• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • TÜRKMENISTANDA KLINIKI BARLAGHANA ULGAMY WE HYZMATLARY BARADA NÄMELERI BILÝÄRIS?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÜRKMENISTANDA KLINIKI BARLAGHANA ULGAMY WE HYZMATLARY BARADA NÄMELERI BILÝÄRIS?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

tkmda kliniki barlaghana ulgamyKesellere gözegçilik, maglumatlaryň ýaşyrylmagy we sanlaryň aç-açansyzlygy Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda esasy meseleler bolup galýar. Halkara guramalar tarapyndan gozgalýan ýurda degişli meseleleri milli edaralar öz internet saýtlarynda ýa-da köpçülikleýin habar beriş ulgamlarynda ilata ýetirmeýärler. Şonuň üçin-de, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýagdaýy barada halkara guramalaryň hasabatlaryny we proýektlerini okap, biraz düşünje almak mümkin.

Türkmenistandaky BMG-nyň Ösüş maksatnamasy (UNDP) 2023-nji ýylyň fewralynda "Türkmenistanda kliniki barlaghana hyzmatlaryny güýçlendirmek" atly taslamasyny ýola goýdy. Taslama, umumy ýokanç keseller, ýokanç däl keseller, hirurgiýa, adatdan daşary ýagdaýlar, eneleriň we çagalaryň saglygy we başgalar ýaly iň köp ýaýran keselleri takyk we wagtynda anyklamak üçin elýeterliligi, ygtybarlylygy we iň häzirki zaman laboratoriýa synagyny üpjün etmek üçin saglygy goraýyş hyzmatlaryna goldaw berer. Şeýle-de, bu taslama laboratoriýalary döwrebaplaşdyrmagy, hünärmenleri türgenleşdirmegi we sanly ulgamlary ösdürmegi maksat edinýär.

2025-nji ýylyň dekabrynda tamamlanmaly bu taslama Türkmenistanyň hökümeti hem-de UNDP tarapyndan maliýeleşdirilip, onuň ýöredilişi we býujeti baradaky hasabatlary onlaýn görüp bolýar. Emma welin, taslamanyň jikme-jik durmuşa geçirilişi, nireden nähili mukdarda harytlaryň alnyşy we maksatnamanyň netijeliliginiň nädip ölçeniljekdigi barada maglumat berilmeýär.

Ýurduň milli laboratoriýa hyzmatlary barada garyşyk hasabatlar

2024-nji ýylyň maýynda UNDP Türkmenistanyň içinde 114 laboratoriýanyň esbaplarynyň täzelenendigi we hünärmenlerine türgenleşik okuwlaryň geçirilendigi barada habar berdi. 2020-nji ýylda, COVID-19 pandemiýasynyň dowamynda Türkmenistana sapar eden BSGG hünärmenler topary ýurduň ýokanç keseliň öňüni almaga taýýarlyklydygyny we 13 laboratoriýanyň, 35 wirusologyň hem-de 35 wirus laboratoriýa hünärmenleriniň ilata hyzmat berýändigini bellediler. Muňa garamazdan dürli halkara guramalar ýurtda ilat saglygynda we saglygy goraýyş ulgamynda ençeme kemçilikleri yzygiderli ýüze çykaryp durýarlar:

↪ Türkmenistan ýurduň jemi içerki önüminiň diňe 1.3%-ini jemgyýetiň saglygyna harçlaýar – bu san BSGG-nyň Ýewropa sebitindäki beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende örän pesdir.

↪ 2017-2018 ýyllaryň hasabyna görä, ilat keseliň öňüni alyş hyzmatlaryndan az peýdalanýar we saglyk hyzmatlary üçin çykdajylaryň 70%-den köp bölegini öz jübüsinden tölemeli bolýar.

↪ Ilatyň ýokanç däl kesellerden ölme ähtimallygy 30% ýakyn we ilata hyzmatlaryň hiline baha bermäge mümkinçilik juda az.

↪ Haýwanlardan geçýän keselleriň öňüni alyş we olara çäre görüş maksatnamalary ýok.

↪ COVID-19 pandemiýasynda ýurduň ilatda hiç hili ýokuşma hadysasyny hasaba almadygyna garamazdan, Bütindünýä Banky Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleriniň we infrastrukturasynyň bu ýokançlyga eserdeň gaýtawul berme ukybynyň pesdigini habar berdi.

Bu garyşyk hasabatlar ýurduň barlaghana laboratoriýalarynyň belli taraplarynyň ösdürilmegine garamazdan, kesellere gözegçiligini we maglumat aç-açanlygyny gowulandyrmakda has köp işleriň geçirilmelidigini görkezýär. UNDP Türkmenistanyň alyp barýan taslamasy bu kemçilikleriň käbirine çäre görmegi maksat edinýär (giňden ýaýran keselleriň, şol sanda ýokanç we ýokanç däl keselleriň, operasiýalaryň, adatdan daşary ýagdaýlaryň, eneleriň we çagalaryň keselleriniň takyk we özwagtynda barlanylmagyny ösdürmek).

Makalanyň doly görnüşini iňlis dilinde şu ýerde okap bilersiňiz.

  • 105 gezek okalan