Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
STRES SAGLYGYŇY ELDEN ALYP BILÝÄR
"Stres ölçenilmese, oňa çäre görüp hem bolmaýar" diýip, Kaliforniýa Uniwersitetindäki kliniki psiholog Slawik belleýär.
Ençeme ylmy barlaglar bedende döreýän gysga wagtlyk stresiň (meselem, sport bilen meşgullanmak) saglyk üçin peýdalydygyny görkezýär, emma yzy üzülmeýän stres ýürek keselleri, rak keselleri, beýnä gan inme (insult), dem alyş ýollarynyň bozulmalary, suisid we beýleki adam ölümleriniň sebäpleriniň döremesine goşant goşýar. Kä ýagdaýlarda uzak dowam edýän stres bir keseliň döremegine ýol açsa, beýleki ýagdaýlarda ol bar bolan keseli beterleşdirýär. Ýa-da bolmasa, strese çäre görmek üçin edilýän nädogry hereketler hroniki keselleriň ýüze çykmagyna goşant goşýar.
Häzirki wagtda dünýä ýüzünde stres artyp barýar. 2007-09 aralygynda resessiýa döwründe stres hem ýokarlanypdy. Ol COVID-19 pandemiýasynda hem ýene ýokarlandy.
Adamlar köplenç özleriniň stresdediklerini bilseler hem, ol barada näme etjeklerini bilmeýärler. Lukman stresli işden çykmagy, gürleşme terapiýasyndan peýdalanmagy ýa-da iýmitiňi we ukyňy gowulandyrmagy maslahat berip biler – emma bulary ýerine ýetirmek her kime başartmaýar. Aslynda iň uly stres berijiler bilen ýüzbe-ýüz bolýan adamlar oňa çäre görmekde hem iň uly päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Has beteri bolsa, käbir adamlar birlikde birgiden zada ýetişýändiklerine buýsanyp, stresi döşlerine orden edip dakynýarlar.
Erbet stresi gowusyndan nädip saýgarmaly? Oňa nädip çäre görmeli?
Haçanda beden özüne howp abanýandygyny duýanda stres gormonlary, şol sanda kortizol hem, bölünip çykýar we gana goşulýar. Myşsalar dartylýar we ganyň düzümindäki şeker galýar. Ýürek has çalt we batly urýar, gan damarlary giňeýär we saňa has tiz hereket we pikir etmek üçin bedene artykmaç kislorod paýlanýar. Immun ulgamy hem, bedeniň bu ýagdaýdan tiz dikelmesi üçin kömege taýýar bolup durýar.
Bedeniň stresli ýagdaýlara "uruş ýa-da uç" atly bu gaýtawul beriş usuly asyrlarboýy adamlara özlerini goramaga we diri galmaga kömek edip gelipdir. Emma başagaý işgär durmuşy, rahatlyk bermeýän elektroniki enjamlar, maddy durnuksyzlyk, psihiki saglyk bozulmalary, klimatyň üýtgemegi ýaly döwrebaplaşmagyň döreden stres berijilerine ýerlikli gaýtawul bermäne heniz bedenimiz uýgunlaşmadyk. Haçanda beden jana howp salmaýan ýagdaýlary ýalňyş anyklap, reaksiýa görkezse, stresli ýagdaýyň bolup geçjegini aşa öňünden güman etse ýa-da stres döredijiler geçip gidensoň hem rahatlanmasa ýa-da stres dörediji uzak wagtlap aýrylyp gitmese stres saglyga zyýan berip başlaýar.
Beýle bolsa stresiň çakdan aşandygyny nädip bilmeli?
Stresi ölçemek üçin köplenç adamyň dilden berýän beýanyna daýanylýar (meselem, ynjalyksyzlyk ýa-da uklap bilmezlik). Kä ýagdaýlarda gan basyşy, kortizolyň derejesi ýa-da ýürek urşy ölçenilýär. Emma welin, bu usullar hemişe hakykaty görkezmeýär. Adamda sport bilen meşgullanandan soňra ýa-da bir çaşka kofe içeninden soňra hem ýokary kortizola ýa-da batly ýürek urmasyna syn edilip bilner. Gan basyş, kortizol we ýüregiň uruş tizligi adatça günüň dowamynda hem galyp-peselip durýar.
Şol sebäpli hem, hünärmenler stresi has takyk ölçemek üçin dürli görnüşli gurallary ulanmagy teklip edýärler. Olaryň bellemegine görä, bedeniň tas ähli bölegi strese reaksiýa görkezýär (nerw, dem alyş, iýmit siňdiriş, ýürek-damar, immun we endokrin ulgamlary we baş.). Bulary göz öňünde tutup, häzirki wagtda Slawik we onuň kärdeşleri ençeme ülňüleri öz içine alýan barlaglaryň üstünde işleýärler. Bu barlaglar adamyň stres we trawma taryhyny, neýrotransmitterleri, gormonlary, genetikasy, garyn bakteriýasy, alawlama görkezijileri, glýukoz derejeleri, lipid funksiýasy we metabolitleri barada maglumatlary öz içine alar. Bu maglumatlary almak indi aňsatlaşdy we hatda öýde geçirilýän elýeter testleriň üsti bilen hem mümkin.
COVID-19 pandemiýasy gan, tüýkülik we täret nusgalaryny ýygnamaga niýetlenen, ulanmasy aňsat enjamlaryň oýlanyp tapylmasyna bat berdi. Şeýle-de, adamyň fiziki hereketini, ukusyny, ýürek urşuny, deňagramlylygyny we derisiniň stres duýgurlygyny ölçeýän kiçi we kuwwatly geýilýän enjamlar barha köpelýärler. Häzirki wagtda üstünde işlenilýän sensorlaryň bolsa, kortizolyň we beýleki stres gormonlarynyň derejelerini minutlaýyn ölçäp bilmegine garaşylýar. Adam hereketdekä gan basyşyny ölçäp bilmekligi hem alymlar maksat edinýärler.
Bu gün edip biljek zatlaryň
Has uly we has gowy zatlar indi çykarylmaly hem bolsa, häzir hem stres bilen göreşmekde edip boljak zatlar az däl.
Meselem, kognitiw özüňi alyp baryş terapiýasynyň, dem alyş maşklarynyň, sosial goldawyň, sport bilen meşgullanmagyň we tebigatda wagt geçirmegiň erbet strese garşy göreşmekde ygtybarly usullardygyny ylmy barlaglar görkezýär. Bu usullar adamyň pikirlenişini, hereket edişini we bedeniniň strese jogap berişini üýtgedip bilýän bolsa, "beta blokerler" ýa-da alawlama garşy dermanlar nerw ulgamyny we immuniteti köşeşdirmäge kömek edip bilýärler.
Şeýle-de bolsa, bejergini her adama laýyk boljak görnüşde saýlamakda entek uly işler edilmeli. Soňky ýyllarda ylmy barlagçylar stresiň täsiriniň adamyň biologiýasyna, geçmişine we häzirki durmuşyna baglydygynyň üstüni açdylar.
Meselem, aýallar we erkekler strese tapawutly reaksiýa görkezýärler. Ýa-da zuluma ýa yzygiderli ünsden düşürilmä sezewar bolýan çagalar ulalanlarynda stresiň öňünde has ejiz galyp bilýärler.
- 235 gezek okalan