• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Sagdyn garrama
  • GARTAŞAN ADAMLARA GARŞY ZULUM

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GARTAŞAN ADAMLARA GARŞY ZULUM

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

gartasan adamlara garsy zulumBilmeli faktlar

↪ 60 ýaşdan geçen adamlaryň her alty sanysyndan biri geçen ýylyň dowamynda köpçülik ýerlerinde zulumyň haýsy hem bolsa bir görnüşine duçar bolupdyrlar.

↪ Gartaşan adamlara garşy zulumyň derejesi garrylar öýlerinde we olara uzak möhletleýin ideg edilýän ýerlerde has ýokary.

↪ Gartaşan adamlara edilýän zulum çynlakaý fiziki şikeslere we psihologik bozulmalara sebäp bolup bilýär.

↪ Dünýä ýüzünde, esasan-da ösüp barýan döwletlerde gartaşanlara edilýän zulum we onuň nädip öňüni almalydygy barada bilinýän zatlar örän az.

"Gartaşan adamlara garşy zulum" ýa-da "gartaşan adamlara zorluk" diýip 60 ýaşdan ýokary adamlara bilkastlaýyn zyýan berilmegine aýdylýar. Berilýän zyýan fiziki, psihologik, emosional, maddy zulumy; ýeke taşlamagy; idegini ýetirmezligi; äsgermezligi we hormatsyzlygy öz içine alyp, adam hukuklarynyň bozulmagy hasap edilýär.

Gartaşanlara garşy zulumyň dünýä ýüzünde barha artmagyna garaşylýar, çünki köp ýurduň gartaşan we uzak ýaşaýan ilaty köpelýär. 2050-nji ýyla çenli 60 ýaşdan geçenleriň sany 2 milliarda ýeter diýlip çaklanylýar.

Zulumyň berýän netijeleri

Gartaşan adamlara edilýän zorlugyň fiziki, psihiki, maddy we sosial zyýanlary bolýar. Meselem, fiziki şikesler, wagtyndan öň ölme, depressiýa, kognitiw ukybyň peselmegi hem-de maddy kynçylyklar. Has gartaşan adamlar üçin bolsa, zulumyň ýetirýän täsirleri has güýçli bolup, ondan taplanmak üçin örän uzak wagt gerek bolup biler.

Kimler zulumyň pidasy bolma töwekgelçiliginde?

Günlük ýaşaýyş üçin başgalara bagly bolmak, maýyplyk, syrkawlyk, huşuň pesligi, psihiki saglygyň gowşaklygy we girdejiň pesligi ýaly ýagdaýlar gartaşan adamyň zuluma sezewar bolma töwekgelçiligini ýokarlandyrýar. Zuluma baş goşýanlaryň bolsa, köplenç psihiki bozulmalary, neşe serişdelerine baglylygy ýa-da köplenç maddy taýdan pida baglylygy bolýar. Şeýle-de, pidanyň iň ýakynlaryndan hem (ýanýoldaşy, çagalary), zulumly hereketler köp çykyp bilýär, emma maşgala içindäki zulumyň ýaýbaňlylygy ýurtdan-ýurda üýtgeýär. Şeýle-de, gartaşan adamlara garşy köpçülikleýin zuluma hem duş gelmek bolýar. Bulara mysallar: ýaşy ululara kembaha garamak (olara iş bermezlik, mertebesini peseltmek we ş.m.) hem-de köpçülik bolup olara zulum edilmegine adaty zat hökmünde garamak. Emma köpçüligiň goldawyny alýan we özbaşdak ýaşaýan gartaşan adamlaryň zuluma uçrama ähtimallygy pes bolýar.

Nädip öňüni almaly?

Gartaşan adamlara garşy zorlugyň öňüni almak we oňa çäre görmek ugrunda ençeme işler geçirilip görüldi. Şonda-da, häzirki wagtda bu çäreleriň köpüsiniň netijeliligi çäkli bolup galýar. Iň oňyn netijeleri wada berýän çärelere degişliler:

↪ Gartaşan adamlara ideg berme hyzmatlary (maşgala agzalarynyň ýüküni ýeňletmek üçin)

↪ Gartaşan adamlar üçin ýörite pul eýeçiligine degişli hyzmatlar

↪ Kömek liniýalary we gaçybatalga hyzmatlary

↪ Gartaşan adamlaryň hukuklaryny goraýan we olara uzak möhletleýin ideg berýän hyzmatlar

Çeşme

  • 80 gezek okalan