• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ÇYBYNLARYŇ ÝAÝRADÝAN KESELLERI KÖPELÝÄR: NÄDIP GORANMALY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇYBYNLARYŇ ÝAÝRADÝAN KESELLERI KÖPELÝÄR: NÄDIP GORANMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

cybynlaryn yayradyan keselleri kopelyarHemme ýerde görüp gözümiz öwrenişen, ejiz we känbir zyýansyz ýaly görünselerem, çybynlar jandarlaryň içinde iň köp adam öldürýän jandarlardyr.

Ylmy barlagçylaryň aýtmagyna görä, bütindünýä maýylganlygy we beýleki faktorlar sebäpli ABŞ-da, Merkezi we Günorta Amerikada we Ýewropada çybynlaryň ýaýradýan keselleri köpelýär. Ol keselleriň iň köp duş gelýänleri: zika, malýariýa (gyzzyrma) we deň.

Emma her bir adam özüni birnäçe ýollar bilen çybynlaryň çakmagyndan gorap biler.

Örtün

Eger çybyn seni çakyp bilmese, ol saňa kesel hem ýokuşdyryp bilmeýär. Munuň üçin hem olaryň iň işjeň wagtlary – gün ýaşanyndan daňdana çenli – daşaryk çykmazlyk maslahat berilýär. Bu wagtlarda daşaryk çykaýaňda-da uzyn ýeňli we uzyn etekli egin-eşikler geýip, bedeniňde kän açyk ýer goýmasaň gowy.

Mör-möjeklere garşy serişdeler

Eger daşarda kelte eşikleri geýinmeli bolsaň ýa-da uzyn eşikler bilen hem elleriň we aýaklaryň açyk galýan ýerlerine mör-möjeklere garşy serişdeleri sepmek ýa-da çalmak bolar. Emma mör-möjeklere garşy serişdeler seresaplyk bilen ulanylmalydyr. Olar saýlananda ýerli hökümet ýa-da ygtybarly halkara guramalar tarapyndan sertifikatlaşdyrylan bolmaly hem-de olaryň ulanyş düzgünleri dogry berjaý edilmelidir.

Çagalary goramagy hem unutma

Çybynlaryň çakyp biljek ýerlerinde wagtyňyz mör-möjeklere garşy serişdeleri çagalara hem çalmagy hünärmenler maslahat berýärler. Käbir ene-atalar bu serişdeleriň düzüminiň çaga laýyk gelýändigine şübhelenýärler. Emma, mör-möjeklere garşy serişdelerde iň köp duş gelýän ingrediýent DEET (N,N-dietil-meta-toluamid) hem 30%-den pes möçberde bolsa we günde bir gezek ulanylsa çagalar üçin howpsuz hasaplanylýar.

Şeýle-de, pediatorlar çagalar üçin mör-möjeklere garşy serişdeleri stik, losýon ýa-da suwuk spreýler görnüşinde ulanmagy we ol serişdeleriň gün kremleri bilen garylanlaryndan uzak durmagy ündeýärler.

Spreýleri çagalaryň göni ýüzüne sepmän, ilki elleriňe sepip ony çaganyň ýüzüne çalmaly. Ýaş çagalaryň bolsa ellerine serişde çalmanyň gowudyr, çünki olar agyzlaryny we gözlerini köp ellegen bolýarlar.

Edil ulularyňky ýaly, çagalary hem bedenleriniň köp bölegini örtýän egin-eşikler bilen çybyn çakmasyndan gorap bolar. Bäbekler üçin bolsa, daşarda ýatyrylanda çybyn torlaryny, daşarda ýatýan ululara hem peşehanalary ulanmak maslahat berilýär.

Deşikleri we duran suwlary barla

Çybynlar ýata suwda köpelmäni halaýarlar. Şonuň üçin içi suwly duran gaplary boşatmak ýa-da üstüni örtmek möhümdir. Şeýle-de, gapylarda we penjilerde çybynlaryň girip biljek deşikleriniň ýokdugyny barlap durmak goraglylygy ýokarlandyrar.

Mör-möjeklere gözegçilik hyzmatlaryna ýüz tut

Eger öýüň töwereginde çybynlar köp bolup, olardan dynyp bilmeýän bolsaň, iň ýakynyňdaky mör-möjeklere gözegçilik edarasyna ýüz tutsaň olar çybynlaryň gözbaşyny anyklamaga we olary aýyrmaga kömek ederler. Soňky wagtlarda çybyn çakmalarynyň öňüni almak çäreleriniň has köp öňe sürülýändigini alymlar goldap, çybynlaryň hemişe zyýansyz däldigini, olaryň jandarlaryň içinde iň köp adam öldürýän jandarlardygyny ýatladýarlar.

Çeşme

  • 322 gezek okalan