• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Ýetginjekler dünýäsi
  • ÖÝLER, MEKDEPLER WE SANLY GURŞAWLAR ÝAŞLARYŇ ALKOGOL IÇMESINE TÄSIR EDÝÄRMI?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

ÖÝLER, MEKDEPLER WE SANLY GURŞAWLAR ÝAŞLARYŇ ALKOGOL IÇMESINE TÄSIR EDÝÄRMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

yaslaryn alkogol icmesiBütin dünýäde alkogol ýaşlaryň arasynda iň köp ulanylýan psihoaktiw serişdedir (beýniň işleýşini, keýpiňi, pikirleriňi, garaýşyňy, duýgularyňy, özüňi alyp barşyňy üýtgedip bilýän serişde). Türkmenistany hem öz içine alýan BSGG-nyň Ýewropa sebitinde alkogol kabul edýän 15-19 ýaşlylaryň göterimi 2005-nji ýyldan bäri 40%-den ýokary bolup galýar. Ýaşlaryň arasynda köp alkogol içmek we ony yzygiderli aşa köp kabul etmek jemgyýetçilik saglygyna howp salýan meseleleriň biridir. Alkogol içmäge ir başlamak adamyň bütin ömrüne täsirini ýetirýär.

Alkogol ýaş adamlaryň beýnisiniň ösüşine zyýan berip, onuň alkogola baglanma ähtimallygynyň ýokarlanmagyna, okuwa we öwrenmäge höwesiniň gaçmagyna, töwekgelçilikli jynsy hereketlere we zulumly hereletlere baş goşmaga iterip bilýär.

Öýlerde

Çagalaryň we ýetginjekleriň alkogol içilýän öýlerde ulalmagy olaryň hem alkogol içmegi ir öwrenmegine täsir edýär. Çagalarda alkogol barada düşünje döretmekde ene-atanyň roly uludyr. Hatda ene-ata alkogoly seýrek içýän hem bolsa, bu çagalar üçin ene-atanyň alkogol içmesini we umuman alkogol içilmegini adaty bir zat hökmünde kabul etmäge ýeterlik bolýar. Şeýle-de, alkogoly göwün açmak üçin, baýramçylyklarda we oturylyşyklarda içýän ene-atalaryň çagalary alkogoly lezzet beriji serişde hasaplap bilerler. Uly doganlary alkogol kabul edýän çagalarda hem alkogol barada birmeňzeş düşünjeler döreýär.

Çaga terbiýelemekde ulanylýan birnäçe usullar ýaşy kiçileriň alkogolyň zabun toruna düşmesinden gorap biler. Ýaşlykda alkogol içmäge garşy çykýan we çagalaryna alkogoldan uzak durmagy ündeýän ene-atalaryň çagalary hem köplenç alkogoldan uzak duragan bolýarlar.

Mekdeplerde

Kä ýurtlarda uly göwrümli alkogol korporasiýalary mekdeplerde alkogol saglyk sapaklaryna hemaýatkärlik edýärler. Smashed ýaly bu kompaniýalar bilim bermäge niýetlenen programmalarynyň üsti bilen okuwçylary alkogol içgileriniň brandingleri, suratlandyrmalary we durmuşy mysallary bilen tanyşdyrýarlar. Galyberse-de, bu programmalarda şahsy jogapkärçilik öňe sürülýär. Beýle çemeleşme alkogol kabul etmegiň ähli jogapkärçiligini şahsyýetiň üstüne ýükläp, bu meseläni çözmekde mümkin bolan jemgyýetçilik we syýasy çäreleri göz öňüne tutmaýar. Şonuň üçin-de, jogapkärçilikli içmegi ündeýän programmalaryň netijesizdigini barlaglar görkezýärler we olaryň mekdeplerde ulanylmagyny maslahat bermeýärler.

Sanly gurşawlarda

Mediýanyň dürli görnüşlerinde alkogola duş gelmek ýaş adamlaryň alkogol kabul etme, şeýle-de ir içip başlama, yzygiderli agyr içme ähtimallygyny ýokarlandyrýar. Muňa garamazdan pes we orta-girdejili ýurtlarda, alkogol marketinginiň has az kanunlaşdyrylan ýurtlarynda alkogol mahabatlarynyň ýaşlara nähili täsir edýändigi ýeterlik öwrenilmedi. Barlaglaryň köpüsi Taýland, Awstraliýa, Täze Zelandiýa ýaly alkogol marketingini berk kanunlaşdyrýan ýurtlarda geçirildi.

Ýaşlary alkogola we onuň bilen baglanyşykly zyýanly endiklere iterijilere çäreler

Pes we orta-girdejili ýurtlarda ýaşlary alkogolyň zyýanlaryndan goramaga mekdepleriň we maşgalalaryň deň derejede gatnaşmagy iň gowy netijeleri berýär. Bularyň ikisi hem deň derejede möhümdir we bulary biri-birinden aýralamak beýlekisiniň hem täsirini peseldýär. Ýaşlary zyýanly serişdelerden goramagyň esasy sütünleri:

Hossarlaryň orny – Ene-atalara wagtly-wagtynda zyýanly serişdelere garşy göreşmek barada maglumatlar ibermek. Olar çagalarynyň alkogoldan uzak durmasyna kömek etmeli.

Mekdepleriň orny – Mekdeplerde ýerli komitetleri döretmek. Zyýanly serişdeleri mekdep gurşawlarynda ulanmagy gadagan etmek.

Şahsy bilim – Ýaşlara zyýanly serişdeler we olardan nädip goranmalydygy barada öwretmek. Öwredilende interaktiw and interaktiw däl usullary ulanmak.

Ýoldaşlaryň orny – Ýoldaş liderleri saýlamak we taýýarlamak. Ýetginjekleri liderlere çatyp, olaryň bilelikde zyýanly serişdelere garşy göreşmegine mümkinçilik döretmek.

Konsultasiýa – Gerek ýerinde maslahat, psihiki we ruhy goldaw almak üçin konsultasiýalary üpjün etmek.

Ýaş adamlaryň öýde, mekdepde we mediýada alkogola duşmasyna garşy göreşmek ýurduň diňe bir saglygy goraýyş pudagynyň däl-de, eýsem kanun çykaryjylar, raýat jemgyýetleri we ylmy barlagçylar ýaly, ençeme pudaklaryň hyzmatdaşlykda zähmet çekmegini talap edýär.

Çeşme

  • 71 gezek okalan