Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
OKSOLIN ÝAGY, ARBIDOL, RIMANTADIN … СOVID-19-YŇ ÖŇÜNI ALÝAN, BEJERÝÄN DERMAN BARMYKA?
BSGG: häzirki wagtda COVID-19-yň öňüni almak ýa bejermek üçin ygtyýarnama alan hiç hili derman ýok. Henize çenli COVID-19 bejergisi üçin howpsuz ýa peýdaly derman serişdesi tapylmady. Şeýle-de bolsa, birnäçe dermanlaryň peýda bermek ähtimallygy bar we olar ýa häzir kliniki barlaglardan geçirilýär ýa-da ýakyn wagtda geçiriler. Ençeme ýurtlarda lukmanlar näsaglara maslahat berilýän sanawda bolmadyk dermanlary ýazyp berýärler.
Amerikanyň kesel bejeriş-öňüni alyş merkezi (CDC): Häzire çenli ABŞ-nyň Iýmit we Derman Administrasiýasy (FDA) tarapyndan COVID-19 bejergisi ýa öňüni alyş üçin hiç bir derman tassyklanylmady.
Ýewropanyň kesel bejeriş-öňüni alyş merkezi (ECDC): Häzire çenli, hiç bir derman COVID-19-y bejermekde ýa öňüni almakda ýokary netije bermedi.
Täze Angliýanyň Lukmançylyk Žurnaly (NEJM): COVID-19 pandemiýasynda we beýleki lukmançylyk meselelerinde ilat saglygyny goramaga özüne çekiji emma töwekgel tiz çözgütler däl-de, diňe kliniki barlaglardan şowly geçen bejeriş usullary kömek eder.
Ähli agzalan guramalar СOVID-19 wirusyndan goranmagyň esasy 5 düzgünini berjaý etmegi maslahat berýärler.
↪ Eliňi ýygy-ýygydan ýuw
↪ Adamlar bilen araňdan daşlyk sakla
↪ Köpçülik ýerlerinden uzak dur
↪ Maska geý
↪ Elleşip, gujaklaşyp ýa öpüşip salamlaşma
COVID-19 bilen keselleýän adamlaryň köpüsi öýde gutulyp bilýärler. Häzirki wagtda COVID-19 üçin belli bir bejergi ýok. Emma, dümew degende ulanylýan käbir bejergi usullary COVID-19-dan gutulmaga hem kömek edýär: ýeterlik dynç almak, ýeterlik suw içmek, gyzgynlygy we agyryny gowşadyjy dermanlary içmek.
Şu wagt alymlar netijeli bejergileri tapmak üçin gijelerini gündiz edip işleýärler. Synagdan geçirilýän bejergi usullaryna mysallar: malariýany we autoimmun kesellerini bejermekde ulanylýan dermanlar, beýleki wiruslar üçin döredilen antiwirus dermanlary, we COVID-19-dan gutulan adamlaryň antibedenleri.
Saglyk.org – СOVID-19 ähli soraglaryňa jogaplar. Oka, goran, paýlaş!
IMO Topar ady: Saglyk; Topar ID: 15022763
- 1770 gezek okalan