• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • COVID-19
  • TÜRKMENISTANDA СOVID-19 GYZGYN LINIÝASY

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

TÜRKMENISTANDA СOVID-19 GYZGYN LINIÝASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

tm covid hotline28-nji martda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 24 sagat işleýän koronawirus boýunça, ilat üçin sorag-jogap gyzgyn liniýasyny açdy – 73-95-35.

Biz bu liniýa jaň edip, onuň haçan işe girizilendigi, günde näçe adamyň jaň edýändigi we nähili sorag berýändikleri barada soradyk. Jogap beren zenan mylakatlylyk bilen, günde ortaça 20 adamyň jaň edýändigini aýtdy. Jaň edýänler esasan koronawirusyň öňüni alyş çärelerine degişli soraglary soraýan ekenler. Biz "Ministrligiň koronawirusa degişli saýty barmy?" diýip hem soradyk. Biz şeýle websaýt ilatyň maglumat almagyny döwrebaplaşdyrar we ýeňilleşdirer diýip pikir edýäris. Meselem, Gazagystanyň Saglyk ministrligi koronawirus barada ilata gazak we rus dillerinde maglumat we hasabat berýän ýörite websaýt açdy. Operator şeýle saýtyň ýokdugyny aýtdy we bu barada goşmaça soramak üçin bir telefon belgi berdi.

Sen COVID-19 gyzgyn liniýasyna jaň edip gördüňmi? Näme soradyň? Näme jogap berdiler? Hyzmatyň hili nähilidi? Jogaplary bilen kanagatlandyňmy?

  • 660 gezek okalan