MART 24 – BÜTINDÜNÝÄ INÇEKESELE GARŞY GÖREŞ GÜNI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

world tuberculosis day

↪ 2021-nji ýylda inçekesel 10.6 million adama ýokuşdy we 1.6 million adamyň ölümine sebäp boldy.

↪ Inçekesel ähli ýurtda we ähli ýaşdaky adamlaryň arasynda duş gelýär, emma bu keseliň öňüni alyp we bejerip bolýar.

↪ Inçekesel hadysalarynyň 98%-i pes we orta girdejili ýurtlarda hasaba alyndy.

↪ Dermanlara durnukly inçekesel jemgyýetiň saglygyna uly howp salmasyny dowam edýär.

↪ 2000-2020 ýyllar aralygynda özwagtynda geçirilen inçekesel diagnozlary we bejergileri dünýäde takmynan 66 million adamy ölümden gutardy.

↪ Dünýäde inçekeseliň täsir edýän maşgalalarynyň tas ýarysy kesel zerarly hojalygyň girdejisiniň 20%-inden köp mukdaryny harçlamaly bolýarlar.

↪ 2030-njy ýyla çenli inçekesel epidemiýasynyň soňuna çykmak BMG-nyň Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) sanawyna girýär.

↪ 2021-nji ýylda Türkmenistanda 3000 adam inçekesel bilen keselläpdir we olaryň ýarysy (1500) dermanlara durnukly inçekesele sezewar bolupdyr. Kesellänleriň hem 27%-i ýogalypdyr.

Inçekeseliň döremegine köplenç halatda öýkenlere täsir edýän bakteriýa (tuberklýozyň mikobakteriýasy) sebäp bolýar. Inçekesel bejerip we öňüni alyp bolýan ýokançlykdyr.

Inçekesel adamdan-adama howanyň üsti bilen ýokuşýar. Haçanda öýkeninde inçekesel bakteriýasy bolan adam üsgürende, asgyranda ýa-da tüýkürende inçekesel bakteriýasy howa syçraýar. Bu bakteriýalaryň diňe birnäçesiniň dem bilen öýkene düşmesi sag adamyň inçekesel bilen kesellemesi üçin ýeterlikdir.

Dünýäniň ilatynyň 4-den 1 böleginiň inçekesel bakteriýasyna duçar bolandygy çaklanylýar, emma bu bakteriýa ýanaşan köp adam inçekesel bilen kesellemeýär. Inçekesel bakteriýasy ýokuşan adamlaryň ömründe keselleme ähtimallygy 5-10% bolup, AIW bilen ýaşaýan adamlar, iýmit ýetmezçiliginden ýa-da süýjülikden (diabet) ejir çekýänler ýa-da çilim çekýänler ýaly, immuniteti gowşak adamlaryň keselleme ähtimallygy has ýokary bolýar.

Inçekesel ýokuşan emma heniz onuň alamatlary bildirmeýän adam keseli başgalara ýokuşdyryp bilmeýär. Haçanda keseliň alamatlary (üsgülewük, gyzzyrma, gije der basma, horlanma) ýüze çykyp başlanda, alamatlar birnäçe aýlap ýeňil geçip bilýär – bu bolsa syrkawyň bejergi almasyny gijikdirip, inçekesel bakteriýasynyň başgalara ýokuşmagyna sebäp bolýar. Inçekeseliň alamatlary ýüze çykan adam ýakynlaşmak arkaly ýylda 5-15 adama keseli ýokuşdyryp bilýär.

Ýerlikli we özwagtynda bejerilmese, inçekesel bilen kesellän AIW-negatiw adamlaryň ortaça 45%-i we AIW-pozitiw adamlaryň ählisi diýen ýaly ýogalýar.

Bejergisi

Inçekeseli bejerip we ondan gutulyp bolýar. Adaty inçekesel 4 ýa-da 6 aýyň dowamynda 4 sany antimikrob dermanlaryny tapgyrlaýyn ulanmak arkaly bejerilýär. Dermanlar syrkawa saglyk işgäriniň ýa-da ýörite bejergi geçmekde tälim alan kişiniň kömegi bilen üpjün edilýär. Kömek almazdan bejergi geçmek şowsuzlyga uçradyp bilýär.

Dermanlara durnukly inçekesel

Dermanlara durnukly inçekeseliň döremegine tuberklýoz bakteriýasynyň inçekesele garşy ulanylýan birinji hatardaky dermanlara (isoniazid we rifampisin) jogap gaýtarmaýan görnüşi sebäp bolýar. Inçekeseliň birinji hatardaky dermanlary ýyllar boýy ulanylyp gelinýär we bu dermanlaryň biriniň ýa-da köpüsiniň täsir etmeýän tuberklýoz bakteriýalary her ýurtda hasaba alyndy. Dermanlara durnuklylyk haçanda saglyk işgärleri dermannamada ýalňyşlyk goýberenlerinde, dermanlaryň hili pes bolanda we syrkawlar bejergini wagtyndan öň bes edenlerinde döreýär.

Dermanlara durnukly inçekeseli hem ikinji hatardaky dermanlar bilen bejerip we ondan gutulyp bolýar. Emma welin, ikinji hatardaky bejerginiň görnüşleri çäkli bolup, olar uzak dowam edýän (9-20 aý arasy) we gymmat hem-de zäherleýji dermanlar bilen geçirilýän himioterapiýany talap edýär. Şeýle-de, käýarym ikinji hatardaky dermanlaryň iň täsirlileriniň hem peýda edip bilmeýän tuberklýoz bakteriýasy döräp bilýär – beýle ýagdaýda syrkawa elýeterli bejergiler has-da azalýar. Dermanlara durnukly inçekesel jemgyýetiň saglygyna howp salmasyny dowam edýär.

Inçekeseliň soňuna çykmak

2022-nji ýylyň dekabrynda BSGG inçekeseliň soňuna çykmak strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça gollanmasynyň täzelenen görnüşini çap etdi. Gollanma inçekesel epidemiýasynyň soňuna çykmak üçin ýurtlaryň döwlet derejesinde amala aşyrmaly işlerini suratlandyrýan syýasatlary we resurslary hödürleýär:

↪ Pasiýente gönükdirilen ideg we öňüni alyş: Inçekeseli ir anyklamak, şol sanda dermanlaryň kesele täsirliligini barlamak we syrkawa ýakynlaşan adamlary we ýokary töwekgelçilikli toparlary ulgamlaýyn barlagdan geçirmek. Inçekesel bilen kesellän ähli adamlary, şol sanda dermanlara durnukly inçekesele uçranlary bejermek. Pasiýentlere goldaw bermek. Utgaşdyrylan inçekesel/AIW çärelerini geçirmek. Iki keseli götermekligi we inçekesel zerarly gowşaklamany we maýyplygy gözegçilikde saklamak. Ýokary töwekgelçilikli toparlarda öňüni alyjy bejergileri geçirmek we inçekesele garşy waksina ulanmak.

↪ Berk syýasatlar we ýardam ediji ulgamlar: Inçekeseliň öňüni alyş we bejergisi üçin ýeterlik resurslary üpjün etmegi syýasy borja öwürmek. Inçekesele garşy göreşe dürli toparlaryň, raýat jemgyýetleriniň, guramalaryň we döwlete degişli hem-de hususy saglygy goraýşy üpjün edijileriň gatnaşmagyny gazanmak. Hadysalary hasaba alynmasy, wajyp ýazgylaryň ýöredilmesi, dermanlaryň ýerlikli we dogry ulanylmasy hem-de infeksiýalaryň gözegçilikde saklanmasy üçin ählumumy saglyk ätiýaçlandyrmasyny we düzgünleşdiriji mehanizmleri ýola goýmak. Sosial goraglylygy üpjün etmek we garyplygyň we inçekesele eltýän beýleki sosial sebäpleriň öňüni almak.

↪ Ylmy-barlaglaryň we innowasiýanyň ýitileşdirilmegi: Täze serişdeleri, interwensiýalary we strategiýalary oýlap tapmak we durmuşa dessin ornaşdyrmak. Innowasiýalary iň gowy şekilde durmuşa geçirmek, täsirini ýaýratmak we öňe sürmek üçin ylmy-barlag işlerini alyp barmak.

INÇEKESEL BARADA GOŞMAÇA MAKALALAR:

INÇEKESEL

INÇEKESELDEN GORANYŇ

BIZIŇ NESLIMIZ INÇEKESELI SAKLAMALYDYR

ÇAGA INÇEKESELI

INÇEKESELIŇ DÖREMEGINE GETIRÝÄN TÖWEKGELLIK FAKTORLARY

TÜRKMENISTANDA INÇEKESEL BILEN BAGLY FAKTLAR

INÇEKESEL BEJERGISINDE ÖZGERIŞLIK

  • 888 gezek okalan