• Makalalar
  • COVID-19
  • COVID-19 BARLAGLARYNYŇ HER HILI GÖRNÜŞI ÇYKDY. OLARYŇ HAÝSYLARY HOWPSUZ WE YGTYBARLYKA?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

COVID-19 BARLAGLARYNYŇ HER HILI GÖRNÜŞI ÇYKDY. OLARYŇ HAÝSYLARY HOWPSUZ WE YGTYBARLYKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

covid 19 barlaglarCOVID-19 barlagy (testi) tabşyrylanda esasy mesele howpsuzlyk däl-de, barlag netijeleriniň özüňi alyp barşy üýtgedýändigidir. Bu bolsa, howpsuzlyga täsir edip biler.

COVID-19 barlagy 2 kategoriýa bölünýär:

1. Anyklaýyş barlagy (häzirki wagtda sende keseliň bardygyny barlamak üçin).

2. Antibeden barlagy (saňa keseliň öň ýokuşyp görendigini barlamak üçin).

Bu barlaglaryň iň möhümi anyklaýyş barlagydyr. Çünki eger sende wirus bar bolsa, ony başgalara ýaýratmazlyk üçin zerur çäreleri görmeli.

Antibeden barlaglaryna hem talap artýar, sebäbi COVID-19 keselinden gutulan köp adam wirus olara indi ýokuşmaz diýip pikir edip, fiziki daşlygy saklamagy bes edip bilýärler. Beýle etmek howpludyr, çünki biz heniz wirusyň ikinji gezek ýokuşyp bilýändigini bilmeýäris. Şeýle-de, antibeden barlagy ýalňyş netijeleri hem berip bilýär. Bu bolsa adamlary wirusy geçirendiklerine we indi kesellemejekdiklerine ynanmaga iterýär. Şonuň üçin hem, maska dakynmagy we goranyş çärelerini berjaý etmegi dowam etmek möhümdir.

Ulanylan WEB Salgy

  • 1716 gezek okalan