Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SEN GÜNDEN GORAÝAN KREMI DOGRY ULANÝARSYŇMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

gunden gorayan kremi dogry ulanyarsynmyDeriň görnüşini we saglygyny goramagyň iň netijeli we aňsat ýoly günden goraýan kremi ulanmakdyr. Günden goraýan krem wagtly-wagtynda ulanylanda güne ýanmanyň, deri ragynyň we derä wagtyndan ir ýygyrt düşmesiniň öňüni alýar.

Günden goraýan kremi nädip günlük tertibiň bir bölegi edinmeli we ony nädip dogry ulanmaly?

SPF derejesine düşünmek

Günden goraýan kremlerde gabat gelýän SPF sözi kremiň günden goraýjylyk faktory (iňlisçe: sun protection factor – SPF) bolup, kremiň ultramelewşe şöhleleriniň UVB diýlip atlandyrylýan böleginden goraýjylyk ukybyny görkezýär. UVB şöhleler güne ýanmagyň we deride ragyň döremeginiň esasy sebäpkäridir. Ultramelewşe şöhlesiniň beýleki iki bölegine UVC we UVA şöhleleri diýilýär. UVC şöhleler ýeriň atmosferasyna girmeýär, emma UVA şöhleler ýere gelip ýetýärler we deriniň rak keseline hem-de deriniň ýygyrt atmagyna sebäp bolýarlar. Şonuň üçin, günden goraýan krem saýlanyňda:

↪ UVB we UVA şöhleleriniň ikisinden hem goraýan "broad spectrum" ýazgylysyny al.

↪ Gündelik ulanmak üçin goraýyş derejesi azyndan SPF-30 bolan kremi, daşarda köp wagt geçirýän bolsaň SPF-60 ýa-da ondan ýokary derejeli kremi saýla.

Günden goraýan kremi näçeräk mukdarda çalynmaly?

Ýüzüňi, boýnuňy, gollaryňy we aýaklaryňy goramak üçin takmynan 30 gram ýa-da 2 nahar çemçe krem gerek bolýar. Diňe ýüzüňi we boýnuňy goramak üçin bolsa ýarty çaý çemçe hem ýeterlik.

Günden goraýan kremi beýleki kosmetikalaryň üstünden çalmalymy ýa aşagyndan?

Eger günden goraýan krem azyndan SPF-30, suwa çydamly we "broad spectrum" bolsa, ony kosmetikanyň aşagyndan ýa üstünden ulananyň tapawudy ýokdur. Käbir adam derisine başga zat çalynmazdan ozal, ýagny makiýaždan öňürti günden goraýan kremi çalynmany halaýar. Özüň üçin iň oňaýly usuly özüň tapmalysyň. Eger belli serişdeleri üsti-üstüne çalynmak barada soraglaryň bar bolsa, dermatolog bilen gürleş.

Içinde SPF bar bolan makiýaž günden gowy goraýarmy?

Içi SPF-li makiýažlarda seniň deriňi ýeterlik derejede gorap biljek SPF bolmaýar. Şonuň üçin makiýažyň ýanyndan ýörite günden goraýan krem ulanmak möhümdir.

Minerally kremler has gowumyka?

Günden goraýan kremler köplenç iki topara bölünýär: himiki we minerally. Himiki kremler awobenzon, oktisalat, oktokrilen, gomosalat ýaly ingredientleri öz içine alýar. Minerally kremlerde welin ýa sinkiň oksidi ýa-da titanyň dioksidi saklanýar. Himiki we minerally gün kremleriniň ikisi hem şol bir işi ýerine ýetirýärler, ýagny ultramelewşe şöhlelerini ýylylyga öwürýärler. Minerally gün kremleri ultramelewşe şöhleleriniň az mukdaryny yzyna hem serpikdirýär.

Himiki gün kremleri käbir adamyň derisine ötýär. Eger seniň deriň näzik bolsa ýa-da dürli serişdeler yzygiderli deriňi irizýän bolsa, minerally gün kremleri seniň üçin has ýaramly bolup biler. Minerally kremleriň ýeke oňaýsyz tarapy olar köplenç deride, esasan hem garaýagyz derilerde görnüp duran ak öwüsgin galdyrýar.

Günüň soňunda haýsy gün kremini saýlamak her adamyň özüne baglydyr. Günden goraýan kremiň iň gowusy seniň her gün arkaýyn ulanyp biljek kremiňdir.

Günden goraýan kremi her gün çalynmalymy?

Gysga jogap: Hökman.

1979-njy ýyldan bäri adamlaryň günden goranmagyny we deri ragynyň ir anyklanylyp bejerilmegini gazanmak ugrunda iş alyp barýan Skin Cancer Foundation (Deri ragy fondy) guramasynyň bellemegine görä, 6 aýy dolan çagalardan başlap, her bir adam her gün günden goraýan serişde ulanmalydyr. Munuň sebäbi hem, sen gündelik durmuşyňda pikir edişiňden has köp zyýanly gün şöhlelerine duçar bolýarsyň. Sen daşarda basseýniň gyrasynda dynç alyp ýatmaýan bolsaň hem, diňe gündelik girim-çykymyň bilen hem ýeterlik derejede güne çykýarsyň. Şonuň üçin:

↪ Günden goraýan kremi gündelik daşary çykmazyňdan 15-20 minut öňürti çalyn.

↪ Hatda günüň köp bölegini içerde ýa-da ulagda oturyp geçirýän hem bolsaň, günden goraýan krem ulan. Çünki penjirelerden köp mukdarda günüň zyýanly şöhleleri girýär.

↪ Hatda bulutlaşyk howaly günde hem gün şöhleleriniň 80%-e golaýy bulutlaryň arasyndan geçip seniň deriňe urýar. Şonuň üçin gyş aýlarynda günüň görünmeýän günlerinde hem gün kremini ulan.

Günden goraýan kremi günüň dowamynda täzeden çalnyp durmalymy?

Adatça, gün kremini her 2 sagatdan, şeýle-de suwa girip çykanyňdan we derläniňden soňra täzeden çalynmaly.

Eger sen içerde penjirelerden uzakda oturyp işleýän bolsaň, onda saňa gün kremini ikinji gezek çalynmagyň gerek bolmazlygy mümkin. Şonda-da, näçe gezek daşary çykýandygyňa we näçe wagtlap daşarda eglenýändigiňe üns bermek möhümdir. Ýanyňda hemişe ätiýaç üçin günden goraýan kremiň bir çüýşesini götermek gowy pikir.

Galyberse-de, hiç bir gün kreminiň birkemsiz däldigini we zyýanly şöhlelerden 100% gorap bilmeýändigini unutmaly däldiris. Günden goraýan papaklar, äýnekler, eşikler we mümkin bolsa kölegeli ýerlerde gezmek goşmaça goraglylyk üpjün eder.

Çeşme

  • 228 gezek okalan