardyr, özi hem içgi näçe güýçli bolsa şonça-da ol ýokumlydyr. Arakda ýokumlylyk has hem ýokarydyr. Ol esasan aragyň düzümindäki spirte baglydyr.
Çakyr babatda azajyk başgaçadyr. Çakyryň ýokumlylygy çalt dargaýan uglewodlara baglydyr. Şonuň üçin çakyr adamyny gaty semiretmeýär. Bolsa-da alkogol içgileriniň hemmesi hem kaloriýalydyr. Şonuň üçin hem olary kabul etmezden öň öz saglygyňyz we daşky sypatyňyz barada pikir ediň...
- 11668 gezek okalan