Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
SEBITIMIZDE ALADALANDYRYJY GYZGYN HOWA WE BIZ ONDAN NÄDIP GORANYP BILERIS?
Bu ýaz pasly Merkezi Aziýa ýurtlary üçin gaty bir salkyn geçmeýär. Ýurtlaryň bäşisi hem soňky üç aýda adatdan daşary derejede ýokary temperaturalary başdan geçirýärler.
↪ Aprel aýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda howanyň temperaturasy 40 gradusa çykdy. Bu 1891-nji ýylda temperaturalar ölçenip başlanany bäri şol aý üçin hasaba alnan iň ýokary gyzgynlykdyr.
↪ 17-nji maýda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde howa 37.1 gradusa ýetip, maý aýy üçin adatdan daşary ýokary temperatura diýlip hasaba alyndy.
↪ Özbegistanyň birnäçe şäheri aprel aýynda adatdan daşary derejede gyzgynlygy başdan geçirse, ýurduň käbir böleklerinde howanyň derejesi şol aý üçin adatdakylardan 5 derejä çenli aşa gyzdy.
↪ Gazagystanda hem bu ýyl gyş adatdakylardan maýyl geçdi we hökümet bu aý ýurduň 11 welaýatynda guraklygyň boljakdygyny çaklaýar.
↪ Täjigistanyň hem resmi edaralary goşmaça maglumat bermezden aşa ýokary temperaturalary başdan geçirýändiklerini aýtdylar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisine hem bütindünýä maýylganlygy uly howp salýar. Sebitde oba-hojalyk pudagynda zähmet çekýänler köp bolup, olar eýýämden suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar – gurak şertler bolsa, hasyllara hem-de gidroenergetika howp salýar.
Howanyň nähili derejede üýtgemegine garaşylýar?
Klimatyň üýtgemegi boýunça hökümetara panel (IPCC) Merkezi Aziýa sebiti üçin 2055-nji ýyla çenli howanyň üýtgemegi barada 3 çaklama hödürleýär:
1. Eger hiç hili çäre görülmese, Merkezi Aziýanyň daglyk ýerlerinde howa 4-5 gradus gyzar.
2. Merkezi Aziýanyň howasynyň gyzgynlygy iň gowy şertlerde hem 3-4 gradus ýokarlanar.
3. Merkezi Aziýada temperatura her ýyl 0.2-0.4 gradus aralygynda galýar.
Klimatyň üýtgemegi boýunça merkeziň ekspertleriniň bellemegine görä, eger zawoddyr fabrikler, esasan-da sement zawodlary, elektrik stansiýalary we teploelektriksentrallar howa arassalaýjylar bilen enjamlaşdyrylmasa, ýagdaýlar çaklamalaryň görkezişinden hem beterleşer.
Bütindünýä Banky hem, indiki birnäçe onýyllykda sebitde temperaturanyň 6 gradus gyzjakdygyny çaklaýar. Bu çaklama dogry bolaýsa, 2050-nji ýyla çenli sebitdäki buzluklaryň üçden bir bölegi erär – bu hem suw gytçylygyny has-da ýaramazlaşdyrar.
Gyzgyn howanyň adam saglygyna täsirleri
Dürli ylmy barlaglara görä, adam bedeniniň temperaturasy diňe daşarky howanyň derejesi 35 gradusa çenli bolanda öz-özüni sazlap bilýär. Eger howa gysga wagtlyk hem 35 gradusdan geçse, bu saglyk meseleleriniň ýüze çykmagyna we hatda ölüme hem eltip bilýär. Hususan-da, çagalar, gartaşan adamlar we hroniki keselleri bolanlar yssy howanyň öňünde örän ejiz gelýärler.
BSGG ilata aşa gyzgynlykdan goranyş maslahatlaryny berýär:
↪ Gündizine penjireleri we tutulary ýapyň, esasanda penjilerden gün girýän bolsa. Olary diňe agşamlyk, daşarynyň temperaturasy peselende açyň.
↪ Gyzýan ýerlerden uzak duruň. Içerde iň salkyn otaglarda oturyň ýa-da kondisioneri işlediň.
↪ Günüň iň yssy sagatlarynda daşary çykmaň.
↪ Aşa ýadadyjy fiziki hereketleri etmekden saklanyň.
↪ Wagtly-wagtynda suw içiň, emma şekerli ýa-da alkogolly içgilerden daş duruň.
↪ Sowuk duş ýa-da wanna alyň. Oňa derek sowuk suwa öllenen polotenseleri, matalary, gubkalary hem ulanyp bilersiňiz.
↪ Tebigy önümlerden tikilen ýeňil we ýuka eşikleri geýiň. Daşary çyksaňyz giň etekli şlýapa we günden goraýan äýnek geýiň.
- 84 gezek okalan