• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • SILLER WE SUW JOŞGUNLARY AGYZ SUWUNA NÄHILI TÄSIR EDÝÄR?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SILLER WE SUW JOŞGUNLARY AGYZ SUWUNA NÄHILI TÄSIR EDÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

siller we suw josgunlarySiller ýa-da suw joşgunlary gurak ýerleri zerur bolan suw bilen üpjün edýän hem bolsa, olar agyz suw çeşmelerini zäherläp, suwuň üsti bilen geçýän keselleriň köpelmegine eltip bilýärler.

Seniň içýän suwuň dürli çeşmelerden gelýän bolmagy mümkin: ýerüsti suwlardan, ýerasty suwlardan ýa-da şäher suw ulgamyndan. Siller bularyň her birine täsirini ýetirip bilýär.

↪ Ýerüsti suwlar – ýerde görýän suwlarymyzdyr (derýalar, köller, howdanlar). Bu suwlar sil gelende hapalanyp bilýärler. Çünki siller ýerdäki bakteriýalary, zyňyndylary, himikatlary ýa-da howply keselleri ýaýradyjy maddalary ýokary göterýärler we töwerege dargadýarlar.

↪ Ýerasty suwlar – ýeriň aşagynda ýygnanýan suwly gatlaklardyr (guýular, çeşmeler). Eger-de siliň suwlary syzyp ýeriň aşagyna geçse, ol ýerasty suwlary hem hapalap bilýär.

↪ Şäher suw ulgamlarynyň suwy ýerasty suwlardan hem, ýerüsti suwlardan hem alnyp, ýaşaýjylara kran arkaly ýetirilýär. Kran suwlary öýlere paýlanmazdan ozal ençeme gaýtadan işleýiş we arassalaýyş etaplaryndan geçýär. Şonuň üçin, kran suwlary sillerden has berk goralýan hem bolsa, siliň gelmegi suw arassalaýjy desgalara zyýan ýetirip, suw paýlaýan ulgamlaryň işiniň bozulmagyna we netijede arassalanan suwlaryň hem hapalanmagyna eltip bilýär.

Hapalanan suw

Sil suwlary galyndy suwlardan başlap zäherli himikatlara çenli dürli suw hapalaýjy maddalary göterip alýarlar. Bu suwlar soňra seniň içýän suwuň çeşmesini hapalaýar. Käte sil ýa-da suw joşguny dörän ýagdaýynda kranyň suwuny hem ulanmak howply bolup bilýär we suwlar zyýansyzlandyrylýança gaplanan suwlara bil baglamaly bolýar.

Nähili zyýanlary bar?

Siller we suw joşgunlary diňe bir daşky gurşawa däl, eýsem seniň saglygyňa hem howp salyp bilýärler. Emma köplenç olaryň adam saglygyna ýetirýän zyýany has ýaramaz bolup, adam syrkawlaýança onuň sebäbiniň suwdandygyny anyklamak kyn düşýär. Hapalanan suw we pes hilli sanitariýa bilen baglanyşdyrylýan ýokanç keselleriň käbiri: mergi, içgeçme, ganly içgeçme, gepatit A we poliomiýelit.

Hapalanan suwy nädip arassalamaly?

Eger-de sil suwy bilen hapalanan agyz suwuny ulanmaly bolsaň, onuň düzüminde bar bolup biljek bakteriýalary we wiruslary ýok etmek üçin ony bir minutlap gaýnatmak maslahat berilýär. Şeýle-de, haýal etmän onuň hilini degişli edaralara barlatmaly. Eger-de suw bulanyk, çökündili ýa-da himikat ysly bolsa, ol suwy ulanmaly däl. Oňa derek gaplanan suwlary we resmi edaralaryň üpjün edýän suwlaryny ulanyp bolar. Içgeçme, baş aýlanma, gaýtarma ýaly alamatlara aýratyn üns bermeli – çünki olar suwdan geçýän kesellerden habar berip biler.

Adatça krandan akýan suwlary zyýanly maddalardan, wiruslardan we mikroorganizmlerden arassalamak üçin hlor ulanylýar. Sil suwlary kran suwlaryny hapalan halatynda suwdaky hloruň mukdary mazaly köpeldilýär. Hlor adama zyýanly hasaplanmasa-da, ol garyn saglygyna zyýan berip bilýär.

Öý şertlerinde ulanylýan suw filtrleri hem hapalanan suwy arassalamak üçin netijeli çözgütdir.

  • 158 gezek okalan