• Makalalar
  • COVID-19
  • HAJATHANALARDA COVID-19 ÝOKUŞYP BILÝÄRMI?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

HAJATHANALARDA COVID-19 ÝOKUŞYP BILÝÄRMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Covid 19 hajathanalardaHajathananyň suwy gowberilen wagty, güýçli suw aýlawy täreti aerozollaşdyrýar we bioaerozol bölejikleri emele gelýär. Bioaerozol bölejikleri tä hajathananyň wentilýasiýa ulgamy ýa-da howa filtrleri arkaly sorulyp çykarylýança, howada gaýmalap, gaty üstlere ornaşmagy ýa-da dem arkaly adamyň içine düşmegi ahmal.

Barlanan täret nusgalarynda janly SARS-CoV-2 wiruslary tapyldy. Bu hajathanalaryň ýokuşma ojagy bolup biljekdigini aňladýar. Muňa garamazdan, şu wagta çenli şeýle ýol bilen COVID-19 ýokuşma hadysasy tassyklanmady. Emma, hajathanalarda wentilýasiýa işletmek, äpişgeleri açmak, unitazyň gapagyny ýapyp suwuny göýbermek we elleri mazaly ýuwmak ýaly ýönekeý öňüni alyş çäreleri hökmanydyr.

2003-nji ýylda Hytaýda SARS ýokançlygynyň ýaýrap başlan ýaşaýyş binasyna lagym (kanalizasiýa) ulgamynyň bugarma ýoly birikdirilen eken. SARS-CoV-2 bilen bagly täze barlaglaryň netijeleri hem şeýle ýagdaýy tassyklady. Iki ýagdaýda-da, poldaky boş sifonlar (başgaça p- ýa-da u- şekilli sifon) binananyň turbageçirijilerinde buglaryň gaýmalap, beýleki jaýlara geçmegine ýol berýär eken.

Lagym ulgamlaryndan çykýan hapa buglaryň jaýlara geçmezligi üçin, hökmany suratda, poldaky suw drenažlaryna ýa-da beýleki seýrek ulanylýan hapa suw drenažlaryna biraz suw guýup goýmalydyr.

Çeşme: Johns Hopkins Bloomberg School of Public Health

  • 122 gezek okalan