• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • SAGLYGYŇ HATYRASYNA AŞHANAŇDAKY PLASTIK ESBAPLARYŇDAN DYNMALYMY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SAGLYGYŇ HATYRASYNA AŞHANAŇDAKY PLASTIK ESBAPLARYŇDAN DYNMALYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

ashanandaky plastik esbaplaryBiz plastik dünýäde ýaşaýarys. Birleşen Milletler Guramasyna görä, dünýäde ýylda 460 million tonna plastik öndürilýär. Mikroplastikleriň dürli ýollar bilen bedenimize düşmesi bolsa barha has köp alymlary aladalandyrýar.

Plastikleriň içimize giriş ýollarynyň biri hem iýmit bilendir. Diňe bir iýmitiň üsti bilen hem däl, eýsem olar iýmit taýýarlamak, saklamak we iýmek üçin ulanýan dürli esbaplarymyzdan iýmitimize düşýärler. Öýde nahar bişirýänleriň köpüsi plastik gapaklarda kesip-dograýarlar, plastik gaplarda iýmit gyzdyrýarlar, plastik esbaplar bilen nahar bişirýärler, plastik gaplarda we streçlerde iýmit gaplaýarlar, gap-gaç ýuwujy maşynlarda plastik daşly sodalary ulanýarlar – bularyň ählisi mikroplastikleriň bedene düşmesine oňaýly şert döredýär.

Mikroplastikler adamlara zyýan berýärmi?

Mikroplastikleriň adam saglygyna ýetirýän täsirleri barada biz heniz hem köp zady bilmeýäris. Emma, häzire çenli ownuk plastik bölejikler adam bedeniniň ençeme böleginden, şol sanda ýürekden, öýkenden we çaga ýoldaşyndan hem tapyldy.

Käbir ylmy barlaglar mikroplastikler sebäpli haýwanlaryň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyny görkezýär. Adamlarda geçirilen barlaglaryň hem içinde bedende plastik bölejikleriň ýygnanmagy bilen saglyk meseleleriniň döremeginde arabaglanyşyk görkezeni boldy. Hünärmenler haýwanlary zeperleýän maddalaryň, heniz doly subut edilmese-de, adamlary hem zeperlemeginiň örän mümkindigini, şol sebäpli hem subutnamalara garaşyp ýörmän, häzirden plastikleri ulanmagymyzy azaltmagy maslahat berýärler.

Aşhanadan nädip plastik esbaplary azaldyp bolýar?

Aşhanaňy plastiklerden arassalamak üçin ähli plastik esbaplaryňy birlikde zibile zyňmak hökman däl. Oňa derek, kem-kemden üýtgeşme girizmegi göz öňünde tutup bilersiň. Meselem, eger ulanýan plastik gaplaryň biri zaýalansa, onuň ýerine plastik däl önümi satyn alyp bilersiň.

↪ Pastikden ýasalan kesiş gapaklaryny agaç gapaklar bilen çalyş.

↪ Iýmitleri çüýşe ýa-da metal gaplara salyp goý.

↪ Plastik streçiň ýerine iýmitleri gaplamak ýa örtmek üçin metaldan, aýnadan ýa-da matadan edilen esbaplary ulan.

↪ Dükanlara gideniňde harytlaryňy salmak üçin öýüňden öz sumkalaryňy alyp git.

↪ Hatda gap-gaç ýuwulýan plastik gubkalara derek hem esgi matalary ulanyp bilersiň.

↪ Nahar bişirmek üçin bolsa, poslamaýan polat ýa-da çoýun gapmadyr gazanlary saýlap al.

Çeşme

  • 123 gezek okalan