• Makalalar
  • COVID-19
  • MODERNA COVID-19 (MRNA-1273) WAKSINASY: BILMELI ZATLARYŇYZ

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MODERNA COVID-19 (MRNA-1273) WAKSINASY: BILMELI ZATLARYŇYZ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

MRNA 1273BSGG-nyň immunizasiýa boýunça strategik maslahatçy ekspertler topary (SMET) 18 we ondan ýokary ýaşly adamlarda COVID-19-a garşy Moderna mRNA-1273 waksinasyny ulanmak boýunça wagtlaýyn maslahatyny çykardy.

Ilki bilen kimlere waksina berilmeli?

Ähli COVID-19 waksinalarynda bolşy ýaly, waksinasiýada wirusyň ýokuşma howpy abanýan saglyk işgärleri we gartaşan adamlar ileri tutulmaly. Has köp waksina elýeterli bolanda, COVID-19-yň agyr täsirlerine we saglyk deňsizligine duçar bolan adamlary göz öňünde tutup, beýleki ileri tutulýan toparlara waksina sanjylmaly.

Waksinany ýene kimler alyp biler?

Waksina agyr syrkawlamak töwekgelçiligi ýokary bolan dürli keselli adamlar üçin, ýagny gipertoniýa, süýji keseli, demgysma, öýken, bagyr ýa-da böwrek keselleri, hem-de durnukly we gözegçilikde saklanylýan hroniki infeksiýalary bar bolanlar üçin howpsuz we täsirlidir.

Emma, immuniteti pes bolan adamlar hakynda goşmaça barlaglar zerur. Bu kategoriýa degişli bolan hem-de waksina almak maslahat berilýän topara girýänler maglumat we maslahat berlenden soňra waksina alyp bilerler.

AIW bilen ýaşaýan adamlaryň COVID-19 bilen agyr syrkawlamak töwekgelçiligi has ýokary. Waksina alan AIW pozitiw adamlara maglumat we maslahat berilmelidir.

COVID-19-y geçirenlere waksina hödürlenip bilner. Emma, olar öz isleglerine görä, waksina almagy SARS-CoV-2 infeksiýasy ýokuşan wagtyndan 6 aýa çenli yza süýşürip bilerler.

Eger-de çaga emdirýän aýal waksina almagy maslahat berilýän topara (meselem: saglyk işgäri) girýän bolsa, oňa waksina hödürlenip bilner. Häzirlikçe, waksina alan enelere çaga emdirmegi bes etmek maslahat berilmeýär.

Waksinany kimler almaly däl?

Göwrelilik aýallaryň COVID-19 bilen agyr keselleme töwekgelçiligini artdyrsa-da, häzirki wagtda bu waksina göwreli aýallara maslahat berilmeýär, eger-de olara wirus ýokuşma howpy ýokary bolmasa (mysal üçin: saglyk işgärleri).

Waksinanyň düzümindäki islendik serişdä ýiti allergik reaksiýasy bolan adamlar bu we beýleki mRNA waksinalaryny sançdyrmaly däldir.

Gartaşan adamlaryň COVID-19 bilen agyr keselleme we ondan ölme töwekgelçiliginiň ýokarydygy üçin, olara waksina almak maslahat berilýär. Emma, olaryň tapdan düşüp, 3 aýdan az ömri galdy diýlip çaklanýanlary aýratyn barlanylmaly.

Has giňişleýin barlag netijeleri belli bolýança, 18 ýaşdan kiçilere waksina berilmeli däl.

Maslahat berilýän doza näçe?

Waksinanyň arasyna 28 gün salyp, iki dozasyny (her biri 100 µg, 0.5 ml bolan) almak maslahat berilýär. Zerur bolanda, dozalaryň arasy 42 güne çenli uzaldylyp bilner. Waksina almagyň doly tertipnamasyny berjaý etmek maslahat berilýär we dozalaryň ikisi üçin hem şol bir önüm ulanylmaly.

Waksina howpsuzmy?

BSGG Waksinany adatdan daşary ýagdaýlarda ulanmak üçin tassyklamasa-da, ol Ýewropanyň derman serişdeleri agentligi (EMA) tarapyndan gözden geçirildi. Netijede, waksina SMET-iň garamagyna berilmegi üçin BSGG-nyň kriteriýalaryna gabat gelýär.

Ýewropanyň derman serişdeleri agentligi Moderna COVID-19 waksinasynyň hilini, howpsuzlygyny, we täsirliligini pugta barlady hem-de onuň Ýewropa Bileleşiginde ulanylmagyny tassyklady.

Waksina berlenden soň, ony alanlary azyndan 15 minut gözegçilikde saklamagy SMET maslahat berýär. Birinji dozada dessine ýiti alergik reaksiýany başdan geçiren adamlara goşmaça doza berilmeli däl. Waksinanyň uzak möheletleýin howpsuzlyk çärelerine şular degişlidir: kliniki synaglara gatnaşyjylardan habar tutup durmak; waksina ilat köpçüligine ýaýradylansoň, onuň zyýanly ýa-da ýan täsirlerine dowamly gözegçilik etmek we olar hakynda anyk barlaglar geçirmek.

Waksina howpsuzlygy boýunça Global Maslahat Beriş Komitetiniň hünärmenler topary, BSGG-a waksinalary howpsuz ulanmak meselesinde garaşsyz we ygtybarly geňeşmeleri berýär hem-de halkara derejede täsiri bolup biläýjek howpsuzlyk hadysalary baradaky hasabatlary kabul edýär we derňeýär.

Waksina nä derejede täsirli?

Moderna waksinasy birinji dozasyndan soň 14-nji günden başlap, COVID-19-dan goramakda takmynan 92% täsirlilik görkezdi.

Waksina wirusyň täze ştamlaryndan (görnüşleri) goraýarmy?

Bar bolan subutnamalara görä, SARS-CoV-2-niň täze ştamlary, şol sanda B.1.1.7 we 501Y.V2, Moderna mRNA waksinasynyň täsirliligini üýtgetmeýär. Täze görnüşlere gözegçilik etmek, maglumat toplamak, we derňemek, şeýle hem, olaryň COVID-19-y anyklamak, bejermek, we waksina goraglylygyna edýän täsirini öwrenmek işleri dowam edýär.

Waksina infeksiýanyň we ýokuşdyrmanyň öňüni alýarmy?

Biz waksinanyň infeksiýanyň öňüni alýandygyny we ony ýokuşdyrmakdan goraýandygyny bilmeýäris. Immunitet birnäçe aý saklanýar, ýöne onuň umumy möhleti entek belli däl. Bu wajyp soraglar öwrenilýär. Häzirlikçe, jemgyýetçilik saglyk çärelerini, ýagny maska geýmegi, fiziki aralygy saklamagy, ellerimizi ýuwmagy, dem alyş we üsgülewük gigiýenasyny, üýşmeleňlerden gaça durmagy we gowy howa çalşygyny berjaý etmegi dowam etmeli.

  • 1028 gezek okalan