MERKEZI AZIÝADA WE ORTA GÜNDOGARDA KLIMATYŇ ÜÝTGEMEGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

OA klimat uytgemesiHalkara Pul gaznasynyň täze hasabatyna görä, klimatyň üýtgemegi adamzadyň iň uly meseleleriniň biri bolup durýar. Orta Gündogar we Merkezi Aziýa (OG&MA) sebiti hem klimatyň üýtgemeginiň saglyk, fiziki we ykdysady täsirleri bilen çaknyşjak ilkinji ýerdir. Sebitiň aglaba bölegi eýýäm ýowuz klimat zonalaryna eýeçilik edýär – bu ýerlerde global maýylganlygyň netijesinde çölleşme, suw ýetmezçiligi we deňiz derejesiniň ýokarlanmagy ýaramazlaşýar. Bu ýagdaý düýpli ykdysady bozulmalara, iýmit ýetmezçiligine we jemgyýetçilik saglygynyň howplaryna sebäp bolup, garyplygy, deňsizligi, göçüşligi we dawa-jenjelleri beterleşdirer. OG&MA sebitinde ilatyň ýaryndan köpüsi klimatyň üýtgemegini global ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý hasaplap (UNDP we başgalar 2021), bu meseleleriň bardygyny kabul etse-de, aýgytly we uly göwrümli çärelere heniz girişilmedi.

Serhetleriň içindäki agyz suwunyň elýeterliligi barha peselýär. Merkezi Aziýanyň agyz suwlarynyň 40%-iniň gözbaşy sebitiň daşynda ýerleşýär. Türkmenistana suwuň 95%-i daşardan gelýär. Bu sebitde suw konfliktleriniň we esasanam gurakçylyk döwürlerinde bosgunlaryň köpeljekdigini aňladýar. Ýokary temperaturalar sebäpli, Merkezi Aziýada çölleşme we guraklyk artar hem-de buzluklar azalar, esasan hem Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň günbatar böleklerinde. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň içinde diňe iki ýurt (Gazagystan we Türkmenistan) ortaça dünýä derejesinden ýokary derejelerde parnik gazlaryny bölüp çykarýar.

Bütindünýä Bankynyň hasaplaryna görä, Türkmenistanyň ortaça temperaturasy 2090-njy ýyla çenli 5.1°C gradus galar. Bu ortaça global maýylganlyk depgininden ep-esli ýokarydyr. Günlük iň ýokary we iň pes temperaturalar ortaça temperaturalardan biraz tiz maýlar – bu adam saglygyna, güzerançylyga we ekosistemalara degýän täsiri güýçlendirer. 21-nji asyryň dowamynda, her ýyl güýçli gurakçylygyň döreme ähtimallygy barha artar. Emissiýalar köp boldukça, Türkmenistanyň ýerleri biçak guraklaşar. 2040-2050-nji ýyla çenli temperaturanyň ýokarlanmagy we sebitde buzluklaryň tiz eremegi Türkmenistanda iň möhüm derýa bolan Amyderýanyň boýunda ýiti suw ýetmezçiliklerini döredip biler. Eger çäre görülmese, temperaturanyň ýokarlanmagy gurakçylygy we suw gytçylygyny ýygjamlaşdyryp, ýurtda oba-hojalygyna ýaramaz täsir eder we azyk gytçylygy dörär. Klimatyň üýtgemeginiň ýetirjek zyýanly täsirlerinden esasan ýurduň ilatynyň pes girdejili bölegi has köp zyýan çeker.

  • 857 gezek okalan