• Makalalar
  • COVID-19
  • KORONAWIRUS GÖWRELILERE NÄHILI HOWP SALÝAR?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KORONAWIRUS GÖWRELILERE NÄHILI HOWP SALÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

covid 19 gowrelilikLukmanlar henizem wirusyň düwünçegiň ösüşine edýän täsiri barada kän bilmeýärler. Koronawirus ýokuşan göwreli aýallarda keseliň alamatlary adaty adamlaryňkydan üýtgeşik bolmaýar – ýagny, koronawirus ýokuşan göwreli aýallar hem edil beýleki adamlar ýaly üsgülewük, gyzzyrma, demgysma, kelleagyry we yslary saýgarmakda kynçylyklary başdan geçirýärler. Aýallaryň köpüsi birnäçe günde sagalyp gidýärler.

Käbir wiruslar göwreli aýallara uly howp salýar, emma COVID-19 wirusynyň howply wiruslaryň sanawyna girýändigi barada hiç hili subutnama ýok.

Göwrelilik döwründe ösüp barýan düwünçek enäniň öýkenine we ýüregine agram salyp başlaýar. Bu bolsa bedeniň gan aýlanyşygyny kynlaşdyrýar. Eger-de çaga garaşýan ene COVID-19 bilen agyr kesellese, bu onuň ýagdaýyny ýaramazlaşdyryp, dem almasyny kynlaşdyryp bilýär. Şeýle ýagdaýlarda lukmanlar enäni hassahanada ýakyn gözegçilikde saklaýarlar.

Koronawirusyň çaganyň aýrylmasyna sebäp bolýandygy barada hiç hili subutnama ýok.

Häzire çenli täze doglan bäbekleriň birnäçesine ejelerinden koronawirus ýokuşdy, emma olaryň ählisi gutulyp, hassahanadan boşadyldy.

Britaniýanyň Akuşerleriň we Ginekologlaryň Şa Kolledžiniň (RCOG) ylmy barlagynyň netijesi wirusyň düwünçegiň ösüşine howp salmaýandygyny görkezýär.

  • 1891 gezek okalan