• Makalalar
  • COVID-19
  • OKYJYDAN: BIR GEZEK СOVID-19 BILEN KESELLÄP GUTULSAŇ, KESEL TÄZEDEN ÝOKUŞYP BILÝÄRMI?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

OKYJYDAN: BIR GEZEK СOVID-19 BILEN KESELLÄP GUTULSAŇ, KESEL TÄZEDEN ÝOKUŞYP BILÝÄRMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (6 Ses)

can you get covid 19 twiceHormatly okyjy,

COVID-19-yň gaýtadan ýokaşmagy şu güne çenli keselden sagalan adamlarda entek doly tassyklanmady. Hususan-da, täzeden ýokuşmanyň bolup geçmeýändigini alymlar entek subut etmediler. Ýöne, endemik betakoronawirus bilen kesellän adamlarda ýokuşma başlanyndan 90 gün soň ýene-de kesele duýgurlygyň döremegi mümkin. Eger adam 90 günüň dowamynda COVID-19 alamatlaryny gaýtadan duýup başlasa we barlagy ýene položitel çyksa, ol ýokanç keseller hünärmeni we lukman bilen maslahatlaşmaly we özüni köpçülikden çetleşdirmeli.

COVID-19 bilen kesellän adamlar adatça antikor diýilýän immun molekulalaryny öndürýärler we wirus bilen täzeden kesellemeýärler. Antikorlary anyklaýyş barlaglary arkaly COVID-19-dan gutulan adamlarda wirusyň täzeden ýokuşmagyna garşy immunitetiň bardygyny ýa-da ýokdugyny tassyklaýan subutnama henize çenli tapylmady.

Meýletinçileri ýakyndan yzarlaýan COVID-19 waksina barlaglary immunitet we gaýtadan kesellemegiň öňüni alyş şertleri hakynda has köp maglumat berer.

  • 245 gezek okalan