Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SUWUM BAR – SAGLYGYM BAR

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (9 Ses)

suwum barBize mekdepde suwuň diňe iki elementden düzülendigi öwredilýär. Şondan soňra haçan suw içsek göz öňümize diňe H2O gelýändir. Ine, meseläniň başlanýan ýeri hem şunda. Agyz suwunyň düzümini hiç haçan diňe arassa H2O tutmaýar. Suw biziň pikir edişimizden has çylşyrymly.

Agyz suwunyň düzüminde adamyň saglygy üçin wajyp bolan minerallar bolýar. Meselem, suwdaky magniý ýürek-damar işlerinde esasy funksiýany ýerine ýetirýär. Magniý ýetmezçiligi arterial gan basyşyny ýokarlandyrýar.

Minerallygyndan başga-da, suwuň arassylygy hem möhümdir. Arassalanmadyk suwuň düzüminde adam üçin howply bakteriýalar, wiruslar, infeksiýalar, minerallar, duzlar we çägeler bolup bilýär. Hapa agyz suwy adama aşakdaky keselleriň howpuny salýar:

↪ Böwrek daşlarynyň döremegi;

↪ Içgeçme, mergi, ganly içgeçme, garyn garahassalygy, poliomiýelit, gyzzyrma, we gurçuk ýokançlyklary.

Suw wiruslardan, infeksiýalardan, bakteriýalardan arassalananda, olar bilen bilelikde käbir peýdaly minerallaryň mukdary hem suwuň düzüminde ep-esli azalýar. Ýöne arassalanan suw, arassalanmadyk suwa garanyňda has howpsyz bolýar. Sebäbi biz ýetmeýän minerallary öz gündeki iýýän ir-iýmişlerimiz bilen hem ýerini dolup bilýäris, emma arassalanmadyk suw keselçilige eltip bilýär.

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi tarapyndan çap edilen M. Kerimowyň "Gigiýena" kitabynyň 2-nji babynda suw hakynda giňişleýin bellenip geçilýär. Onda agyz suwunyň döwlet standartlary hem görkezilen.

Öýlerimize akýan kran suwy

Kran suwy düzüminde hloruň ysy, tagamy, hem-de çäge çökündileri bolanlygy sebäpli köp öýlerde içilmeýär. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde ýaşaýjylar "Arçalyk", "Haýýat" ýaly suw zawodlaryndan arassalanan suw alyp içýärler. Käbir öýlerde bolsa suw arassalaýjy filtrler hem gabat gelýär. Halk arasynda kran suwuny gaýnadyp içýänler hem bar, emma gaýnan suwda bakteriýalaryň, wiruslaryň ählisi ölmeýärler we çägeler, minerallar, duzlar suwuň düzüminde galýarlar. Arassalanan suwuň diňe bir ýakymly we ýeňil tagamy bolman, eýsem ol adam saglygy üçin örän möhümdir.

Arassa suw içmegiň iň amatly ýoly

Arassa suw içmegiň iň amatly ýoly öýde suw filtrini (Ters Osmos Suw Sistemasy) ulanmakdyr. Suw arassalaýjy filtriň membranasyndan diňe suwuň molekulasy geçýär we ähli zyýanly maddalar geçirilmän saklanýar. Bazarlarda suw filtriniň bahasy ony gurnap bermek hyzmaty bilen ortaça 2800 manatdan başlanýar. Bu arassalanan suw satyn alanyňdan has amatly düşýär. Häzirki wagtda 19 litrlik "Arçalyk" suwunyň bahasy 9 manat. Ýagny, 1 litri 47 teňňe. Diýmek, filtr 5957 litr suw filtrläninden soň öz bahasyny ödeýär.

Kanun näme diýýär?

Ýurdumyzda 2010-njy ýylda "Agyz suwy hakynda" Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanun halky agyz suwy bilen üpjün etmäge gönükdirilip, suwuň hilini, onuň adam saglygy üçin howpsuzlygyny, agyz suw çeşmeleriniň goralmagynyň we peýdalanylmagynyň gözegçiligine bolan döwlet talaplaryny kesgitleýär. Agyz suwunyň arassalygyna şübhelenen ýagdaýymyzda, onuň analizini almak üçin sanepidstansiýa gullugyna ýüz tutmak hukugymyz bar.

Adam günde näçeräk suw içmeli?

Suw adam bedeni üçin gerekliligi boýunça kisloroddan soň ikinji orunda durýar. Suwy aşa az ýa aşa köp içmek hem saglyk üçin gowy däldir. Adaty ýygylykda hereket edýän uly adama günde 1.5-2 litr aralygynda suw içmek maslahat berilýär. Şeýle-de, köp kişä bedeniň özi hem näçeräk suw içmelidigini duýduryp durýar. Suwy az ýa-da ýeterlik içýändigiňizi peşewiňiziň reňkine seredip hem bilip bilersiňiz. Peşewiň reňki näçe goýy bolsa az suw içýändigiňizi, näçe dury we açyk sary bolsa ýeterlik suw içýändigiňizi aňladýar. Eger-de näsag ýa-da içmeli suwuňyzyň mukdary hakynda şübheli bolsaňyz lukman bilen maslahatlaşyň.

Batyr Bäşimow

  • 2294 gezek okalan