• Makalalar
  • COVID-19
  • BSGG REMDESIWIR WE BEÝLEKI DERMANLARDAN UMYDYNY ÜZÝÄR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BSGG REMDESIWIR WE BEÝLEKI DERMANLARDAN UMYDYNY ÜZÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

BSSG umydyny uzyarBSGG-nyň geçiren ylmy barlaglaryna görä, remdesiwir we beýleki bejergiler COVID-19 näsaglaryny ölümden halas etmekde, olaryň hassahanadaky wagtlaryny azaltmakda, ýa-da olary dem alyş wentilýatoryny ulanmakdan alyp galmakda hiç hili peýda bermeýär diýen ýaly.

11300 sany hassahana düşen näsaglaryň gatnaşmagynda 30 döwletde geçirilen ylmy-barlagyň netijeleri gidroksihlorohin, lopinawir / ritonawir, interferon, we remdesiwir dermanlarynyň täsiriniň ujypsyzdygyny görkezdi. Emma, heniz bu barlag resenzirlenmedi (syn ýazylmady).

Barlagdan esasy bellikler:

↪ Barlagyň netijeleri ABŞ-ny gynandyrýar. Çünki remdesiwir COVID-19-y bejermek üçin ABŞ-da ulanmaga rugsat berlen ýeketäk antiwirus dermany. Emma, Kaliforniýa uniwersitetiniň professory Peter Çin-Hoň barlagyň saglyk ulgamlary biri-birinden tapawutly ýurtlarda geçirilmegi "täsirlerini öwrenmesi kyn bolan durnuksyz bejergi protokollarynyň döremegine sebäp bolup biler" diýip belleýär.

↪ Remdesiwiri ýasaýan Gilead kompaniýasy barlagyň ygtybarlylygyna şübhelenýär. Kompaniýa netijeleriň durnuksyz hem-de biwagt alnandygyny aýdyp, remdesiwiriň peýdalaryny tassyklaýan ylmy-barlaglaryň bardygyny belleýär.

Science žurnalynyň işgäri Kai Kupferşmit bolsa, öz twitinde şeýle belleýär "Gilead kompaniýasynyň barlagyň netijelerini göreninden soňra, Ýewropa Bileleşigi bilen remdesiwir satmak barada şertnama baglaşmagy birnäçe sorag döredýär".

  • 1176 gezek okalan