• Makalalar
  • Wajyp meseleler
  • AIDS
  • ÄGÄ BOLUŇ! AIDS.

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÄGÄ BOLUŇ! AIDS.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.27 (33 Ses)

AIW – adamyň immun ulgamyny şikeslendirýän wirusy aňlatmasynyň gysgaltmasydyr. Bu wirus adam bedeniniň immun ulgamyny weýran edip, onuň kesel ýaýradyjy ýokançlyklara garşy göreşmek ukybynyň ýitirilmegine getirýär we bedende dürli ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna şert döredýär. AIW bilen kesellän adama, sagdyn adam üçin howpsuz bolup durýan ýokançlyklar hem örän ýeňil ýokuşyp, keseliň döremegine getirýär.

AIW ýokuşan adamy AIW-ýokançly ýa-da AIW-pozitiw diýip atlandyrýarlar.

Geliň, AIDS (rus. SPID) barada has ýygy ýüze çykýan soraglaryň üstünde durup geçeliň.

AIW nädip ýokuşýar?

Adamyň immun ýetmezçiligine getirýän wirusy diňe adamdan adama ýokuşýar.

AIW ýokuşan adamyň ganynda, dölünde, jyns agzalaryndan bölünip çykýan suwuklyklarynda, ene süýdünde wirus köp mukdarda duş gelýär. Şeýle bolsa-da, keseliň başynda alamatlar ýüze çykman hem biler. Köplenç AIW ýokuşan adam keselländiginden bihabar bolup, töweregindäkiler üçin howpludygyny hem aňmaýar.

AIW sagdyn adamyň bedenine wirus saklaýan ganyň, bölünip çykýan suwuklyklaryň, dölüň, ene süýdüniň üsti bilen geçýär. Ýokuşma esasan bu beden suwuklyklarynyň deridäki we agyz boşlugyndaky şikeslenmeler, jyns agzalary bilen galtaşmasy netijesinde bolup geçýär.

Töwekgellik toparlary.

Häzirki döwre çenli gomoseksual gatnaşyklaryndaky adamlar esasy töwekgellik topary hasaplanýardy. Emma soňky iki-üç ýylyň içinde geçirilen barlaglaryň netijeleri, sanjym arkaly neşe serişdelerini ulanýanlarda we jelepçilik bilen meşgullanýan aýallarda hem AIW-iň ýokuşmasynyň derejesiniň ýokarydygyny görkezdi. Şu toparlara degişli adamlar bilen jyns gatnaşyklarynda bolup, AIW bilen keselleýänleriň derejesi artýar.

AIW ganyň üsti bilen nädip ýokuşýar?

AIW-y ýokuşan adamyň gany sagdyn adamyň ganyna dürli ýollar arkaly düşýär:

1. AIW saklaýan gan goýberilende. Häzirki döwürde näsäglara goýbermäge niýetlenen gan AIW –a degişli antitela öýjüklerine barlanylýar. Emma AIW ýokuşan donoryň (gan tabşyrýanyň) ganynda 3-6 aýyň dowamynda wirusa degişli antitelalaryň ýüze çykmaýandygyny unutmaly däldir. Şeýle ýagdaýlarda gan eýýäm wirus bilen ýokuşan bolýar;

2. Neşe serişdelerini damardan goýbermek üçin bir, umumy iňňe, şpris we beýleki serişdeler ulanylanda;

3. Göwrelilik döwründe ýa-da çaga doglanda, AIW göterýän enäniň gany çagasyna geçende;

4. AIW ýokuşan adamyň döli ýa-da jyns agzalaryndan bölünip çykýan suwuklyklar bilen galtaşylanda. Jyns gatnaşyklarynda prezerwatiw ulanylmadyk ýagdaýynda, AIW sähelçe şikeslenmäniň ýa-da açyk ýaranyň üsti bilen aňsat ýokuşýar;

5. AIW saklaýan ene süýdi bilen emdirilýän çaga

Peşewde, täretde, tüýkülikde, gözýaşlarda we derde AIW örän az mukdarda bolýar we sag adama ýokuşmaýar. Emma olarda gan gatyşygy bar bolsa, AIW ýokuşyp bilýär.

Birek-birek bilen elleşilende, öpüşmede, owkalamada, bir ýorgan-düşek ulanylanda, bir gapdan iýilip-içilende, üsgürmede, asgyrmada, çybyn çakanda we bir hajathana girilende AIW ýokuşmaýar.

AIW ýokuşan adama donor bolmak gadagan. Olara dine bir gany däl-de, eýsem beýleki agzalary, süňk ýiligini we döli tabşyrmak gadagandyr.

AIW ýokuşandan soň nämeler bolup geçýär?

AIW ýokuşan adamy AIDS keseli bilen kesellän hasaplamak bolmaz. AIDS ortaça 10-12 ýyldan döräp bilýär.

Başda adam hiç zady duýman biler. AIW ýokuşandan birnäçe hepde soň, adamda adaty dümewiň alamatlary ýüze çykýar: gyzgynyň ýokarlanmagy, deridäki örgün, limfa düwünleriniň ulalmagy, içgeçme. AIW ýokuşandan ençeme ýyl soň hem adam özüni oňat duýup bilýär. Bu alamatlar keseliň gizlin geçýän tapgyryny düzýär. Emma keseliň bu tapgyrynda bedende hiç bir üýtgeşmeler bolup geçmeýär diýmek bolmaz. Bedene haýsy-da bolsa bir kesel dörediji ýokançlyk (şol sanda AIW) düşende, immun ulgamy oňa garşy hereket edip başlaýar. Ol şol kesel dörediji wirusy ýok etmäge ýa-da ony howpsuzlandyrmaga synanyşýar. Immun ulgamy ýörite antitela bedenjiklerini işläp çykarýar. Antitelalar keseliň sebäpkärini basyp, ony ýok etmäge ýardam berýärler. Ondan başga-da, ganda saklanýan ýörite ak öýjükleri (limfositler) kesel döredijä garşy göreşip başlaýarlar. Gynansak-da, AIW bilen göreşmekde bu hadysalar ýeterlik däl. Immun ulgamy AIW-i ýok edip bilmeýär. AIW bolsa öz gezeginde, ýuwaş-ýuwaşdan immun ulgamyny weýran edýär.

AIW-i ýüze çykarýan barlaglar.

AIW degişli antitelalaryň ganda bardygyny anyklamak üçin geçirilýän barlaga AIW-test diýilýär. AIW saklaýan ganda emele gelen antitelalary diňe ganyň ýörite barlaglary arkaly anyklamak bolýar. Ganda antitelalar bar bolsa, adam AIW ýokuşan ýa-da AIW-seropozitiw hasaplanylýar.

Ýörite barlaglaryň kömegi bilen bedeniň immun ulgamynyň ýagdaýy barada hem maglumat almak bolýar. Ulgamyň sazlaşykly işi üçin T-limfositleriň (CD4 limfositleri) orny uludyr. Adatça olar ganda köp saklanyp, AIW saklaýan näsaglarda olaryň mukdary kem-kemden peselýär. T-limfositleriň mukdaryny kesgitläp, lukman immun ulgamyň näderejede gowşandygy barada maglumat alýar. Ganyň 1ml-de. limfositleriň 200-den az bolmagy AIDS keseliniň döränliginiň alamaty höküminde kabul edlýär.

AIDS name?

Wirus ýuwaş-ýuwaşdan adamyň immun ulgamyny weýran edýär, bedeniň dürli ýokançlyklara garşylyk görkezmek ukybyny peseldýär. Hut şol sebäpli hem, AIW-y ýokuşan adama, sagdyn adama ýokuşmajak keseller aňsatlyk bilen ýokuşýar. Şeýle keselleriň mysaly höküminde pnewmosistaly öýken sowuklamasy, kömelekli ýokançlyklaryň utgaşykly zeperlendirmesi, Kapoşiniň sarkomasy, limfomalar, bedeniň uçukly zeperlenmesi, sitomegalowirusyň beýnini, öýkeni, iýmit-siňdiriş ulgamyny zeperlendirmegi ýaly, sag adamda seýrek duş gelýän keselleri bellemek bolar. Diýmek, immun ulgamynyň işiniň gowşanlygy sebäpli ýokanç keselleriň we howply täze döremeleriň dürli utgaşmasy dörände, AIDS keseliniň ýüze çykandygy barada aýtmak bolar.

AIW garşy bejergi.

Gynansak hem, kesele garşy şu güne çenli has ýokary netijeli derman serişdesi tapylanok.

AIW-i bejermek üçin şu serişdeleriň utgaşmasy ulanylýar:

1. Wirusa, onuň ýaşaýyş döwürlerine, ýaýramazlygyna gönüden-göni täsir edýän serişdeler (wirusa garşy derman serişdeler);

2. Immun ulgamynyň gowşaklygy sebäpli ýokuşan kesellere garşy derman serişdeler;

3. Keselleriň öňüni almak üçin ulanylýan serişdeler.

AIW ýokuşan näsägyň bejergisi AIDS döremezinden has ir başlanýar. Wagtynda bejergä girişilende, näsagyň özüni duýuşy gowulaşýar, beýleki keselleriň ýokuşmagynyň öňi alynýar.

Wirusa garşy serişdeler.

AIW-iň köpelşini haýalladýan derman serişdeleri örän köp. Emma olaryň haýsy hem bolsa biriniň ýekelikde ulanylmagy täsirli bolmaýar. Wirus oňa öwrenişýär we duýgurlygyny ýitirýär. Şol sebäpli hem derman serişdelerini utgaşdyryp ulanmak, wirusyň durnuklylygyny has pese düşürýär. Bejerginiň bu görnüşine wirusa garşy utgaşdyrylan bejergi diýilýär. AIW|AIDS-iň bežergisi üçin ulanylýan wirusa garşy serişdeleriň içinde zidowudin, stawudin, gansiklowir, foskarnet, pitonawir, indinawir, newirapin, nelfinawir dermanlary bellemek bolar.

Häzirki wagtda täze bejeriş usullaryň we derman serişdeleriniň gözlegleri dowam edýär. Geljekde bu wirusa garşy ýokary täsirli derman serişdeleriniň dörediljegine şübhe ýokdur.

  • 10601 gezek okalan