• Makalalar
  • COVID-19
  • COVID-19 ÖŇÜMIZDÄKI DÜMEW MÖWSÜMINI BETERLEŞDIRERMI?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

COVID-19 ÖŇÜMIZDÄKI DÜMEW MÖWSÜMINI BETERLEŞDIRERMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

covid 19 flu seasonIndiki dümew möwsümi COVID-19 sebäpli agyr geçip biler. Muňa birnäçe sebäp bar.

Biz eýýäm soňky aýyň dowamynda COVID-19 hadysalarynyň köpelmeginiň saglyk ulgamlaryna agyr degýändigini görüp gelýäris. Dümew möwsüminiň gelmegi bu ulgamlaryň ýüküne ýük goşar.

Şeýle hem, dümew / COVID-19 koinfeksiýasyna (birnäçe infeksiýanyň birlikde ýokuşmagy) pikir edişimizden has köp duş geldik. Çünki SARS-CoV-2 anyklaýyş barlaglarynyň ýalan-negatiw netije berme mümkinçiligi ýokary bolup, olaryň ygtybarlylygy alnan nusganyň görnüşine görä üýtgäp bilýär: mazok, gakylyk ýa-da tüýkülik.

Her bir nusga wirusyň tapyljagyny ýa-da gözden sypdyryljagyny kesgitläp bilýär. Hadysalary öwrenmegiň netijelerine görä, käbir ýagdaýlarda, diňe aşaky dem alyş ýolunyň gakylyk nusgalary pozitiw netije beripdir.

Dümew/COVID-19 koinfeksiýasy dörände nämeleriň bolup geçjekdigi heniz näbelli bolup galýar. Ýagny, bir wirus näsagy beýlekiden has agyr syrkawladyp bilermi? Wiruslar biri-biri bilen bäsleşip ýa-da birleşip hereket edip bilerlermi we bu näsagyň ýagdaýyny beterleşdirermi? Bu soraglara, gynansakda, heniz jogap ýok.

Koinfeksiýanyň döreme howpuny azaltmagyň iň gowy usuly: dümewe garşy sanjym almak we agyz-burun örtügini geýmekdir.

Ulanylan WEB Salgy

  • 1460 gezek okalan